Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň wiza şertlerindäki 'deňsizligi' türkmen sürüjileriniň ýoluny baglady


Türkmen-özbek serhedindäki ýük ulaglary. Arhiw suraty
Türkmen-özbek serhedindäki ýük ulaglary. Arhiw suraty

Özbek metbugaty türkmen sürüjileriniň serhetdäki “Farap” geçelgesinden Özbegistana goýberilmezligi netijesinde dörän krizisiň saklanyp galýandygyny, beýleki ýurtlaryň sürüjileriniň wiza almagynda we ýurda girmeginde hiç bir kynçylygyň ýokdugyny habar berýär. Türkmen sürüjilerine wiza berilmezligi resmi Aşgabadyň beýleki ýurtlaryň raýatlary babatynda alyp barýan wiza syýasaty bilen bagly bolup görünýär. Bu krizis apreliň ortalaryndan bäri dowam edýär we serhetde ýüzlerçe türkmen ulagynyň toplanmagyna sebäp boldy.

“LogiStan” telegram kanalynyň türkmenistanlylara wiza berilmezligi netijesinde dörän meseläniň 21-nji maýda hem çözülmändigini, ýagny bir aýdan gowrak wagt bäri dowam edýändigini aýdýar.

Neşiriň maglumatyna görä, Özbegistan, öňküsi ýaly, türkmen sürüjilerine wiza bermeýär; meseläniň haçan çözülip bilinjekdigi hem belli däl.

Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, iki ýurduň diplomatlary bu mesele barada gepleşik geçirýär, ýöne häzirlikçe ol ýa-da beýleki çözgüde gelip bilmändir.

“LogiStanyň” Daşkentdäki habarly çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, özbek häkimiýetleri türkmen ýük daşaýjylarynyň öňüni baglamak bilen, türkmen we özbek ýük daşaýjylarynyň wizalaryny resmileşdirmek şertlerindäki deňsizlige bolan nägileliklerini görkezýärler.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň çägine giren özbek sürüjilerinden ortaça $700 - $900 aralygynda pul alynýar, Özbegistanyň çägine giren türkmen sürüjilerinden bolsa bary-ýogy $200 alynýar.

Türkmenistanda özbek sürüjisiniň täze CMR blankasyny doldurmagy 200 dollara, ugur kartasy - 200 dollara, GPS enjamy - 20 dollara düşýär. Özbegistanda beýle tölegler asla alynmaýar diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, türkmen ätiýaçlandyryşy 100 dollar, özbek ätiýaçlandyryşy 15 dollar, şol bir wagtda özbek sürüjilerine türkmen wizasyny almak üçin 20 günden 40 güne çenli wagt gerek, türkmen sürüjileriniň özbek wizasyny almagy üçin üç gün ýeterlik bolýar diýip, “LogiStanyň” çeşmesi iki ýurduň sürüjilere çemeleşmesiniň arasyndaky uly tapawuda ünsi çekýär.

“Şu ýylyň aprel aýynyň aýagynda sürüjilere döredilýän şertleriň arasyndaky deňagramsyzlygy aradan aýyrjak ylalaşygyň tassyklanylmagy meýilleşdirildi, emma türkmen wekiliýeti ahyrynda oňa gol çekmekden ýüz öwürdi, bu ýadaý birinji gezek bolmaýar” diýip, çeşmeleriň biri “LogiStan” neşirine aýtdy. Ol bu meseläniň ýyllap maslahatlaşylýandygyny hem sözüne goşdy.

Türkmen we özbek sürüjileriniň goňşy ýurduň çägine geçmegi bilen bagly şertleriň arasyndaky uly tapawudy Azatlygyň Özbek gullugynyň ýerli çeşmesi hem tassyk etdi.

Türkmenistanyň resmi we resmi däl metbugaty, şol sanda sürüjileriň özleri türkmen özbek serhedinde bir aýdan gowrak dowam edýän wiza meselesi barada hiç bir zat aýtmaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, birnäçe ýyl mundan öň Eýrandan ýük getirýän täjigistanly sürüjileriň türkmen çägine goýberilmezligi netijesinde dörän krizis ozaly sürüjileriň özleriniň resmilere we metbugata ýüz tutmagy bilen mälim bolupdy.

Türkmenistan diňe beýleki ýurtlaryň sürüjilerine däl, öz sürüjilerine hem emeli kynçylyk döredýär.

Mysal üçin, Farap gümrükhanasyndan Özbegistana geçmek üçin Lebap welaýatynda bir hepde çemesi garaşmaly bolýan türkmen sürüjileriniň Azatlyga ýetiren habary bu şeýle kynçylyklaryň biriniň azalmagyna sebäp boldy.

Ýatlatsak, Azatlyk 2022-nji ýylyň oktýabrynda ýerli sürüjileriň Farap geçelgesine göni baryp bilmän, ilki Çärjew etrabyndaky awtoduralgada dört gün çemesi nobata durup, soň serhet geçelgesinde hem azyndan iki gün garaşmaly bolýandygyny habar beripdi.

Türkmen sürüjileri şonda bu talabyň ýurt çäginden geçýän daşary ýurt ulaglaryna degişli däldigini aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG