Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Halk Maslahaty geçýär, raýatlar durmuşyna täsir ýetirjek tekliplerden howatyr edýär

Halk Maslahatynyň mejlisi. Türkmenistan (arhiw suraty).
Halk Maslahatynyň mejlisi. Türkmenistan (arhiw suraty).

23-nji sentýabrda Aşgabadyň "Maslahat köşgünde" geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisine onuň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlyk edýär.

Resmi habarlarda aýdylyşyna görä, mejlisiniň gün tertibine halkyň "bagtyýar we abadan durmuşyny" üpjün etmäge, şeýle-de ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen "möhüm meseleler" girizilipdir. Emma gün tertibinde garaljak meseleler resmi maglumatda anyklaşdyrylmady.

Döwlet mediasynda çap bolan gysga habara görä, Halk Maslahatynyň başlygy mejlisi açyp, Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny, ähli ugurlarda, şol sanda durmuş-ykdysady ugrunda belent sepgitlere ýetendigini ýygnanlara aýdypdyr.

Halk Maslahaty Türkmenistanyň iň ýokary wekiller organy bolup, onuň ýylda geçirilýän mejlislerinde orta atylyp, halkyň sosial-ykdysady ýagdaýyna gönüden-göni täsir ýetirýän teklipler soň kanuna öwrülýär.

Ilat maslahata aladaly syn edýär

Türkmenistanlylar her ýyl Halk Maslahatynyň öňýany mejlisde gozgaljak meseler barada öňünden alada edýärler. Sebäbi soňky ýyllarda, ilat üçin gaz, suw, tok ýeňillikleri ýatyrmak, aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek ýaly teklipler öňe sürlüpdi.

Geçen ýyl Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklibiniň öňe sürlülmegi, aýratyn hem onuň ýaşy uly gatnaşyjynyň üsti bilen hödürlenmegi köpleri geň galdyrypdy. Halk Maslahatyna we ýurda baştutanlyk edýän ýolbaşçylar şol teklibi şonda ne makullapdy, ne-de ret edipdi. Muňa garamazdan, yzýany şol teklip durmuşa geçirilipdi.

Häzirki prezidentiň kakasy we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky organyň ýyllyk maslahatynyň gün tertibi barada şu ýyl hem hökümet agzalary tarapynda, Halk Maslahatynyň resmi websaýtynda we döwlet mediasynda anyk maglumat berilmedi.

Bu maglumat boşlugynda ilat arasynda dürli çaklamalar edildi.

Azatlyk Radiosy bilen soňky aýda gürrüňdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi "pensiýalaryň ýatyrylmagyndan", hususan-da işleýän pensionerleriň pensiýa tölegleriniň ellerinden alynmagyndan howatyr edýändigini aýtdylar.

Häzirki wagtda bilim we saglygy goraýyş pudaklarynda işlemegini dowam etdirýän pensionerler aýlyk haklaryny we pensiýalaryny bir wagtda alýarlar. Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan pudak wekilleri bolar öýdülýän çäklendirmäniň özleriniň aýlyk girdejisini ep-esli azaldyp biljekdigini aýtdylar.

Kanuna görä, Halk Maslahatynyň häzirki düzümine Türkmenistanyň prezidenti, Mejlisiň başlygy, Ýokary kazyýetiň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Mejlisiň agzalary, hökümetiň agzalary, Ombudsmen, baş prokuror, adalat ministri, welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary girýär.

Häzirki mejlisi berk howpsuzlyk çäreleriniň üpjün edilmeginde geçýär.

Aşgabadyň köçelerinde pyýadalar saklanyp, olaryň dokumentleri barlanýar, paýtagta barýan awtoulaglarda berk barlag geçirilip, welaýat belgili awtoulaglar şähere salynmaýar, diýip, Azatlygyň habarçylary soňky günlerden paýtagtdan habar berdiler.

  • Halk Maslahaty 1992-nji ýylda Türkmenistanyň iň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde döredilip, gönüden-göni Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edip, halkynyň bähbitlerini goramak üçin döredilipdi. 2500 müň agzaly bu edara 2008 ýylda ýatyryldy.
  • Halk Maslahaty 2018-nji ýylda täzeden dikeldildi.
  • 2021-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistan iki öýli parlamente geçdi we Halk Maslahaty onuň ýokary öýüne öwrüldi. Şol wagtky rezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze parlamentiň başlygy boldy.
  • 2023-nji ýylyň başynda Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary edarasy hökmünde kesgitlendi we oňa prezident wezipesinden 2022-nji ýylda çekilen Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçy bolup galdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG