Şu günler Aşgabatda howpsuzlyk çäreleri güýçlendi, köçelerde güýç edaralarynyň wekilleriniň sany köpeldi, ulaglara we pyýadalara berk gözegçilik edilýär, raýatlaryň dokumentleri barlanýar. Bu çäreler paýtagtda 23-nji awgustda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňýany amala aşyrylýar.
"Köpgatly jaýlaryň arasynda eli rasiýaly graždan eşikli organ işgärleriniň gezip ýörenlerini görse bolýar" diýip, habarçymyz paýtagtdan habar berdi.
Ýurduň başga sebitlerinden paýtagta barýan awtoulaglara aýratyn gözegçilik edilýär.
"Welaýat belgili awtoulaglar Gäwursden bäri goýberilmeýär. Aşgabadyň belgisi bolan awtoulaglar şähere girende güýçli barlagdan geçirilýär. Her bir awtoulag azyndan 5-10 minut saklanyp, barlanýar" diýip habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, awtoulaglarda geçirilýän barlaglaryň çäginde ulagyň içi we ýük salynýan bölekleri barlanýar, sürüjiniň we ýolagçylaryň pasportlary barlanýar.
Azatlygyň habarçylary paýtagtda şeýle howsuzlyk çäreleriniň geçen hepdäniň ortalaryndan bäri göze ilýändigini aýdypdy. Aşgabada barýan ýollaryň ählisinde awtoulaglaryň uly nobatlarynyň dörändigi, ulagly barýan raýatlaryň şähere girmek üçin nobatlarda garaşmaly bolýandygy habar berlipdi.
"Welaýatdan paýtagta işe gelen adamlaryň köpüsi goýberilmedi we olara Halk Maslahaty geçýänçä öýlerinde bolmalydygy aýdyldy" diýip, paýtagtly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, paýtagtda işleýän, emma şäheriň daşynda ýaşaýan raýatlara şu günler has-da agyr düşýär.
"Her gün işe we soň işden ýaşaýan ýerimize gaýdanymyzda polisiýa işgärleri saklap, näme sebäpden Aşgabada gelendigimizi soraýar. Işleýän ýerimizden ýanyň bilen işleýänligimiz hakynda subutnama, ýagny sprawka götermek soralýar. Emma hususy kärhanalar, dükanlar beýle sprawka bermeýär. Şol sebäpden yzymyza gaýtmaly bolduk" diýip, welaýat ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Paýtagtdaky bu howpsuzlyk çäreleri barada resmi habar we düşündiriş bermeýän häkimiýetler şu günler Halk Maslahatynyň ýylda bir gezek geçirilýän nobatdaky mejlisine taýýarlanýarlar.
Türkmenistanyň iň ýokary wekiller organy bolan Halk Maslahatynyň şu ýylky mejlisi 23-nji sentýabra bellendi. Häzirki prezidentiň kakasy we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky organyň ýyllyk maslahatynyň garaşylýan mejlisiniň gün tertibi barada köpçülige edaranyň websaýtynda we döwlet mediasynda anyk maglumat çap edilmedi.
Maglumat boşlugy ilat arasynda aladalanmalary artdyrdy, sebäbi ozalky ýyllarda ilat üçin sosial ýeňillikleri ýatyrmak we aýlyklary, pensiýalary, maýyplaryň kömek pullaryny ýokarlandyrmazlyk ýaly kararlar öňünden agzalmazdan, hut Halk Maslahatynyň ýyllyk mejlislerinde kabul edilipdi. Şu sebäpden türkmenistanlylar şu sapar hem öz durmuş ýagdaýyny has hem agyrlaşdyryp biljek kararlaryň kabul edilmeginden howatyr edýär.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanlylar hem Halk Maslahatynyň kararlaryndan, hem-de onuň mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly çäklendirmelerden nägile bolýarlar.
"Halk Maslahaty bilen biziň nähili dahylymyz bar, biz ýöne bir garyp işgär, welaýatda oňaýly iş bolmanlygy sebäpli merkeze gaýdýarys. Onda-da rahatlyk ýok. Bu howpsuzlyk işleri maslahat geçip dynýança dowam eder" diýip, paýtagtda işleýän ýene bir welaýat ýaşaýjysy aýdy.
Paýtagt Garaşsyzlyk senesine taýýarlanýar
Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleri döwlet baýramçylyklarynda we ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalaryň öňüsyrasynda mydama güýçlenýär.
Aşgabatda şu günler diňe bir Halk Maslahatyna taýýarlyklar bilen çäklenilmeýär. Paýtagtda Garaşsyzlyk baýramynyň golaýlamagy hem duýulýar, köçelerde uly şygarlar - bannerler peýda boldy we Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mahabat edilýär.
27-nji sentýabrda bellenýän baýramçylykda geçiriljek köpçülikleýin ýöriş üçin uly taýýarlyklaryň bir bölegi paýtagtyň baş münberiň daşynda göze ilýär.
Aşgabadyň günortasyndaky Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän münberiň öňünde daňdan agşama çenli harbylardan we býujet işgärlerinden düzülen toparlar ýöräp, dürli maşklary ýerine ýetirmeli bolýarlar.
"Dabaraly we nyzamly ýörişe gatnaşdyrylýan harby gullukçylar we esgerler bäş welaýatda ýerleşýän harby birikmelerden saýlanyp getirildi, olar täze eginbaş bilen üpjün edildi" diýip, bu maşklaryň guramaçylygyndan habarly çeşme gürrüň berdi.
"Ýöne harby ýörişden soň, serkerdeler we esgerler paýlanyp berlen egin-eşikleri yzyna tabşyrmaly bolýarlar" diýip, ol sözüne goşdy.
Emma harbylara baýramçylyk çäreleri sowulýança wagtlaýyn ulanmak üçin berlen toý lybaslary döwletiň hasabyna satyn alnan bolsa, býujet işgärlerine paýlanýan eşikler üçin olaryň zähmet hakyndan pul tutulýar.
Bu ýagdaýdan habarly çeşmeleriň Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, döwlet edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna Garaşsyzlyk baýramyny "şowhunly sowmak üçin çykdajylary üpjün etmek boýunça" tabşyryk berlipdir.
"Söwda ministrliginiň garamagyndaky dükanlaryň müdirleri ýigrimi müň manatdan toplap, ministrliginiň degişli ýokary wezipeli çinownigine näresmi ýagdaýda gowşurmaly bolsalar, çakyr zawodyň direktorlary elli müň manatdan toplamaly edilýär" diýip, söwda pudagyndaky çeşme aýtdy.
Döwlet toý tutýar, ilata agram düşýär
Döwlet derejesinde uly tutumly bellenýän Garaşsyzlyk baýramy her ýyl gatnaşyjylardan we edara-kärhanalaryndan üçin uly maddy we wagt çykdajylaryny talap edýär. Ilat köpçüligi bolsa, dürli oňaýsyzlyklara, şol sanda howpsuzlyk çäklendirmelerine sezewar bolýar.
Paýtagta gazanç üçin barýan welaýat ýaşaýjylary işini dowam etdirmek mümkinçiliginden mahrum bolýar, olar polisiýa tarapyndan tutulyp, zor bilen welaýatlara ugradylýar. Polisiýa köçelerde hor-homsy, köne eşikli adamlary hem tutýar.
"Ýurda ykdysady we syýasy ýagdaýyň ýaramazlaşýan wagty, Türkmenistanyň hökümeti kynçylyklaryň üstüni ýapmak we daşary ýurtlularyň syýasy synçylarynyň gözüne çöp atmak üçin döwlet derejesinde geçirilýän Garaşsyzlyk baýramyny haýbatly geçirmäge ýykgyn edýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk bilen pikir paýlaşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum