Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda rus wizasyny almak isleýänleriň ýüzlerçe adamlyk nobaty döredi


Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy. Aşgabat. Mart, 2024
Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy. Aşgabat. Mart, 2024

Türkmenistanda rus wizasyny almak isleýän raýatlaryň sany ýokary bolmagyna galýar. Ýurtda migrasiýanyň möçberi barada resmi sanar çap edilmeýärkä, biometriki pasporty, daşary ýurtlara wizalary we daşary ýurtlara çykmak üçin talap edilýän dürli resminamalary almak isleýänleriň sany gitdigiçe artýar. Azatlygyň habarçylary rus wizasyny almak bilen bagly soňky ýagdaýlar barada Aşgabatdan habar berýärler.

Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky konsulhanasynyň öňünde Türkmenistanyň raýatlarynyň uly nobatlary döredi. Bu barada habar berýän Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, bu ýerde öz nobatyna garaşyp duran ýüzlerçe adamyň aglabasyny rus wizasyny alyp, Orsýete gazanç üçin gitmegi planlaşdyrýanlar düzýär. Olaryň arasynda hem erkek adamlar, hem-de aýal maşgalalar bar.

"Welaýatlardan gelen adamlar, 300-den gowragy konsullygyň öňünde näme etjeklerini bilmän alada galyp otyrlar" diýip, habarçymyz belleýär.

Habarçy adamlaryň rus wizasy üçin ýüz tutmagyň düzgünleriň üýtgändigini, nobata ýazylmak üçin Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň websaýty üsti bilen onlaýn görnüşinde ýazylmalydygyny bilmän göni konsulhana barandygyny aýdýar.

"Adamlar öňünden ýazylan hem bolsalar, ýazyldym diýip, konsulhana gelýän raýatlara 'siz ýazylandan soň hem her gün saýta täzeden girip, öz nobatyňyzy tassyklap durmaly, eger mysal üçin iýun aýynyň bir gününe ýazylan bolsaňyz, şoňa çenli günde tassyklamasaňyz, nobatdan öçürilýärsiňiz' diýip, täzeden nobata ýazylmagy talap edýärler" diýip, habarçymyz nobatda duranlara salgylanýar.

Bu aralykda Türkmenistanda Orsýetde iş hödürleýän araçylar hem köpelipdir.

Aşgabatdaky çeşmeleriň maglumatlaryna görä, araçylar türkmen raýatlaryna, hususan-da, Orsýetiň gurluşyk pudagynda işlemek üçin mümkinçilik hödürleýärler.

"Araçylar wiza almakda kömek hem hödürleýärler. Araçy hyzmatyny hödürleýän adamlar Türkmenistanyň raýatlary, emma olar konsulhana bilen hyzmatdaşlyk edýärler" diýip çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosy Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasyndan we konsullygynyň resmilerinden maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistandan Orsýete gidýän raýatlaryň sany soňky ýyllarda has köpeldi. Orsýet raýatlygy bolup, göçüp gidýänlerden, ýa-da göçüp gitmek üçin rugsat aljak bolýanlardan daşary, Orsýete gazanç üçin gidýänler hem köpeldi.

Türkmen raýatlarynyň arasynda zähmet migrasiýasyna gidýänleriň umumy akymynyň artmagy bilen bir wagtda Türkiýäniň türkmen raýatlarynyň syýahatçylygy we ýurtda bolmagy üçin talaplaryny güýçlendirmegi zähmet migrasiýanyň hasabyna gün görýän türkmenistanlylary başga ýurtlary saýlap almaga mejbur etdi we Orsýete gidýänleriň sanynyň köpelmegine täsir ýetirdi.

Orsýetiň Ukrainada alyp barýan uruşy zerarly, bu ýurtda urşa ugradylmak howpunyň artmagy türkmen migrantlarynyň bu ýurda gitmek isleglerini gowşatmady. Bu ýagdaý Orsýetde daşary ýurtlulary, şol sanda merkezi aziýaly zähmet migrantlaryny urşa ugratmak ýaly mejburlyk ýa-da hile bilen bagly hadysalaryň köpelen wagtyna gabat geldi.

Bu aralykda Orsýetden Türkmenistana gaýdyp gelýänleriň sany hem köpeldi.

Orsýetde güýçlenýän ykdysady problemalar we migrantlara bolan gatnaşygyň ýaramazlaşmagy diňe bir türkmenleriň däl, eýsem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň raýatlaryny soňky aýlarda bu ýurtdan gaýtmaga mejbur etdi.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky işsizlik we ykdysady problemalar zerarly ilaty migrasiýa garaşly bolan bu ýurtlaryň hökümetleri üçin soňky tendensiýalar uly problemalary döretdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG