Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Aşgabatdaky dükanlarynda bazar bahasyndan arzan nyrhda towuk budy satylyp başlandy. Ýöne ýurtda mal etiniň gymmatçylygynyň dowam edýän mahalynda satuwa çykarylan bu towuk budunyň hili alyjylaryň köpüsinde nägilelik döretdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Şu hepdäniň başyndan döwlet dükanlarynyň aglabasynda bir kilogramy 35 manatdan bolan arzan towuk eti satylyp başlandy. Hususyýetçilerde bir kilogram towuk eti takmynan 55 manat we elin towuklaryň bir kilogramy 110-140 manat aralygynda bahalanýan mahaly, ilkibada arzan towuk buduny satyn almaga baran adamlar köp boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýöne arzan towuk buduny satyn alyp, öýlerine gelen alyjylaryň köpüsi lapykeç boldy. Muňa towuk etiniň hili, onuň gaplanan plastik paketi açylan badyna ondan gelýän ýiti ýakymsyz ys sebäp boldy.
“Satylan haryt yzyna alynmaýar”
“Plastik paketlere gaplanan towuk etiniň daşyndaky ýazgysynda onuň ýaramlylyk möhleti geçmedik hem bolsa, ony açan badyňa ondan örän güýçli ýakymsyz, porsy ys gelýär. Etiň reňki hem adaty towuk etiniň reňkinden birneme tapawutlanyp, sarymtyk öwüsýär” diýip, aşgabatly alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Alyjylaryň ençemesi towuk buduny bişireniňden soňra-da onuň ýakymsyz ysynyň aýrylmaýandygyny aýdyp, onuň saglyga ýetirip biljek zyýanyndan howatyrlanýar.
"Towuk eti zaýa çykýanlygy sebäpli bir satyn alan adam ikinji gezek satyn almaýar" diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, ýaşaýjylaryň sözlerine görä, dükan satyjylary alyjylaryň towuk budunyň hili, ýakymsyz ysy barada edýän şikaýatlaryna kanagatlanarly jogap bermeýärler.
“Towuk buduny yzyna tabşyrmak isleýän raýatlaryň towuk buduny hem ‘satylan haryt yzyna alynmaýar’ diýip, yzyna almaýarlar. Döwlet çinownikleri ‘dükanlarda azyk harytlar barmy? Bar’ diýilse bolany. Olar dükan tekjelerinde bir zatlar bolsa, bolýar diýip, azyk harytlarynyň hili we ýaramlylygy bilen gyzyklanmaýarlar we başdan sowma edýärler” diýip, aşgabatly ýene bir alyjy anonimlik şertinde aýtdy.
Dükan satyjylarynyň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda alyjylaryň nägileliklerini, şol sanda towuk budunyň hiliniň ýaramazdygyny boýun alyp, munuň olaryň ammarlardaky ýa-da logistika döwründäki saklanyş şertleri bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden we Aşgabat şäheriniň Söwda müdirliginden teswir alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň 6-njy oktýabrda ministrligiň we müdirligiň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Mal eti dört aýda azyndan 70% gymmatlady
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal satuwa çykarylýan käbir azyk önümleriniň, şol sanda towuk budunyň, unuň ýa-da çöregiň hiliniň ýaramazdygy barada Azatlygyň habarçylary mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.
Geçen aýyň ortalarynda Mary welaýatyndaky habarçymyz sebitiň döwlet dükanlarynda satuwa çykarylan towuk budunyň hiline ünsi çekip, olarda ýakymsyz ysyň bardygyny aýdypdy. Muňa garamazdan, ol önüme islegiň uly bolmagynda galýandygyny, sebäbi köp maşgalanyň has gymmat et satyn almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny belläpdi.
Habarçylarymyz ýurtda diňe arzan bahadan satylýan etiň hasabyna özleriniň et iýmitini üpjün edýän hojalyklaryň sanynyň sanardan kändigini aýdyp gelýärler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty azyk gymmatçylygy, we munuň fonunda amal edilýän arzan azyk önümleriniň çäkli satuwy we olaryň hili baradaky nägilelikler hakynda aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda käbir azyk önümleriniň, şol sanda towuk budunyň we günebakar ýagynyň arzan bahadan satuwynyň nobatdaky gezek ýola goýulmagy, ýurtda mal etiniň soňky dört aýdan hem az wagtyň dowamynda azyndan 70% gymmatlan mahalyna gabat geldi. Iýul aýynda Ahalyň we Aşgabadyň bazarlarynda bir kilogram çylka sygyr eti 140 manat bahalanýardy.
6-njy oktýabrda paýtagtyň birnäçe bazaryna aýlanyp gören habarçymyz bir kilogram çylka sygyr etiniň 240 manat we 1 kilogram goýun etiniň 190 manat bahalanýandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum