Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ilat çäkli möçberde satylýan towuk budunyň ýany bilen rezin şypbyk satyn almaga mejbur edilýär

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda arzan bahadan satuwa çykarylýan towuk budy (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda arzan bahadan satuwa çykarylýan towuk budy (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň döwlet dükanlarynda ilata towuk budy çäkli möçberde satylyp başlandy. Alyjylar towuk budunyň ýany bilen rezin şypbyklary hem satyn almaga mejbur edilýärler.

Bu aralykda, döwlet dükanlarynda ilata çäkli möçberde satylýan towuk butlary hususyýetçiler tarapyndan aç-açan we çäksiz möçberde tas iki esse gymmat bahadan satylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Döwlet dükanlarynda her bir adama takmynan 600 gram agramy bolan bir sany towuk buduny satýarlar, ikinjini satyn almaga rugsat bermeýärler. Dükanlaryň öňünde nobatlar emele geldi” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Towuk budy, onuň agramyna görä, 400 gram ýa-da 700 gram bolup bilýär. Onuň bahasy 29 manat, ýöne alyjylar onuň ýany bilen bahasy 20 manat bolan rezin şypbygy hem satyn almaga mejbur edilýärler.

“Şypbygy satyn almak islemeýänlere towuk budy satylmaýar. Şeýlelik-de, takmynan 600 gram towuk budy 49 manada düşýär. Mal we elin towuk etiniň gymmat bahalaryny nazara alyp, towuk buduny satyn almaga howlugýan adam kän” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Prezident: Netijeli işler alnyp barylýar

Habarçymyz sebitiň bazarlarynda mal etiniň bir kilogramynyň tas 200 manat, elin towuklaryň bolsa 110-140 manat aralygynda bahalanýandygyny belledi.

Bu maglumatlar prezident Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrdaky mejlisinde harytlaryň elýeterliliginiň we bahalaryň durnuklylygynyň üpjün edilýändigini aýtmagynyň yz ýanynda gelip gowuşdy.

“Ýurdumyzda harytlaryň elýeterliligi we bahalaryň durnuklylygy üpjün edilip, söwdanyň hili yzygiderli ýokarlanýar” diýip, prezident döwlet metbugatynda çap edilen çykyşynda aýtdy. Ol bazarlary ýerli oba hojalyk we azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça “netijeli işleriň alnyp barylýandygyny” hem öňe sürdi.

Bu aralykda, Balkanabadyň ‘Daýhan’ bazaryndaky döwlet dükanynda satyjylar towuk budunyň diňe şäherde ýazgyda duran raýatlara satylmagyny üpjün etmek üçin berk çäre görýärler.

“Satyjylar her bir alyjynyň pasportyny görüp, ýazgyda duran ýerini barlap, ony žurnala bellige alyp, soňra towuk buduny berýärler. Ýanynda pasporty bolmadyk we Balkanabatda ýazgyda durmadyk balkanlylara towuk budy satylmaýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.

Ýaşaýjylar bularyň balkanabatlylaryň gaýtadan gelip, ikinji towuk buduny satyn almazlygy üçin edilýän çäredigini hem belleýärler.

“Nobatlaryň surata we wideo düşürilmezligi üçin...”

Mundan başga-da, döwlet dükanlaryndaky nobatlara Milli howpsuzlyk ministrliginiň ilat arasynda “7-nji bölüm” atlandyrylýan edarasynyň işgärleri tarapyndan berk gözegçilik edilýär.

“Raýat eşigindäki bu howpsuzlyk işgärleri nobata duran adamlaryň mobil telefonlaryny ulanyşyna gözegçilik edip, nobatlaryň surata we wideo düşürilmezligi üçin garawulçylyk çekýärler” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, döwlet dükanlarynda ilata çäkli möçberde satylýan towuk butlary hususyýetçiler tarapyndan aç-açan we çäksiz möçberde tas iki esse gymmat bahadan satylýar.

“Şol bir gapdaky, şol bir firmanyň logotipi ýerleşdirilen towuk butlary hususy dükanlarda we hususyýetçilerde 55-56 manatdan satylýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Şäheriň döwlet dükanlaryndaky biri-birinden habarsyz birnäçe satyjynyň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, ilata arzan bahadan satylmagy üçin paýlanyp berlen towuk butlary howpsuzlyk işgärleri tarapyndan hususy telekeçilere satylýar.

“Arka gapydan gizlin çykarýarlar...”

“Olar söwda edarasy tarapyndan berlen towuk butlaryny dükanlaryň arka gapysyndan gizlin çykarýarlar. Açgöz çinowniklerimiz doýmany bilenoklar” diýip, dükan satyjysy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Balkan welaýat Söwda müdirliginden, Balkanabat şäher häkimliginden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 25-nji sentýabrda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Döwlet dükanlarynda arzan bahadan towuk budunyň satuwa çykarylandygy barada Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy hem maglumat beripdi. 24-nji sentýabrda sebitdäki habarçymyz döwlet dükanlarynda günebakar ýagy bilen towuk budunyň çäkli möçberde satylýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, ilat arasynda bazar bahasyndan tas iki-üç esse arzan nyrhdan wagtal-wagtal satuwa çykarylýan käbir önümlere, şol sanda towuk etine, günebakar ýagyna bolan isleg uly bolmagynda galýar.

Habarçylarymyz ýurtda diňe arzan bahadan satylýan etiň hasabyna özleriniň et iýmitini üpjün edýän hojalyklaryň sanynyň sanardan kändigini aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty azyk gymmatçylygy, we munuň fonunda amal edilýän arzan azyk önümleriniň çäkli satuwy barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG