Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada “Hazar deňzi-parahatçylyk we dostluk deňzi” atly maslahat geçirildi


“Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar
“Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar

12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi we ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle-de welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy diýip, türkmen DIM-i habar berýär.

Foruma gatnaşyjylar onuň netijelerini jemläp, Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy saklamagyň möhümdigi, Hazaryň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek hem-de onuň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän kuwwatyny ösdürmek işinde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda pikirlerini beýan etdiler.

Bu forum Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýewiň Ukrainanyň daşary işler minirstiniň birinji orunbasary Emine Japarowa bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Japarowa duşuşyk wagtynda Russiýanyň Hazar sebitinden ukrain şäherleriniň raýat infrastrukturasyna urýan raketa zarbalarynyň Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky konwensiýanyň düzgünlerini gödek bozýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG