Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada Hazaryň suwunyň azalmagy boýunça bilelikdäki komissiýa döretmek ylalaşyldy

Awazada 9-njy oktýabrda geçirilen Hazar ekologiýa sammiti
Awazada 9-njy oktýabrda geçirilen Hazar ekologiýa sammiti

Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynda 9-njy oktýabrda geçirilen Hazar ekologiýa sammitinde deňziň suw derejesiniň peselmeginiň sebäplerini öwrenmek we onuň ýaramaz täsirlerine garşy bilelikdäki çäreleri taýýarlamak üçin bäş döwletiň komissiýasyny döretmek ylalaşyldy. Karary Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň prezidentleri kabul etdi.

Şol gün Awazada tamamlanan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) sammitinde hem 15 resminama kabul edildi. Olaryň arasynda kiberjenaýatlara garşy maglumat alyşmagy giňeltmek we Arkalaşygyň hem-de oňa agza ýurtlaryň “oňyn keşbini” goramak baradaky kararlar bar.

Arkalaşygyň agzasy bolmadyk Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan GDA-nyň giňeldilen mejlisine ilkinji gezek ýörite myhman hökmünde gatnaşdy. Ol GDA bilen Tähranyň hyzmatdaşlygy üçin täze "GDA+1" görnüşini döretmegi teklip etdi. Emma sammitiň çap edilen jemleýji maglumatlarynda bu görnüşiň döredilendigi barada karar görkezilmeýär.

Hazar boýunça ilkinji mejlis 2027-nji ýylda geçiriler

Azerbaýjanyň APA habar agentliginiň çap eden karar tekstine görä, komissiýa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň hökümet baştutanlarynyň orunbasarlary, şeýle hem Eýranyň we Russiýanyň ýokary derejeli wekilleri girer. Mundna başga-da, komissiýanyň çäklerinde döwlet edaralarynyň wekillerinden, bilermenlerden we hünärmenlerden ybarat iş toparlary dörediler.

Hökümetlere üç aýyň dowamynda öz wekillerini bellemek tabşyrylýar. Komissiýanyň ilkinji mejlisi 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirilip, onda iş tertibi tassyklanmaly. Komissiýa suwuň azalmagynyň sebäplerini kesgitlemek bilen birlikde, onuň netijelerine garşy ylalaşylan çäreleri işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge jogapkär bolar.

Çap edilen bu kararda anyk taslamalaryň bahasy ýa-da olary maliýeleşdirmegiň möçberi görkezilmeýär. Häzirlikçe döwletler bilelikdäki işiň guramaçylyk esasyny ylalaşdylar.

Hazaryň suwunyň azalmagy gämi gatnawyna we kenardaky ýaşaýşa eýýäm täsir edýär. Azatlyk 2024-nji ýylda Awazada suwuň kenardan çekilýändigi, Türkmenbaşy portunyň golaýynda we gämileriň gatnaýan ugurlarynda deňziň düýbüni çuňaltmak işleriniň geçirilýändigi barada habar beripdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň "Azatlyk Aziýa" bölüminiň Awazadaky sammitlere gabat çap eden maglumatynda Gazagystanyň Aktau we Kuryk portlarynda-da şeýle işlere zerurlygyň ýüze çykandygy, suwuň peselmegi sebäpli gämilere doly ýük ýüklemegiň kynlaşandygy aýdylýar.

GDA-nyň sammiti

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maglumatyna görä, GDA sammitde kabul edilen konsepsiýa maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly edilýän jenaýatlaryň elektron yzlary boýunça döwletara maglumat binýadyny döretmegi göz öňünde tutýar. Şeýle maglumatlary ygtyýarly edaralaryň arasynda awtomatlaşdyrylan usulda alyşmak üçin sanly aragatnaşyk ýollaryny döretmek baradaky teklipler hem taýýarlanmaly.

"Oňyn keşbi" goramak baradaky karar bolsa GDA we oňa agza ýurtlaryň raýatlary barada 'jemgyýetde ýaramaz garaýyş döredip biljek maglumatlary ýaýratmakdan saklanmagy' göz öňünde tutýar.

2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Arkalaşyga başlyklyk Özbegistana geçer, nobatdaky sammit şol ýylyň oktýabrynda Buharada geçiriler.

Awazadaky duşuşyk Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy sebäpli Günbataryň Moskwa girizen sanksiýalarynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 9-njy oktýabrdaky çäkli düzümli mejlisde GDA ýurtlaryny söwda päsgelçiliklerini aýyrmaga çagyrdy. Ol ýurtlaryň milli derejede girizýän käbir çäklendirmeleriniň özara söwdanyň ösüşini haýalladýandygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti bilen gepleşikler

Hazar sammitinden soň Putin, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew we Pezeşkiýan üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Muny Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Interfax agentligine tassyklady. Bu görnüşli üçtaraplaýyn sammit soňky gezek 9 ýyl ozal geçirilipdi.

Peskowyň soňky beýanatyna görä, liderler dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika meselelerini maslahatlaşdylar. Täze ylalaşyklaryň gazanylandygy barada bu beýanatda maglumat berilmeýär.

Eýranyň prezidentiniň Awaza sapary ABŞ-Eýran gapma-garşylygynyň dowam edýän döwrüne gabat geldi. Putin bilen Pezeşkiýan 8-nji oktýabr agşamy hem aýratyn duşuşypdy. Şonda Putin Eýran töweregindäki urşy parahatçylykly çözmäge kömek etmäge taýýardygyny aýtdy. Pezeşkiýan bolsa Tähranyň ABŞ bilen araçylar arkaly teklipleri ylalaşmak isleýändigini öňe sürdi.

Ýerli ýaşaýjylar üçin çäklendirmeler

Ýokary derejeli duşuşyklar ýerli ilat üçin gatnaw we aragatnaşyk kynçylyklary bilen utgaşdy. Azatlygyň habarçysynyň 9-njy oktýabrda beren maglumatlaryna görä, Türkmenbaşyda we Awazanyň töwereginde polisiýanyň hem-de howpsuzlyk işgärleriniň gözegçiligi güýçlendirilip, käbir ýollar resmi ulaglardan başga gatnaw üçin ýapyldy.

Habarçy Awaza ýakyn ýaşaýyş etrapçasynda awtobuslaryň we taksileriň gatnawyna rugsat berilmändigini aýtdy. Onuň maglumatyna görä, Türkmenbaşyda TMCELL-iň we “Türkmentelekomyň” internet hyzmatlaryndan peýdalanmak düýpli kynlaşyp, gündizlerine telefon arkaly jaň etmekde-de bökdençlikler boldy.

Azatlyk sammitlere taýýarlygyň dowamynda Awazanyň myhmanhanalarynda dynç alýanlaryň möhletinden öň çykarylandygyny hem habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG