Balkan welaýatynda barha ýitileşýän işgär ýetmezçiligi sebäpli, uly gurluşyklaryň işi tasdan doly togtamak derejesine golaýlady, diňe gurluşykçylar däl, ulag sürüjileri, pedagoglar, lukmanlar, beýleki pudaklaryň işgärleri hem ýetmezçilik edýär diýip, çeşmeler habar berýär.
Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk işgär ýetmezçiligi bilen bagly anyk görkezijilere salgylanyp bilmeýär. Ýerli hünärmenler we synçylar işgär ýetmezçiligini emeli kynçylyklar, şol sanda işleýän adamlara tölenýän aýlyk haklarynyň dilden berilýän görkezme esasynda az saklanmagy bilen baglydygyny öňe sürýärler.
'Işgär meselesi barha ýiti duýulýar'
''Balkannebitgazgurluşyk'' trestiniň gurluşyk firmalaryna bölüp beren gurluşyk işlerinde, şäher häkimliginiň buýurmagy esasynda gurulýan köp gatly we howluly jaýlaryň gurluşygy gijikdirilýär, sebäbi işçi, işgär meselesi barha ýiti duýulýar diýip, çeşmeler aýdýar.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen hünärmenleriň sözlerine görä, diňe gurluşykçy däl, sürüji ýetmezçiligi hem gurluşyk işleriniň wagtynda ýerine ýetirilmezligine getirýär.
''Şäher awtobuslaryny sürýän sürüjiler az, şu sebäpli kadaly gatnaw ýok, bu gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerinden gijikdirilmeginiň diňe bir sebäbi'' diýip, transport hünärmeni aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan awtoulag ýolunyň gurluşyk işleri tasdan togtady, sebäbi 'asfalt ýazýan operatorlar ýok, greýdr we katok sürüjiler hem ýok, hususy firmalaryň ýüzlerçe tehnikasy boş dur'.
Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan awtomobil ýoly, resmi maglumata görä, Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ulag gatnawyny we haryt dolanyşygyny artdyrmaga gönükdirilen taslama bolup durýar.
Il içinde Balkanabat gurluşyk tresti diýip atlandyrylýan döwlet edarasy esasan nebit-gaz, senagat we raýat-ýaşaýyş desgalarynyň gurluşygy hem-de gurnama işleri bilen meşgullanýar. Bu edaranyň hünärmenleri işgär meselesini çözmegiň esasan iş şertlerini we aýlyklary ýokarlandyrmak bilen baglydygyny aýdýarlar.
Aýlyk baradaky bildiriş MHM-de 'nägilelik döretdi'
Azyndan iki hünärmeniň tassyklamagyna görä, gurluşykda işlemek isleýänlere sagadyna 40 we 70 manat aralygynda zähmet haky hödürlenýär, emma muňa garamazdan, işçi güýjüniň ýiti ýetmezçiligi saklanyp galýar.
''Biz imo messenjerinde bildiriş goýup, 'her bir sagat zähmetiňize, hünäriňize görä, 40, 70 manat aralygynda pul töleýäris' diýip aýtdyk. MHM-den we nalokdan adam gelip, bizi erbet gysdylar'' diýip, balkanabatly hünärmen salgytçylara, ýörite gullugyň ofiserine ýagdaýy düşündirmäge çalşandyklaryny gürrüň berdi.
''Ähli zadyň bahasy keýik şahynda, halk indi 3 müň manada işlemek islänok diýdik. Emma diňlemän, ilata kän pul bermezlik hakda dil haty, düşündiriş aldylar'' diýip, hünärmen bu talabyň özlerini bikanun işlere baş goşmaga itekleýändigini hem sözüne goşdy.
gurluşygy wagtynda, bellenen möhletinde tabşyr diýip, ýokardan häkimlik, aşakdan jaý eýeleri gyssaýar we, netijede biz, resminamada görkezmän, işçiler bilen gizlin, goşmaça hak töläp hasaplaşýarys diýip, hünärmen aýtdy.
Azatlyk bu hili maglumatlary öň hem alýardy we, görnüşinden, ilata kän pul bermezlik barada berilýändigi aýdylýan buýruk ahyrynda has çylşyrymly ýagdaýlara alyp gelýär.
Maglumat üçin aýtsak, ýurduň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow öz wagtynda türk firmasynda işleýän türkmenleriň alýan aýlyklaryny sorap, soň olaryň iş berijilerine ýerli işçilere beýle köp aýlyk bermezlik 'duýduryşyny' beripdi we bu bu görkezme döwlet telewideniýesinde ile äşgär edilipdi.
Pedagog ýetmezçiligi 'ulalýar'
Diňe gurluşykda däl, bilim pudagyndaky işgär, kadr meselesi hem barha çylşyrymlaşýana meňzeýär.
Balkan welaýatynyň bilim bölümindäki çeşmäniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, mekdeplerdäki mugallym ýetmezçiligi resmileri pensiýadaky pedagoglary yzyna, işe çagyrmaga mejbur edýär.
''Häzir kadr meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolup, haýyş esasynda, dynç alyşdaky mugallymlary işe gaýtadan getirdik. Olara hem 30 sagada çenli ýükleme berip, 1-2 ýyl işläp beräýiň diýip haýyş etdik'' diýip, hünärmen aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, döwlet bilim, ýokary bilim ulgamyna täzeden seretmeli we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän özgertmeleri haýal etmän durmuşa geçirmeli.
''Ýokary okuwa 27 ýaşdan geçen ýaşlary okuwa alman, kadr problemasyny döretdiler. Häzir ýokary bilim we orta hünär aljak adamlara, ösen ýurtlardaky ýaly, hiç bir çäklendirme goýman, 70 ýaşa çenli ÝOJ-larda okap, bilim almak mümkinçiligini döretmeli'' diýip, hünärmen öz pikirini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 4-5 ýyllap çäreden çäre gatnan talyplaryň 'bilýän zatlary ýok', adamlaryň wagtyny ogurlamagy bes etmeli, okuwyň hiline aýratyn üns bermeli, gaýybana bilim almak mümkinçiligini giňeltmeli.
''Görýäris welin, häzirki ýagdaýda okanlardan kän netije ýok. Hakyky bilim almak isleýänlere şert döretmeli. Şeýle edilse, kadr meselesi hem çözüler'' diýip, hünärmen soňky onýyllyklarda daşary ýurtda okap, daşary ýurtda işlemäge galmagy saýlanýan ýaşlaryň köpdügini hem sözüne goşdy.
'Döwlet gyssagly çäre görmeli'
Habarçymyzyň aýry-aýrylykda gürleşen bilim hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, bu boluşda ýene birnäçe ýyldan mekdeplerde has ýiti kadr ýetmezçiligi dörär we, döwlet haýal etmän, gyssagly çäreleri görmeli.
''Welaýatlardaky orta hünär tehnikumlaryny ÝOJ-laryň bölümlerine öwrüp, gerek bolsa 3 smenada, hatda gijeki smenada okuwlary ýola goýmaly, maýyplary hem okuwa almaly. Bu boluşda mekdepler ýene 3 ýyldan okatmaga mugallym tapmazlar'' diýip, bilim hünärmeni aýtdy.
Azatlygyň ýerli habarçylary, çeşmeler Türkmenistandaky işçi, hünärmen, kadr ýetmezligi, iş şertleri we aýlyk ýagdaýy, beýni göçi barada yzygiderli habar berýärler.
Habarçymyzyň iýul aýynda beren habaryna görä, ýurt ýolbaşçylarynyň iň ileri tutýan taslamasynda, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda hem işçi ýetmezçiligi uly mesele bolup, şäheriň ikinji tapgyrynyň açylyşynyň gijikdirilmek ähtimallygyny döredýär.
''Häzir bu ýerdäki hususy kärhanalarda ilkibada meýilleşdirileninden tas iki esse az ussa we işçi işleýär” diýip, Arkadagyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşýan ýerli gurluşyk kärhanalarynyň biriniň hünärmeni habarçymyza anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk degişli resmiler bilen habarlaşyp, ýurtdaky işçi, hünärmen, kadr ýetmezçiligi barada anyk soraglary berip bilmeýär. Türkmenistan garaşsyz metbugata düşündiriş bermeýär we döwlet eýeçiligindäki metbugat ýurt ykdysadyýetiniň 'bedew bady bilen ösýändigini' tekrarlap, uly ösüş sanlaryny çap etmegi dowam etdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum