Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan welaýatynda 300 iş orny boş dur, iş berijiler propiska soraýar


Balkan welaýatyndaky ýol ýazgysy.
Balkan welaýatyndaky ýol ýazgysy.

Türkmen mediasy ýurtdaky kadr ýetmezçiligini, zerur iş orunlaryny ýokary bilimli we ýörite hünärli işgärler bilen üpjün etmekdäki problemalary tassyklap, soňky birnäçe ýylda bildiriş çap etmegini dowam etdirýär.

“Balkan” gazeti Balkan welaýatynda 2019-njy ýylyň başyndan bäri boş duraniş orunlarynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawda welaýatdaky şäherlerde we etraplarda boş duran iş orunlary barada maglumat berilýär we habarlaşmak üçin salgylar, telefon nomerleri çap edilýär.

10-njy ýanwarda çap edilen maglumata görä, Balkan welaýatynda häzirki pursatda 300-e golaý iş orny boş dur. Bu iş orunlarynyň esasy bölegini saglygy saklaýyş we magaryf edaralaryndaky orunlar tutýar.

Hususan-da welaýatda saglygy saklaýyş işgärleri ýiti ýetmezçilik edýär. Resmi maglumata görä, ýurduň günbatar sebitinde 80-e golaý ýokary bilimli lukmanyň, 20-ä golaý ýörite orta bilimli şepagat uýasynyň iş orny boş dur.

Sanawdan görnüşine görä, etrap ýerleriniň hersinde azyndan 2-3 lukman orny boş duran bolsa, Türkmenbaşy, Balkanabat ýaly uly şäherlerde ýetmeýän saglyk işgärleriniň sany has kän bolup görünýär.

Magaryf işgärleri, mugallymlar barada aýdylanda, häzir Balkan welaýatynda 20-den gowrak ýokary bilimli mugallymyň, 7 sany ýörite orta bilimli pedagogyň iş orny boş dur.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, geçen ýylyň soňky çärýeginde çap edilen maglumatda welaýatda boş duran mugallym orunlary häzirkisinden tas iki esse kändi.

Şeýle-de welaýatda halyçylaryň, kärendeçileriň, kerpiç örüjileriň we beýleki hünärlerdäki işgärleriň ýetmeýändigi, onlarça iş ornunyň boş durandygy habar berilýär.

Bir tarapdan ýurtda işsizligiň uly meseledigi, adamlaryň iş gözläp daşary ýurtlara gidýändigi barada habarlar çykýar, ikinji tarapdan, ýylda ençeme gezek çap edilýän bildirişler işgär gözlenýändigini tassyklaýar.

Ýerli synçylar bu habarlaryň arasyndaky çaprazlygy sowet döwründen galan propiska problemasy bilen düşündirýärler.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň sözlerine görä, welaýatdaky lukman, mugallym ýetmezçiliginiň ýene bir sebäbi sebitdäki jaý ýetmezçiligi bilen bagly.

Türkmenbaşy, Balkanabat şäherlerinde boş duran iş ýerlerine ýerleşmekçi bolsaň, ozaly bilen şol şäherleriň özlerine ýa-da ýakyn gapdalyndaky ýerlere propiskaň, ýazgyň bolmagy talap edilýär.

"Eger bir alajyny tapyp, wagtlaýyn ýazga durup, işe ýerleşeňde-de kynçylyk gutarmaýar, sebäbi kireýine oturmaga jaý tapmak tas mümkin däl" diýip, işsizlik meselesini bu welaýatda çözmekçi bolan türkmen raýaty Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Işe baran adamlary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegi etrap häkimligi-de, şäher häkimligi-de öz üstüne almaýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran raýat sözüniň üstüni ýetirdi.

Munuň üstesine, başga etraplardan gelen işgärleri işe alan edara ýolbaşçylaryna hem, kanuny bozan hökmünde, çäre görülýändigi aýdylýar.

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodda 5 müň çemesi işçi işleýär, emma bu zawodyň ýolbaşçy kadrlaryny işden aýranlarynda bildirilýän esasy günäleriň biri olaryň beýleki etraplardan gelenleri işe almagy bolýar” diýip, sebitdäki iş orunlarynyň boş durmagynyň sebäbini öwrenen ýerli synçy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Balkan welaýaty territoriýasy boýunça ýurduň 30 prosentini tutýar, 1989-njy ýylda berlen soňky maglumata görä, bu sebitiň ýaşaýjylary ýurduň ilatynyň 11 prosentden sähel gowragyny düzýär.

XS
SM
MD
LG