Türkmenistanyň demirgazygynda etraplarda, şol sanda oba ýerlerinde elektrik togunyň üpjünçiliginde bökdençlikler döredi. Daşogzuň ilatly ýerleriniň ençemesinde elektrik energiýasy diňe gijelerine berlip, günüň dowamynda bolmaýar.
Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, bu etrapda elektrik energiýasy hepdede azyndan iki gezek tas tutuşlygyna öçürilýär.
"Elektrik toguny agşam gün ýaşanyndan soň berýärler. Ir sagat 9:00-da eýýäm elektrik togy öçürilýär" diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.
Daşoguzly birnäçe çeşmäniň aýtmagyna görä, elektrik togunyň guramaçylykly öçürilmegi welaýatyň dürli etraplarynda soňky birnäçe aýyň dowamynda ýüze çykýar.
Elektrik energiýasynyň yzygiderli öçürilip durmagy we uzak wagtlap bolmazlygy diňe ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna erbet täsir ýetirmän, eýsem hassahanalaryň işine we söwda nokatlaryna zyýan berýär.
"Tok öçen mahaly hassahanalar hem toksuz galýar. Etrap hassahanalarynda tok öçen mahaly elektrik energiýasyny wagtlaýyn üpjün etmek üçin generator hem goýulmaýar" diýip, hassahana işgäri gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu ýagdaýda hassahanalar ýerli elektrik edaralarynyň duýduryş bermegine garaşly bolýarlar we öz işini elektrik energiýasynyň.
"Etrap hassahanasynda elektrik togunyň öçüriljek mahaly elektrik stansiýasynyň işgärleri tarapyndan hassahanalaryň administrasiýasyna duýdurylýar we şol günki bolmaly operasiýalar yza süýşürilýär" diýip, boldumsazly lukman aýtdy.
Elektrik energiýasynyň yzygiderli häsiýetde köpçülikleýin öçürilmeginiň arasynda ýaşaýjylar we dürli kärhanalaryň, şol sanda söwda nokatlarynyň işgärleri haçan we näçe wagtlap toguň bolmazlygyndan bihabar galýarlar.
"Öýdäki sowadyjyda goýulýan iýmitler zaýalanyp dökmeli hala gelýär" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan dükan eýesi bolsa, etrapda azyk haryt dükanlarynda holodilniklerde duran süýtli önümleriň barsynyň zaýalanýandygyny, şol sebäpden telekeçileriň süýtli önümleri satmak üçin kän satyn alyp bilmeýändigini aýdýar.
Elektrik togunyň öçüriljek wagty barada çagalar baglaryna hem duýdurylmaýar. Bu ýagdaýda işgärler wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýärler.
"Çagalar bagynyň aşhanasynyň nahar bişirmeli plitalary tokly işleýär. Tok öçürilende aşpezler çagalary naharlamak üçin näme etjeklerini bilmeýärler. Tol öçen mahaly daşarda gazanda odun ýakyp, nahar bişirmeli bolýarlar. Köplenç günortanlyk üçin bişirilýän iki nahara derek çagalara bir nahar bermeli bolýar" diýip, çagalar bagynyň işgäri gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, çagalar bagyna goýberilýän azyk harytlary saklamak problemasy hem döreýär. Elektrik energiýasy öçürilende çagalara baglaryna adatça bir hepdelik goýberilen azyklaryň köpüsi zaýalanýar.
Çagalar baglarynda işleýän daşoguzly çeşmeleriň sözlerine görä, elektrik togunyň üpjünçiligindäki bökdençlikler ýygy-ýygyndan gaýtalanýar, emma işgärleriň bilim müdirligine edýän şikaýatlary kanagatlandyrylmaýar.
"Elektrik togunyň kesilmeginiň çäresini görmek barada sorasak olar 'pul ýygnap generator satyn alyň diýýärler. Generatorlaryň bahasy 30-40 müňe barýar. Çagalar bagyna satyn almak üçin bize ene-atalardan ýygnaň diýip, bilim müdürliginde aýtdylar. Olar problemany çözmegiň ýerine çykalgany bizden talap edýärler" diýip, daşoguzly bilim işgäri aýtdy.
Elektrik energiýasynyň köpçülikleýin öçürilmegi ýurduň ähli ilatly ýerlerinde, şol sanda paýtagtda ýyllarboýy ýüze çykýar.
Bu problemany hökümet derejesinde we döwlet mediasynda açyk agzalmaýan ýurt elektrik energiýasynyň uly mukdarda daşary ýurtlara eksport edýär. Türkmenistanyň elektrik energiýasyny Owganystan, Eýran, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan satyn alýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum