Türkmenistanda geçen hepdäniň ahyrynda Bedew baýramçylygy dabara bilen bellenip, Aşgabatda geçirilen çärä býujet işgärleriniň, ýaşulularyň we mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi mejbury gatnaşdyryldy.
Bu dabara zerarly welaýatlardan Aşgabada gelýän we paýtagtdan ýurduň sebitlerinde gidýän türkmenistanlylaryň müňlerçesiniň hereket azatlygy hem wagtlaýyn çäklendirildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji aprelde paýtagtdan maglumat berdi.
Adatça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Bedew baýramçylygy mynasybetli şu ýyl şenbe güni, 25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda dabaralar geçirildi we Pyýada atly bedewiň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde döwlet baştutanyna atlaryň ençemesi sowgat berildi.
Bu atlar paýtagt Aşgabadyň, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň adyndan gowşuryldy.
Şeýle-de, ýurduň atşynaslarynyň adyndan prezidente Arkahan we onuň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Daghan atly bedewler sowgat berildi diýip, resmi metbugat habar berýär.
Habarda bularyň “atçylyk pudagyny ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda tagallalaryna çäksiz hoşallygy alamatlandyrýandygy” bellenildi.
Resmi medianyň maglumatlarynda bu dabara býujet işgärleriniň, şol sanda sungat işgärleriniň, ýaşulularyň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň müňlerçesiniň gatnaşdyrylandygyny görse bolýar.
"Otlynyň sesi atlary bimaza edip, ürküzmez ýaly..."
Paýtagtly býujet işgärleriniň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, adatça bolşy ýaly çärä gatnaşmaga mejbur edilen ilat bu ýere ir säher bilen barmaly boldy. Olar dabara tamamlanýança ýedi sagat çemesi suwsuz we iýmitsiz saklandy.
Paýtagtyň atçylyk toplumynda geçirilen dabara diňe oňa gatnaşyjylara däl, eýse Aşgabatdan welaýatlara gidýän ýa-da ýurduň sebitlerinden paýtagta gelýän ýaşaýjylara, olaryň hereket azatlygyna hem oňaýsyz täsir etdi. Paýtagta gelmeli we ondan gitmeli otlularyň hem-de uçarlaryň köpüsiniň gatnawy wagtlaýyn togtadyldy.
“Gün tertibine laýyklykda, günüň birinji ýarymynda paýtagta gonmaly uçarlaryň we gelmeli otlularyň gatnawy at çapyşyk gutarýança, ýagny irdenden öýläne çenli gadagan edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly, paýtagtyň transport pudagyndaky çeşmämiz aýtdy.
Muňa laýyklykda, 25-nji aprelde irden Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinden Aşgabadyň demir ýol menziline gelýän otly Gypjak demir ýol menziline, Mary we Lebap welaýatlaryndan paýtagtyň demir ýol menziline gelýän otly Änew demir ýol menziline çenli geldi.
“Bu menzillerde otly wagonlarynda ýolagçylara hyzmat edýän işgärler ýolagçylardan otludan düşmegi we Aşgabada her kimiň öz hasabyna gitmelidigini aýtdylar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýolagçylaryň birnäçesi anonimlik şertinde aýtdy.
Olaryň sözlerine görä, otly işgärleri ‘häzir döwlet baştutanynyň atçylyk toplumynda at çapýandygyny” aýdyp, şeýle diýdiler:
“Otlynyň sesi atlary bimaza edip, ürküzmez ýaly, otlularyň Aşgabada barmagy wagtlaýyn ýatyryldy, gaýrat edip, her kim öz başyny çarap, ýola çykyp, taksi ýa-da kireýine marşrutka münüp, Aşgabada gidiň” diýip, ýolagçylaryň biri anonimlik şertinde beren maglumatynda otly işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.
"Ruhy we fiziki urgy..."
Ýolagçylaryň köpüsi sesini çykarman, aýdylany edip, goşlaryny göterip, ýola çykan bolsa, olaryň arasynda aç-açan nägileliklerini beýan edenler hem boldy.
“Biz Aşgabada çenli ýol kireýini töledik, getirmeli ýerine ýetirmän, Änewde biziň körümiz barmy. Häzir taksi saklasaň, her adam başyna iň azyndan 40 manat sorar. Onda pulumyzy gaýdyp beriň diýen ýolagçylar hem köp boldy” diýip, Aşgabada gelýän maryly ýolagçy anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, otly işgärleri “ýokardan berlen tabşyrykdygyny” aýdyp, özleriniň diňe tabşyrygy ýerine ýetirýändiklerini bellediler.
Paýtagtyň aeroportundaky çeşmämiziň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, uçar gatnawlary bilen bagly hem şuňa meňzeş ýagdaýlar gaýtalandy. Ýöne otly gatnawlaryndan tapawutlylykda, 25-nji aprelde paýtagtdan uçmaly we oňa gonmaly uçarlaryň käbirleriniň gatnawy yza süýşürildi we irden uçmaly uçarlar günortandan soňra uçdular.
“Döwlet baştutanlarynyň at çapmagy türkmenistanlylara ruhy we fiziki urgy bolup, kynçylyk we güzap döretdi” diýip, lebaply ýolagçy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň halkara aeroportundan we paýtagtyň demir ýol menzilinden, şol sanda “Türkmendemirýollary” hem-de “Türkmenhowaýollary” kärhanalaryndan resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda adatça baýramçylyklarda we bular mynasybetli geçirilýän dabaralarda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär, köçeler ýapylýar, ulaglar we raýatlar üçin hereket çäklendirmeleri we beýleki gadagançylyklar girizilýär. Bu dabaralara, çärelere býujet işgärleriniň, çagalaryň müňlerçesi gatnaşdyrylýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty onýyllyklaryň dowamynda gaýtalanyp gelýän bu çäklendirmeler we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum