Türkmenabatda iki çagaly bir ene etiň gymmatlamagy we gytalmagy sebäpli, çagalaryna iýmit üçin it eti diýlip hödürlenýän önümi satyn alandygyny aýdýar. Zenanyň sözlerine görä, bu et degişlilikde arzan bolup, kilogramy 60 manatdan satylýar.
"Men çagalaryma et bermek üçin it etini aldym. Näme edeýin? Elbetde, etiň özboluşly ysy bar, özi hem gaty" diýip, 30 ýaşlaryndaky zenan Azatlygyň habarçysyna 22-nji oktýabrda gürrüň berdi.
"Öňem kilogramy 200 manatdan geçýän sygyr etini alman oňýardyk, doňuz etini alýardyk. Indi şoňa-da güýjümiz ýetmeýär, ol hem soňky günlerde 70 manatdan 80 manada çykdy".
Habarçy bu zenan, gürrüňi gidýän eti satyn alandygyny aýdýan ýene bir ýaşaýjy bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşleriň howpsuzlygyny nazarda tutup, olaryň atlary we şahsyýetini tanadyp biljek maglumatlar aýan edilmeýär.
Satylýan önümiň hakykatdan hem it etidigini tassyklaýan barlag netijeleri Azatlyga elýeterli däl. Onuň nähili şertlerde taýýarlanýandygy we söwdanyň gerimi barada-da garaşsyz tassyklanan maglumat ýok. Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biriniň ýerli häkimlikleri bilen habarlaşyp, bu ýagdaýlar barada teswir almak synanyşyklary netije bermedi.
Tanyşlaryň üsti bilen satylýan et
Habarçynyň söhbetdeşleriniň maglumatlarynda üç satyjy agzalýar. Olaryň aýtmagyna görä, bu önüm bazarlarda açyk satuwa çykarylmaýar, alyjylar satyjylar barada tanyş-bilişleriň üsti bilen habar tutýarlar.
Ikinji söhbetdeşimiz özüniň tanaýan satyjylarynyň kommunal hojalyk gullugynyň işgärleridigini we eýesiz itleri tutmak bilen meşgullanýandygyny öňe sürdi.
"Biz öýüne baryp alýarys ýa-da käwagt satyjy ýol ugruna öýe eti getirýär. Ýöne esasan özümiz gündiz, ýagty wagty baryp alyp gaýdýarys" diýip, ol aýtdy.
Kommunal hojalyk gullugynyň işgärleriniň bu söwda gatnaşýandygy baradaky aýdylanlary garaşsyz tassyklamak başartmady. Degişli edaranyň özünden hem teswir alyp bolmady.
Weterinar barlagy barada maglumat ýok
Zenanyň sözlerine görä, satyjylar oňa "arassa, kesel däl itleriň etini satýarys" diýip aýdýarlar. Söhbetdeşimiz dil üsti edilýän bu öňe sürmeleriň ygtybarlygy baradaky soraga pikirini aýtmakdan saklandy. Ol eti "ilki birnäçe sagat gaýnadýandygyny we soňra gowurýandygyny" aýtdy. Azatlyk Radiosynda satyjylaryň bu önüm bilen baglylykda eden öňe sürmelerini tassyklaýan weterinariýa barlaglary ýa resminamalary ýok.
Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSGG) zyýanly bakteriýalar, wiruslar, parazitler ýa-da himiki maddalar bilen hapalanan iýmitiň dürli kesellere sebäp bolup biljekdigini belleýär. Gurama azyk howpsuzlygynyň önümiň öndürilmeginden sarp edilmegine çenli ähli tapgyrlarda üpjün edilmelidigini nygtaýar.
Türkmenistanyň "Weterinariýa işi hakynda" kanuny haýwanlardan alynýan önümleriň öndürilişine, gaýtadan işlenilişine we saklanylyşyna gözegçilik etmegi döwlet weterinariýa gullugynyň ygtyýarlyklaryna degişli edýär. Gulluk bazarlara çykarylýan maldarçylyk önümleri üçin zerur weterinariýa resminamalaryny hem berýär.
Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiň 176-njy maddasynda bolsa weterinariýa gullugynyň netijenamasy bolmazdan mal önümleriniň bazarlara we beýleki sarp edilýän ýerlere getirilmegi üçin jerime göz öňünde tutulýar. Weterinariýa-sanitariýa talaplary bozulyp maldan alynýan iýmit önümleriniň taýýarlanmagy, saklanmagy, daşalmagy we paýlanylmagy hem şol maddanyň çägine girýär.
Azatlyk it eti diýlip satylýan önümiň näresmi söwdasy baradaky maglumatlar we munuň ýetirip biljek mümkin saglyk netijeleri boýunça ne Türkmenabadyň polisiýasyndan, ne-de Sanitariýa-epidemiologiýa gullugyndan teswir alyp bildi.
Haýwanlaryň tutulmagy baradaky maglumatlar
Türkmenabatda eýesiz itleriň we pişikleriň tutulýandygy barada hem maglumatlar gowuşýar. Şäheriň bir ýaşaýjysy 22-nji oktýabrda habarça beren maglumatynda bir gün öň täze ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda şahsyýeti näbelli adamlaryň itleri we pişikleri tutup ýörendigini aýtdy.
Ýaşaýjy bu çäreleri Bitaraplyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşdyrdy. Haýwanlaryň tutulmagy bilen it eti satylýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda göni baglanyşyk garaşsyz tassyklanmady.
Etiň gelip çykyşy bilen bagly aladalar öň hem ýüze çykypdy. Azatlyk awgustyň aýaklarynda Maryda sygyr eti hökmünde satylan önümiň eşek etidigi baradaky çeşme maglumatlaryny çap edipdi.
Forum