Türkmenistanda çagasy bolman medisina edaralaryna ýüz tutýan ýaş maşgalalaryň köpelendigini lukmanlar aýdýarlar. Ýurtda resmi statistika çap edilmeýärkä, ýurduň saglygy saklaýyş pudagyndaky birnäçe çeşme soňky döwürde aýallar bilen bilelikde erkekleriň hem önelgelik barlagyndan köp geçýändigini Azatlyga habar berdi.
Balkan welaýatynyň köpugurly hassahanasyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler çagasy bolman lukmanlara ýüz tutýan erkek raýatlaryň anyk sanyny berip bilmediler, emma ýüzlenen "her on adamdan ikisi önelgesizlikden şikaýat edýär" diýip, bellediler.
"Bu görkeziji aşa köp. Şol 20% barabar erkek adamlarda ylaýta-da 20-30 ýaşlaryndaky ýigitlerde köp gabat gelmegi agyr meseleden habar berýär" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Ýene bir lukman erkek adamlaryň önelgeligini anyklamak üçin ýörite barlagyň geçirilýändigini aýtdy: "Ýüz tutýan ýigitler öýlenenine 2 ýa-da 3 ýyl geçirip perzentsizlikden şikaýat edip gelenlerinde ilki bilen olarda spermagramma barlagy geçirilýär. Barlagda 10% we hatda 0% netije görkezilýär".
Spermogramma erkekleriň önelgeligini barlamak üçin esasy synag bolup, onuň netijesi sebäpleri hem anyklamaga kömek edýär.
Lukmanlar erkekleriň önelgesizligine esasan infeksiýalaryň, gormonal deňagramlylygyň bozulmagynyň, genetikanyň we şikesleriň sebäp bolýandygyny belleýärler.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertlerinde söhbetdeş bolan türkmenistanly lukmanlar ýaş erkek adamlarda geçirilýän barlaglaryň netijesinde fiziki şikesler bilen bagly sebäpleriň köp duş gelýändigini gürrüň berdiler.
'Fiziki şikes - sebäpleriň biri'
"Diagnozyny goýmak üçin uzi barlagyny geçirýäris we sebäbini ýüze çykarýarys. Erkekleriň jynsy organlaryna, şol sanda sperma kanallaryna agyr depginiň ýa-da urgynyň netijesinde zeper ýetmegi ýaly ýagdaýlar hem anyklanýar" diýip lukman aýtdy we barlagdan soň käbir ýigitleriň esgerlikde özleriniň urgulara sezewar bolmagy barada gürrüň berendigini sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň saglyk edaralaryndan we ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Ministrligiň websaýtynda ilatyň saglygyna, şol sanda reproduktiw saglygyna degişli anyk maglumatlar çap edilmändir. Milli nesil saglyk merkezleri bölüminde diňe Aşgabatda we Welaýat merkezlerinde ýaşaýan gelin-gyzlar we maşgala jübütleri üçin reproduktiw saglyk merkezleriniň adresleri görkezilýär, Reproduktiw saglyk barada ýetginjekler üçin toplumlaýyn bilimler atly bölüm boş dur.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen türkmenistanly lukmanlar önelgesizligi bejerip bolýandygyny belleýärler we operasiýa üçin köp türkmenistanlylaryň köplenç daşary ýurtlara gitmeli bolýandygyny aýdýarlar.
"Operasiýalary Türkiýe, Özbegistan, Orsýet ýaly ýurtlarda gidip edýärler. Puluňyz bolsa wagt ýitirmän daşary ýurtlara gidip etdirmegi lukmanlaryň özleri maslahat berýär we ýurtdaky saglyk merkezlerinde operasiýa üçin şertler bar hem bolsa, goňşy ýurtlaryň ösen derejesinde däl" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ýurt içindäki bejergi ummasyz puly talap edýär, maddy çykdajylaryň we netijesiz bejerginiň netijesinde maşgalalaryň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlar hem seýrek däl.
Türkmenistanda medisina hyzmatlarynyň gymmatlygy we hiliniň pesligi soňky ýyllarda ilat arasynda daşary ýurtlara medisina turizminiň meşhurlygyna sebäp boldy.
Bu aralykda türkmen lukmanlary önelgisizlik problemasyna üns berilmeginiň zerurdygyna ünsi çekýärkä medisina edaralaryna ýüz tutup, saglygyny bejerdip bilmedik türkmenistanlylar adaty bolmadyk usullara ýüz tutýar. Şol sanda çagasy bolmaýan gelinler gonamçylyklara zyýarat edýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aprelde beren maglumatyna görä, ýaş çatynjalaryň arasynda çagasy bolmaýanlaryň köpdügi sebäpli isleg uly bolup, şeýle zyýaratlar guramaçylykly geçirilýär. Hususan-da, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary - çaga isleýän gelin-gyzlar jem bolup awtobuslary kireýine tutup, gonamçylyklara zyýarat edýärler.
Türkmenistanda umuman gonamçylyklara zyýarat etmek, mollalara doga okatmak we saglygyny bejermek üçin tebiplere ýüzlenmek ýaly ýagdaýlar köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum