Daşoguz welaýatynyň administratiw merkezi Daşoguz şäherinde ýol hadysasy boldy. Bu hadysada bir ýeňil ulagyň ýoluň gyrasyndan barýan pyýadalary kakmagy netijesinde üç adam heläk boldy. Bu wakanyň jikme-jiklikleri barada pida bolanlaryň biriniň ýakyn garyndaşlarynyň biri we waka şaýat bolan ýaşaýjy anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“11-nji sentýabrda irden sagat 6:40 töwereginde şäheriň Demirýolçylar köçesinde, ‘Parfiýa’ marketiň golaýynda aşa ýokary tizlik bilen gelýän bir ýeňil ulag ýoluň gyrasyndan ýöräp barýan üç býujet işgärini kakyp öldürdi” diýip, waka şaýat bolan daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şaýadyň we pida bolanlaryň biriniň garyndaşynyň aýtmagyna görä, býujet işgärleri wakanyň bolan wagtynda pagta ýygymyna gatnaşmak üçin gowaça meýdanyna barýardy.
“Ulag sagatda 160-170 km tizlikde gelýärdi diýsek ýalňyşmarys. Býujet işgärleri wakanyň bolan ýerinde jan berdiler” diýip, ýol hadysasynyň şaýady aýtdy.
"Neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop dermanlarynyň täsirindedigi..."
Azatlykda býujet işgärleriniň şahsyýetini we işleýän edarasyny anyklaşdyrýan maglumatlar bolsa-da, söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Söhbetdeşlerimiz ulagyň içinde sürüjiden başga-da üç sany gyzyň bolandygyny, olardan biriniň agyr şikes alyp, häzirki wagtda welaýat hassahanasynda bejergi alýandygyny hem aýtdylar.
“Ulagy dolandyrýan adamyň kanun goraýjy edaralaryň birinde işleýändigi we ýol heläkçiliginiň bolan wagtynda, onuň kellesiniň, huşunyň ýerinde däldigi aýdylýar. Sebäbi wakanyň edil yz ýanynda ýoldan geçip barýan ulaglaryň birindäki ýaşaýjy tarapyndan düşürilen wideolaryň birinde ýol heläkçiligini amala aşyran ulagyň sürüjisidigi aýdylýan adamyň jesetleriň ýanynda tans edýän şekillerini gördük. Wideoda onuň neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop dermanlarynyň täsirindedigini görse bolýar” diýip, pida bolanlaryň biriniň garyndaşy anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, ol häzirki wagtda wakanyň bassyr-ýussur edilmäge çalşylýandygyny, pajygaly waka sebäp bolan ulagyň hem-de onuň sürüjisiniň çalşyrylyp, hamala, munuň başga bir ulag we sürüji tarapyndan amal edilen ýaly görkezilmäge synanyşylýandygyny hem aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýatyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden we şäheriň ýol polisiýasyndan teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 14-nji sentýabrda ýurduň Içeri işler ministrliginiň we Daşoguz welaýat häkimliginiň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanýan biraýlyk...
Ýol heläkçiligi, ýurtda pagta ýygymy möwsüminiň we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň dowam edýän mahalynda boldy.
Häkimiýetler ýurtda tapgyr 14-nji ýyl geçirilýän bir aýlyk çäräniň paýtagtda, welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmaga, pyýada ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýdyp gelýärler.
Ministrler Kabinetiniň 28-nji awgustda geçirilen mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow “bu çäräniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny” belledi.
Şol bir wagtda, türkmenistanlylaryň we polisiýadaky çeşmelerimiziň ençemesi biraýlygyň dowamynda ýol-ulag hadysalarynyň göz-görtele artýandygyny aýdyp gelýärler. Balkandaky habarçymyz biraýlygyň ilkinji üç gününde ýol hadysalarynyň azyndan dokuz sanysynyň hasaba alnandygyny aýtdy.
Biraýlygyň we ýylyň galan 11 aýynyň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde bolýan we adam pidalaryna getirýän ýol hadysalary barada Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler yzygiderli maglumat berýärler.
Çeşmelerimiz bularyň käbirinde kanun goraýjy guramalaryň işgärleriniň özleriniň ýol hadysalaryna sebäp bolýandygyny we şeýle jenaýatlaryň bassyr-ýussur edilýän halatlarynyň bolýandygyny hem aýdýarlar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýol-ulag hadysalary, adam pidalary boýunça statistikalary aç-açan çap etmeýär. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy hem, ýurtda bolýan ýol-ulag hadysalary barada aç-açan hasabat bermeýär. Döwlet media serişdeleri hem ýurtda bolup geçýän ulag heläkçilikleri barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum