Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda esgerler birmeňzeş gara eşikde pagta ýygýarlar, Ahalda 'meýletin iş' barada dil hatyna gol çekýärler

Esgerler pagta ýygýar. Türkmenistan (arhiw suraty)
Esgerler pagta ýygýar. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda pagta ýygym işleri batlanýar, şu günler ekin meýdanlaryna goşmaça iş güýji hökmünde köpsanly esger alnyp barylýar. Ýurduň dürli künjeklerinde esgerleriň pagta ýygýandygy göze ilýär, käbir welaýatlarda esgerler birmeňzeş gara eşik geýdirilip, işe çykarylýar. Türkmenistandaky çeşmeler munuň ekin meýdanlarynda işleýänleriň arasynda esgerler köpçüliginiň göze ilmezligi üçin edilýändigini aýdýarlar.

"Pagta meýdanlaryna harby bölümlerden getirilýän esgerler ýörite birmeňzeş gara egin-eşikde pagta ýygýar" diýip, diýip, daşoguzly çeşmeleriň biri 19-njy oktýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, birmeňzeş geýim pata kimiň ýygýandygyny belli etmeýär: "Sebäbi uly ýoldan geçýän ulagly ýolagçylarda we pyýadalarda daşdan göräýmäge harby esgerler däl-de, belki oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary ýa-da beýleki oba hojalyk ýörite orta bilim berýän mekdepleriň talyplary we býujet işgärleri işleýändir diýen pikir döredýär".

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde pagta ýygyma ilatyň dürli gatlaklarynyň gatnaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Býujet edaralarynyň işgärleri, şol sanda saglygy saklaýyň we bilim edaralarynyň işgärleri awgustdan bäri ekin meýdanlarynda işlemäge mejbur edilýär. Emma bu ýagdaý ýurt resmileri tarapyndan açyk agzalmaýar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen daşoguzly çeşmeler esgerlere pagta ýygdyrylmagyna "ilat arasynda örän erbet kabul edilýär" diýip, düşündirýärler.

Türkmen esgerleri şu ýyl pagta meýdanlarynda harby eşiklerinde däl-de, eýsem ýörite gara eşiklerde işleýärler. Türkmenistan, oktýabr, 2026.
Türkmen esgerleri şu ýyl pagta meýdanlarynda harby eşiklerinde däl-de, eýsem ýörite gara eşiklerde işleýärler. Türkmenistan, oktýabr, 2026.

"Sebäbi ýaragly güýçleriniň hatarynda hökmany gulluk borjuny berjaý edýän ýaşlar tas her bir hojalykda bar. Adamlar esgerleriň pagta ýygyp ýörenini görseler, bu raýatlarda negatiw garaýyş döreýär" diýip, harby çeşmeleriň biri aýtdy. "Şol sebäpden pagta meýdanlara pagta ýygnamaga getirilýän esgerleriň harby formasy, pagta ýygnamak üçin niýetlenen gara eginbaş bilen çalşylýar" diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmen esgerlerine her ýyl pagta ýygdyrylýar, emma ozalky ýyllarda olar adaty harby eşikli işleýärdi.

Esgerler hem gara eşikli, hem-de gözegçilik astynda işleýär

Şeýle-de, ekin meýdanlarynda işleýän esgerleriň ýanyna başga ýygymçylaryň barmazlygyna gözegçilik edilýär.

Daşoguzly çeşmeleriň ýene biri şeýle gürrüň berýär: "Pagta meýdanlarynda pagta ýygnaýan esgerleriň golaýyna ýönekeý raýatlaryň golaýlaşmagyny aradan aýyrmak üçin, ýol tarapynda esgerlere goşulyp, ýolbaşçy bolup gelýän serkerdesi gözegçilik edýär. Ol hem gara eşikli". Çeşme harby ulaglaryň hem göze ilmez ýaly ýerde, baglaryň saýasynda goýulýandygyny belledi.

Esgerler pagta meýdanlarynda ir säherden, agşama çenli bolýarlar. Şu günler esgerler pagtany beýleki sebitlerde: Lebap, Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda hem ýygýarlar.

Daşoguzda ekin meýdanlarynda esgerler göze ilmez ýaly ýörite geýimli işleýän bolsalar, Ahal welaýatynyň harby bölümlerinde esgerlere pagta ýygymyna öz islegleri bilen gidýändikleri barada dil haty ýazdyrylýar.

Ahalda esgerlere dil hatyna gol çekdirilýär

Azatlygyň Ahal welaýatyndaky çeşmesiniň 19-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, bu ýerde hem esgerleriň pagta meýdanlaryna ugradylmagy köpçülikleýin häsiýetde amala aşyrylýar.

"Häzir harby bölümleriň esgerleri gowaça meýdanlarynda pagta ýygmaga çekilýär. Olar dil hatynda öz islegi bilen 'pagta ýygnamaga höwesjeňligim sebäpli öz razylygym bilen gidýärin' diýip ýazýarlar. 'Hiç kim meni gowaça meýdanynda pagta ýygnamaga mejbur edenok' diýip esgerler 'bul dil haty öz elim bilen ýazdym' diýip aşagyna gol goýmaly bolýarlar" diýip, harby çeşme gürrüň berdi.

Pagta ýygymyna her ýyl çekilýän esgerlerden ilkinji gezek dil hatynyň alynýandygyny çeşme belledi.

Ýurduň ýaragly güýçlerinde gulluk edýän ýaşlaryň ene-atalar harby tälime derek mugt iş güýji hökmünde işledilmegine nägile bolýarlar.

'Pagta ýygyp görmedik oglanda nädip höwes bolsun?'

"Çagalarymyz gowaça-pagta meýdanlaryna çekilýär. Olar nirede gowaça meýdanyny görüpdir? Hiç haçan pagta ýygnap görmedik meniň çagam. Ol nädip öz islegi bilen höwesli pagta ýygnaýarka? Men öz çagamyň beýle işlere çekilmegine garşy, men çagamy harby gulluga ugradamda daýhan bolsun, işlesin diýip ugratmadym" diýip, ahally ene nägileligi paýlaşdy. Ol gowaça meýdanlarynda esgerleriň agyr ýagdaýy, şol sanda "esgeri ýylan çakdy" we şuňa meňzeş ýagdaýlar barada günde eşidýändigini aýtdy.

Ýene bir türkmenistanly ýaşaýjy: "Döwletde pagta ýygnap almak üçin ýeterli iş güýji we tehnikasy bolmasa, näme üçin şonça gowaça ekýär?" diýen sowaly orta atýar.

"Döwlet TW-sinde täze pagta ýygnap alýan kombaýn tehnikalaryny satyn alandyklary görkezilip, yzygiderli mahabatlandyrylýar. Irdenden agşama çenli ak baş örtükli daýzalar üçin ak pata berýänlerini görkezýärler, emma häzir hiç bir gowaça meýdanynda kombaýn ulagyň pagta ýygnap ýörenine gabat gelemzok" diýip, ahally ýaşaýjy aýtdy.

Esgerleriň ekerançylyk işlerine çekilmegi ýylyň dowamynda gaýtalanýar, olar gowaça meýdanlarynda otag, çürtüm we pagta ýygnamak, şeker şugundyr ýygnap almak, ýeralma ekmek we ýygnamak ýaly işleri berjaý edýärler. Şeýle-de, olar pile ýüpek gurçuk tutmak we onuň iýmiti üçin tut agajynyň ýapragyny çöplemek, mal bakmak we mal ýataklaryny arassalamak ýaly işlere mejbur edilýär.

Şu ýyl pagta ýygyma gatnaşdyrylýan esgerlere günüň dowamynda 50 kilogram pagta ýygyp tabşyrmak borjunyň ýüklenýändigini geçen aýda habarçylarymyz aýdypdy.

Şu ýylyň bahar aýlarynda esgerler ýüpek gurçugyna ideg etmek işlerine hem giňden çekildi, şeýle-de şol wagt Aşgabatda we onuň töwereginde bagbançylyk işleriniň ençemesi esger tarapyndan ýerine ýetirildi.

Halkara guramalary Türkmenistany pagta önümçiliginde mejbury zähmet güýjüni ulanmakda, şol sanda oba hojalygynda çaga zähmetiniň ulanylmagyna ýol bermekde ýyllar boýy tankyt edip gelýärler. Türkmen resmileri we döwlet mediasy bu temany açyk gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG