Daşoguz welaýatynyň aglaba böleginde güýçli gar ýagyp, sebitiň käbir etraplaryny 25 santimetre çenli gar gaplady. Ýollaryň wagtynda arassalanmazlygy we döwlet awtobuslarynyň köpüsiniň öz işini wagtlaýyn togtatmagy, ilatyň kadaly hereketini ep-esli çäklendirdi.
Galyberse-de, howanyň temperaturasy gijelerine -11 we gündizlerine -4 gradusa çenli sowaýan şu günlerde, ilatyň elektrik we gaz üpjünçiligi yzly-yzyna kesilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy 6-njy fewralda sebitden maglumat berdi.
“Daşoguza garaşylmadyk anomal sowuk howa ýetip geldi. 5-nji fewralda ir sagat 8-de ýagyp başlan güýçli gar 6-njy fewrala geçilen gije sagat 3-e çenli dowam etdi. Akdepe, Garaşsyzlyk we Ruhybelent etraplarynda 25 santimetre çenli gar gaplan ýerler bar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Welaýatyň beýleki etraplarynyň köçelerini hem azyndan 20 santimetre çenli gar gapla, olary arassalamak ugrunda häzirlikçe tagalla edilmeýär.
“Ululy kiçili ýollarda garyň eremegi ýa-da buzlaşmagynyň öňüni almak üçin-de ne öňünden, ne-de häzirki wagtda çäre görülýär. Şol sebäpli etraplaryň içerki ýollaryna buz aralaşyp, häzir olaryň hokkeý meýdançasyndan tapawudy ýok. Ulaglar ýolda sagatda 15 kilometr tizlik bilen hereket edýärler” diýip, ýene bir daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Gar arassalanmaýar, hereket bökdeýär
Häkimiýetler welaýat merkezi Daşoguz şäheri bilen Ruhybelent, Akdepe we Köneürgenç etraplarynyň aralygyndaky magistral ýollary gardan arassalamak üçin-de 6-njy fewralda öýlän sagat 12:00-a çenli haýsydyr bir çäre görmediler.
“Düýnden bäri bu magistral ýollarda, şeýle-de şäher we etrap içindäki köçelerde ýeňil ýol-ulag hadysalarynyň onlarçasy hasaba alyndy. Ýöne häzire çenli adam pidasynyň bolandygy barada maglumat ýok” diýip, ýagdaýlardan habarly polisiýadaky çeşmämiz 6-njy fewralda aýtdy.
Ýerli häkimiýetler ýollary we köçeleri gardan arassalamak ugrunda häzirlikçe çäre görmeýän mahaly, Daşoguz şäherinde we beýleki etraplarda jemgyýetçilik awtobuslarynyň hereketini wagtlaýyn togtatdy.
“Döwlet awtobuslary 6-njy fewralda irdenden başlap, ýollaryň sürçekligi sebäpli, işe çykarylmady. Bu ýagdaý, ýaşaýjylaryň we okuwçylaryň wagtynda mekdebe we işe barmagyny has-da kynlaşdyrdy. 5-nji fewraldaky gijeki uçar reýsleri hem, gonuş ýollaryny gardan arassalamak üçin, azyndan 1 sagat gijikdirildi” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Sowukda gaz, elektrik kesilýär
Galyberse-de, howanyň temperaturasy gijelerine -11 we gündizlerine -4 gradusa çenli sowaýan şu günlerde, ilatyň elektrik we gaz üpjünçiligi yzly-yzyna kesilýär.
“Gaz, tok birnäçe sagat berilse, soňra ýene birnäçe sagatlap kesilýär. Her gezek gar-ýagyş ýaganda kommunal hyzmatlaryň, suwuň, gazyň, toguň kesilmegi adamlaryň nägileligini güýçlendirýär. Esasanam ýaş bäbekli maşgalalar ýa-da garrylary, näsag adamlary bolan hojalyklar kösenýär. Adamlaryň gaz, elektrik edaralaryna edýän şikaýatlaryna hem ‘häzir geler, bir salym garaşyň’ diýip, jogap berýärler” diýip, daşoguzly ýaşaýjy aýtdy.
Sebitiň çetki obalaryndan maglumat berýän beýleki bir habarçymyz oba ýaşaýjylarynyň ýagdaýynyň has-da ýaramazdygyny, bir hepde bäri dowam edýän ygally howanyň arasynda, asfalt çekilmedik ähli ýollary palçyk, batga gaplandygyny habar berýär.
“Ýollardan ýeňil awtoulaglar däl, hatda tiz kömek ulaglary hem geçip bilmän, oba golaýlanlarynda obanyň içine girip bilmän, yzlaryna gaýtmaly bolýarlar. Käte traktorlaryň hem batga batýan mahaly bolýar. Täze mellek ýerlerine bolsa, düýbünden girip bolmaýan ýerler bar. Bu ýagdaý, esasanam näsaglary bolan oba ýaşaýjylarynda juda nägilelik döredýär” diýip, oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ol öri meýdanlarda mal bakýan adamlaryň hem "ady köçe bolan köçelerden" mallaryny bakmana äkidip bilmeýändigini aýdyp, öz sebitindäki obalaryň “edil paraliç uran ýaly bolup hereketden galandygyny” belleýär.
"Çagalar bir aýakgaply öýe dolanýar"
“Mekdep okuwçylarynyň, kiçi çagalaryň aýakgaplarynyň palçyga çümüp, aýagyndan sypyp, palçygyň içinde galýan mahaly hem köp bolýar. Käte olar palçyga çümen aýakgaplaryny yzyna alýan bolsa, käte tapman, bir aýakgaply öýlerine dolanyp gelýärler” diýip, ýene bir oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Ol bu ýagdaýlaryň ýylyň-ýylyna gaýtalanýandygyna ünsi çekip, oba ýaşaýjylarynyň etrap we welaýat merkezlerindäki häkimiýetlere edýän ýüzlenmeleriniň hem oňyn jogap tapmaýandygyny belleýär.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Hasabatlar we tabşyryklar
Türkmenistanda häkimiýetler gyş paslynyň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada yzygiderli hasabat berýärler.
2-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi Döwletgeldi Babaýewiň bu barada beren hasabatyny diňläp, hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiligini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy diýip, TDH habar berdi.
Aýdan-aýa tekrarlanýan bu hasabatlara we tabşyryklara garamazdan, Türkmenistanda gyş aýlarynda ygally howadan soň köçeleriň öz wagtynda arassalanmazlygy, ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen bagly wakalar ýylyň-ýylyna gaýtalanýar.
Mundan başga-da, ýangyç serişdelerine baý, şol sanda tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda ilat gaz we elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilmegi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum