Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda polisiýa serhetýaka sebitlerde özbek SIM kartlaryny we wi-fi routerlerini ulanýanlary gözleýär

Daşoguz şäheri (illýustrasiýa suraty).
Daşoguz şäheri (illýustrasiýa suraty).

Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhet ýakasynda ýerleşýän sebitleriň ýaşaýjylarynyň arasynda mobil telefonlary we internet üçin özbek operatorlarynyň aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy seýrek ýagdaý däl. Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, sebäp - bu ýerde türkmen operatorynyň signallary gowşak ýa-da düýpden ýetmeýär. Emma şu günler türkmen polisiýasy aragatnaşyk hünärmenleri bilen bilelikde özbek sim kartlarynyň ulanyjylaryny we wi-fi routerleri anyklamak işlerini alyp barýarlar.

Türkmenistanyň giňişliginde özbek aragatnaşyk operatorlarynyň signaly ýetip bilýän tutuş sebitde - Şabat etrabynyň (öňki Nyýazow etraby) ençemesi obasynda, şol sanda Kirowda, Diawarda, Göroglynyň Bedirkent, Aýlak, Nyýazow obalarynda - jemi sebitiň 60-a golaý ilatly ýerinde şu günler barlaglar geçirilýär diýip, Azatlygyň sebitdäki çeşmeleri 9-njy iýulda habar berip, bu ýagdaýyň bäş gün çemesi wagt bäri dowam edýändigini aýtdylar.

"Diňe bir Diawar obasynda sişenbe güni 10-a golaý hojalykda özbek simkartaly internet anyklanyp, olaryň ellerinden alyndy" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.

Howpsuzlyk aladasy sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşmeleriň sözlerine görä, polisiýa tarapyndan anyklanan raýatlara jerime salynýar we "daşary ýurt sim kartlaryndan peýdalanmak daşary ýurda içalylyk hyzmatyny etmekdir" diýen sözler bilen haýbat atylýar.

"Ýerli uçastok polisiýa işgärleri özleriniň obada kim özbek internetini ulanýan bolsa, şolary anyklap 50 müň manada çenli jerime ýa-da türme tussaglygy bilen haýbat atýarlar" diýip, ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Başga bir çeşmäniň sözlerine görä, käbirlere diňe duýduryş berilýär: "Olar internetden diňe wagt geçirmek üçin peýdalanýandyklaryny aýdan raýatlara we birinji sapar tutulan, jerime tölemäge ýagdaýlary bolmadyk hojalyklara berk duýduryş-düşündiriş bilen çäklendiler".

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Daşoguz welaýatynyň Şabat we Göroguly etraplarynyň serhetýaka obalarynda "Türkmentelekomyň" interneti düýpden ýok, ýa-da aşa pes tizlikde işleýär.

"TMcell-iň mobil interneti 2G tizligini görkezýär we öý wi-fi hyzmaty düýpden ýok. Şol sebäpli özüni oňaranlar özbek mobil SIM kartlaryny ulanýarlar we öýlerini ýörite router arkaly internet bilen üpjün edýärler" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi. Ol goňşy ýurtda internetiň tizligi "türkmen internetiniň häzirki ýagdaýyndan 300 esse ýokary" diýip häsiýetlendirdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň bu ýeke-täk mobil aragatnaşyk operatoryndan bu sebitde aragatnaşyk hyzmatlarynyň üpjün edilişine degişli resmi teswir alyp bilmedi. Edaranyň websaýtynda aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleriniň, şol sanda ýokary tizlikli internetiň hödürlenýändigi aýdylýar.

Daşoguzly ýaşaýjylar türkmen operatorynyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilinden, hem-de häzirki barlaglardan we özbek simkartlarynyň ellerinden alynmagyndan nägile bolýarlar.

"Adamlar elýeterli we ýokary tizlikli internetsiz galmakdan gaty gynanýarlar. Hökümetimiz halkyna ýokary tizlikli internet hödürläp bilmeýär, diňe gysmagyň we petiklemegiň bilýär diýýärler" diýip, ýaşaýjy aýdýar.

'Polisiýa öz adamlaryny ulanýar'

Daşoguzly çeşmeler kanun goraýjy işgärlerde ýörite anyklaýjy enjamlaryň ýokdugyny belläp, polisiýa we MHM işgärleriniň özbek simkartlaryny ulanýan adamlary tapmak üçin esasan özlerine habar berýän il içindäki adamlaryny ulanýarlar diýýär: "Olar öz şugulçylaryna daýanýarlar. Polisiýa, MHM adamlary anyklamak üçin her obada, her mekdepde, arçynlykda bar bolan öz adamlaryny ulanýarlar. Ilat olary tanaýar we ýigrenýär. Olar hatda mekdepde okaýan çagalaryň üsti bilen biljek zadyny anyklap, öwrenýärler".

Ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, şeýle hojalyklaryň köpüsi Özbegistana baryp gelýän, şol sanda söwda edýän adamlar: "Hut şolar öýlerinde özbek internetiň bardygy güman edilýänleriň sanawynda ilkinji hatarda agzalýar" diýip, kanun goraýjy edaralardaky ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Çeşmeleriň sözlerine görä, Daşogzuň ýaşaýjylary esasan "Uztelekom", "Ucell" operatorlaryny ulanýar. Saýtlaryň köpüsi, şol sanda YouTube, Instagram elýeterli bolýar, emma TikTok we Azatlyk Radiosynyň websaýtyna VPN üsti bilen girmeli bolýar.

"Özbek sim kartyny her obada goňşy ýurda her hepde gidip-gelýän ýaşaýjylar getirýärler. Olar şeýle simkartlary 200 manatdan satýarlar, olary registrasiýadan geçirmäge-de ýardam edýärler" diýip, daşoguzly çeşme gürrüň berdi.

Göroglydaky pajygaly wakadan soň başlandy

Özbek mobil operatorlarynyň hyzmatyndan peýdalanýan daşoguzlylara edilýän häzirki basyşyň sebäpleri barada häkimiýetler tarapyndan resmi düşündiriş bolmady. Daşogzuň häkimliginden we polisiýa wekillerinden resmi görnüşde teswir almak synanyşygy oňyn netije bermedi. Azatlygyň eden jaňlaryna jogap berilmedi.

Emma ýerli kanun goraýjy edaralaryndaky ýagdaýlardan habarly çeşmeler goňşy ýurduň mobil operatorynyň hyzmatyndan peýdalanýan türkmenistanlylary anyklamak boýunça çäreler Göroglyda bolan pajygaly waka barada habaryň köpçülige syzmagyndan soň geçirilip başlanandygyny aýtdy.

Azatlygyň habarçylary Görogly etrabynda alty çaganyň kakasynyň ilki çagalarynyň ählisini atyp öldürip, soňra-da öz janyna kast edendigini şu aýyň başynda habar beripdi.

"Şol pajygaly waka barada habaryň internetde garaşsyz neşirlerde goýulmagy häzirki barlaglara sebäp bolupdyr. Polisiýanyň we MHM-nyň ofiserleri özbek simkart üsti bilen bu maglumat ýarady diýen pikire gelipdir" diýip, çeşme köp ilatly Daşoguzda ýaşaýjylaryň ýarysyna golaýy daşary ýurtlarda, şol sanda Orsýetde, Polşada, Germaniýada zähmet çekýär diýip, belleýär we bu ýagdaýda islendik maglumatyň syzmagyny özbek simkart ulanyjylaryndan görülmegini nädogry hasap edýändigini aýdýar.

Habarçylarymyz Daşoguzda bolan şol pajygaly wakadan soň, sebitde howpsuzlyk gulluklarynyň işjeňliginiň "ýiti artandygyny" habar beripdi.

Mundan öň Türkmenistanyň serhetýaka sebitlerinde, şol sanda Daşoguzda, Lebapda internet üpjünçiliginiň ýaramazlygy sebäpli "Starlink" ulanýanlaryň köpelýändigi habar berlipdir.

Ilatyň türkmen aragatnaşyk hyzmatlaryndan başga mümkinçilikleri ulanmagyna gözegçilik beýleki welaýatlarda hem bolupdy. Hususan-da eýran bilen serhetleşýän Balkanda "Starlink" ulanýanlary anyklamak boýunça işler şu ýylyň ýanwarynda güýçlenipdi.

Ýurtda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili örän gowşaklygyna galýar. Türkmenistanlylar jaňlaryň geçmeýän, sms-leriň gijikdirilip barýan pursatlarynyň köp bolýandygyny, internetiň örän haýaldygy aýdýarlar. Olar hatda mobil telefonynyň nomerini çalyşmakda, hasabyny ýapmakda hem kynçylyk çekýändigini gürrüň berýärler.

Üstesine ýurtda internet petiklenýär. Sosial ulgamlarynyň köpüsine gitmek üçin VPN ulanmaly bolýar. Häkimiýetleriň VPN ulanyjylary yzarlamak boýunça çäreleri hem ýygy-ýygydan güýçlenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG