Merkezi Aziýadaky iň uly elektrik stansiýalarynyň biriniň ýerleşýän sebitinde - Mary welaýatynda elektrik togy ilata çäklendirilip berilýär. Ýaşaýjylar yssyda toksuz gün görmeli bolýar. Ýerli ilat esasy hojalyk zerurlyklaryndan mahrum bolýar, döwlet edaralarynda, söwda nokatlarynda we banklarda elektrik togy kesilip durýar. Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri sebitdäki ýagdaý barada habar berýär.
"Mary welaýatynyň ähli künjeklerinde ýaşaýjylar köp wagtyny elektrik toksuz geçirýär" diýip, habarçy 8-nji iýulda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, elektrik togy iň köp öçürilýän etraplaryň arasynda Peşanaly we Murgap etraplarynda elektrik togy wagtlaýyn berilýär we ilat köp wagtyny elektrik toksuz geçirýär.
"Irden 2 sagat, öýlän 3 sagat tok berilýär. Galan 19 sagatlap toksuz galýan geňeşlikler bar" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.
Marynyň beýleki etraplarynyň ýaşaýjylary hem öz ýaşaýan ýerlerinde, şäherlerde we etraplaryň ilatly nokatlarynda elektrik üpjünçiliginiň örän gowşakdygyny we ýaşaýjylaryň günüň uly bölegini toksuz kösenýändigini aýtdylar. Olaryň sözlerine görä, elektrik energiýasynyň üpjünçiligindäki yzygiderli bökdençlikler birnäçe aý bäri dowam edipdir, emma soňky günlerde hasam agyrlaşypdyr.
"Elektrik togunyň yzygiderli kesilmegi ýaşaýjylar üçin kyn ýagdaý döredýär. Meniň kiçi çagam bar we men her güni çagalarymyň kirlerini elim bilen ýuwmaly bolýaryn, ýogsa öýde kirmaşyn hem bar. Elektrik togy bilen işleýän enjamlaryň bolanynyň peýdasam ýok" diýip, maryly ene aýdýar.
Ýaşaýjylar nädip gün görýär?
Ýene bir etrap ýaşaýjysy öz maşgalasynyň şu günler elektrik toguň berlen pursadyna garaşyp, gysga wagtyň içinde zerurlyklaryny dessine üpjün etmek üçin taýýarlanýandygyny gürrüň berdi:
"Hojalygymyzda tok geldigi her kim hammamyň gapysynda nobata durup, çalt-çaltdan suwa düşüp ýetişmeli. Gaplary suwdan doldurmaly, el telefonlary zarýada goýmaly, sebäbi biz toguň öçen wagtynda telefonlaryň çyrasyny ýakyp ulanmaly bolýarys, egin eşikleri ütük etmeli we ýene ençeme zatlary şol iki sagadyñ dowamynda edip ýetişmeli".
Peşanaly etrabynyň ýaşaýjylary toksuz galýan pursatlaryň gitdigiçe köpelýändigini belläp, maddy mümkinçiligi bolan hojalyklaryň elektrik toguny öndürýän generatory edinmek barada pikir edýändigini bellediler.
Ilatly ýerleriň elektrik üpjünçiliginiň uzak wagtlap kesilmegi tomsuň başyndan bäri Maryda hem-de ýurduň beýleki ýerlerinde, şol sanda paýtagtda ýüze çykýar. Adamlar 40 gradusdan aşýan jokrama yssyda uzak wagtlap toksuz galýar. Bu ýagdaý hökümet agzalary tarapyndan hem-de döwlet mediasynda düýpden agzalman gelýär.
Murgaply ýaşaýjylar şu günler elektrik togunyň köplenç bolmaýandygyny aýdyp, toguň berlen pursadynda onuň güýjüniň örän pes bolýandygyny aýdýarlar.
"Gelýän tok 110-120 woltdan geçmeýär. Bu haýal tokda hiç zat işläp bilmeýär. Bize gaty kyn, hojalykda syrkaw bar hökman salkyn howa gerek bolýar. Tok bolmansoň sowadyjy holodilnik işlemeýär, kondisioner işlemeýär" diýip, murgaply ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen ýene bir ýerli ýaşaýjy elektrik energiýasyz nädip gün görýändigini şeýle gürrüň berdi: "Adamlar häzir gündizlerini bagyň kölegesinde geçirýär, öýüň içinde dem alar ýaly bolanok. Howa gaty gyzgyn, iň bolmanda holodilnikde sowuk suw goýup bolanok, sebäbi tok ýok, bolsa-da güýji pes, hojalyk enjamlary işläp bilmeýär".
Elektrik energiýasyz durmuş
Şu günler toý edýän maşgalalar hem kösenýär. "Toý-dabara ýerlerinde öňünden görlen taýýarlyklar puja çykýar, garaňkyda geçýär. Bagşy, tans dabaralary bolmaýar. Öý eýesi aýdymçy çagyran bolsa, aýdym-saz bolmasa-da, ol öňünden gürleşilen puly tölemeli bolýar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.
Şu günler edara-kärhanalarda hem tok öçüp durýar. Habarçynyň sözlerine görä, ençeme edarada işgärler kompýuterde edilýän işlerini doly berjaý edip bilmeýär. Söwda nokatlarynda telekeçiler tok bolmansoň töleg terminallaryny işledip bilmeýärler. Banklarda adamlar bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler.
Elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler zerarly telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşaýjylar maddy zyýan çekýär.
Murgap etrabynyň ýaşaýjysy üç 3 müň ýumurtgalyk inkubatorynyň zaýalanandygyny gürrüň berdi: "Tok öçüp-ýanyp inkubatorymy hatardan çykardy, ençeme müňläp goýan ýumurtgam zaýalandy. Indi häzir generator satyn aldym, onuň hem dizel salýarka ýangyjy gymmat düşýär. Näme etjegimi bilemok, gaty uly zyýan çekdim".
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Marynyň elektrik edaralarynda toguň öçürilmeginiň sebäpleri barada soralanda: "Mary Gresden düýpden öçürmeli diýip habar gelýär, biz öçürmeli bolýarys" diýip jogap berlipdir.
Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň häkimliginden we Türkmenistanyň energetika ministrliginden resmi teswir almaga synanyşdy. Emma olaryň websaýtlarynda görkezilen telefon nomerlere edilen jaňlara jogap berilmedi.
Mary welaýatynda ýurduň içerki öndürijileri we daşary ýurtlara eksporty üçin tok öndürýän Mary döwlet elektrostansiýasy ýerleşýär. Merkezi Aziýadaky iň uly elektrik stansiýalarynyň biri bolan bu stansiýa 50 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär, onuň öndürýän elektrik energiýasy birnäçe ýurda, şol sanda Owganystana satylýar.
Soňky günlerde Maryda elektrik energiýasynyň kesilmegi barada maglumatlar sosial mediada hem peýda bolýar. Wideolaryň birinde ýaşaýjy tüm garaňkydaky töwerek daşyny görkezýär, hiç ýerde yşyk görünmeýär diňe garaňky sudurlary saýgarsa bolýar. Maglumatda Peşanaly etrabynda toguň 10 minutlyk berilse, soň 3 sagatlap bolmaýandygy aýdyldy. TikTok-daky bu wideo gysga wagtda aýryldy.
Azatlyk bilen gepleşen maryly ýaşaýjylaryň birnäçesi şu günler sosial mediada elektrik togy barada wideo goýýan raýatlaryň häkimiýetler tarapyndan gözlenýändigini we we wideolary aýyrmaga mejbur edilýändigini gürrüň berdiler.
"Häzir islendik bir wideo elektrik tok barada internet platformalarynda peýda bolsa şol pursat kimiñ goýanyny yzarlap aýyrdýarlar".
Maryda ýurduň iň iri elektrik stansiýasy ýerleşýän hem bolsa, bu ýerde toguň kesilmegi we elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi ýygy-ýygydan gaýtalanyp durýar.
Türkmenistanda elektrik energiýasynyň üpjünçiligindäki bökdençlikler onlarça ýyl bäri dowam edýär. Munuň bilen bir wagtda toguň, gazyň we jemagat hyzmatlarynyň ilat üçin bahasy ençeme esse ýokarlandy. Ilaty esasy zerurlyklar bilen üpjün etmekde ýüze çykýan agyr problemalaryň sebäplerini resmi taýdan düşündirmeýän we hatda agzamaýan hökümet 2019-nji ýylda ilat üçin ozalky ýeňillikleri hem ýatyrdy, gazy, togy we suwy doly pully etdi.
Şondan bäri bu hyzmatlaryň, şol sanda elektrik energiýasynyň kadaly üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda netijeli çäre görmeýän häkimiýetler bu hyzmatlar üçin bergili maşgalalaryň toguny kesýär. Azatlygyň habarçylary gaz, tok we suw üçin tölemäge maddy mümkinçiligi bolmadyk hojalyklaryň gitdigiçe köpelýändigini habar berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum