Türkmenistanyň giňişliginde yssy howada ilatly ýerleriň elektik energiýasy bilen üpjün edilmegindäki bökdençlikler dowam edýär. Paýtagtyň köp böleginde ýaşaýyş jaýlarda toguň güýji örän pes bolup, hojalyk zerurlyklaryna ýaramaýar. Ýurduň gündogaryndaky ilatly ýerlerde soňky günlerde köçelere aýlanyp, elektrik energiýasyny tygşytlamaga çagyryş edýän jarçylary görse bolýar. Emma bu ýagdaýlar häkimiýetler tarapyndan resmi taýdan agzalmaýar we ilata hiç hili düşündiriş berilmeýär.
Lebap welaýatynyň uly Wahym we Marguş obalarynda her gün diýen ýaly jarçylar köçelere aýlanyp, ýaşaýjylary elektrik energiýasyny tygşytlamaga çagyrýar.
“A-how, halaýyk! Eşitdim-eşitmedim diýmäň! Etrap häkimliginiň buýrugy boýunça elektrik energiýasyny az ulanyň. Energiýa ýetmezçiligi bar” diýen sözler bilen jarçylar sesi gataldyjylar arkaly habar ýetirýärler diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Bu ýagdaý tok ýetmezçilik problemasynyň häkimiýetler we döwlet mediasy tarapyndan düýpden agzalmazlygynyň arasynda dowam edýär.
Mundan başga-da, şu günler ýaşaýjylaryň telefonlaryna elektrik enjamlaryny tygşytly ulanmak we öýden çykanlarynda olary tokdan aýyrmak barada SMS habarlary ugradylýar.
Bu aralykda Lebap welaýatynda elektrik energiýasy duýdansyz kesilýär. Ilatly ýerleriň tok üpjünçiligi birden doly öçýär we hojalyk enjamlaryny zaýalaýar.
Ýaşaýjylar arz edip, kesilen toguny dikeltdi
19-njy iýul agşam sagat 20:00 töwereginde Çärjew etrabynyň Uly Wahym, Guşçylyk we Marguş obalarynda elektrik energiýasy duýdansyz kesildi. Ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, elektrik togundaky bökdençlik we güýjüniň birden üýtgemegi sebäpli käbir öýlerdäki kondisionerler, suw gyzdyryjy enjamlar we beýleki hojalyk tehnikasy hatardan çykdy.
Mundan nägile bolan ýaşaýjylar welaýatyň elektrik üpjünçiligi edarasyna köpçülikleýin jaň edip, nägileliklerini bildiripdir.
"Munuň jogapkärçiligini özüňiz çekersiňiz. Elektrik energiýasynyň yzygiderli öçürilýän günlerini ýyllyk tölegden aýryp, hyzmatyň doly bahasyny tölemeris. Zerur bolsa, suda ýüz tutarys" diýip, ýaşaýjylaryň ençemesiniň edaranyň işgärleri bilen jedelleşendigini lebaply çeşme gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, şondan soň elektrik energiýasy ýarym sagadyň dowamynda dikeldilipdir. Ýöne ýaşaýjylar meseläniň doly çözülendigine ynanmaýarlar we elektrik üpjünçiliginiň ýene-de kesilmejekdigine hiç hili kepilligiň ýokdugyny aýdýarlar.
Welaýatynyň käbir etraplarynda, şol sanda Çärjew etrabynyň birnäçe obasynda 12-nji iýuldan bäri elektrik togy günde dört-bäş gezek öçürilýär.
Guşçular obasynyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, welaýat hassahanasynyň golaýyndaky elektrik bekedinde transformatorlaryň aşa gyzmagy we ot almagy elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilmegine sebäp bolýar.
“Yssy 53 gradusa ýetýär. Transformatorlar aşa gyzyp, içinden ot alyp başlaýar. Ýangyny söndürmek üçin elektrik toguny öçürmäge mejbur bolýarlar” diýip, Guşçular obasynyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, bu elektrik bekedi töwerekdäki birnäçe obany energiýa bilen üpjün edýär. Ýöne näsazlyklaryň haçan düzediljekdigi barada ýaşaýjylara maglumat berilmeýär.
Şol bir wagtda ýaşaýjylar Çärjew etrap merkezi hassahanasynyň golaýynda polisiýa we prokuratura işgärleri üçin gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň aýratyn transformatorlar bilen üpjün edilendigini aýdýarlar.
“Etrap prokurory hem şol jaýlaryň birinde ýaşaýar. Şonuň üçin olaryň elektrik üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Ýöne adaty ýaşaýjylar yssyda kösenýärler” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Elektrik togunyň kesilmegi howanyň aşa gyzan günlerinde ilatyň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrýar. Oba ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, howlulardaky miweli agaçlaryň ýapraklary güne ýanýar, melleklerde ekilen bakja önümleri yssydan guraýar.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynyň häkimiýet resmilerinden teswir almak boýunça synanyşygy hem netije bermedi. Welaýat häkimliginiň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere edilen jaňlara hiç kim jogap bermedi.
Paýtagtda toguň güýji peseldi
Şu günler paýtagtyň merkezinden başga ýerinde ýaşaýyş jaýlarda tok örän pes berilýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri 20-nji iýulda habar berýärler.
"Aşgabadyň energiýa üpjünçilik kärhanasy paýtagtyň merkezini ýeterlik derejede elektroenergiýa bilen üpjün etmegi başarsa-da, paýtagtyň beýleki etraplarynda ýaşaýyş jaýlara berilýän tok örän pes" diýip, paýtagtyly çeşmeleriniň biri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýaşaýyş jaýlara berilmeli 220 woltyň ýerine toguň güýji 130W - 140W aralygynda. Muny ölçeýji gurallar görkezýär. Bu pes kuwwatly tok öýlerde elektrik enjamlarynyň, sowadyjylaryň işlemegi üçin ýeterlik däl.
Ýaşaýjylar soňky hepde adatdan daşary ýagdaýda gyzan howada, kyn ýagdaýda ýaşaýarlar we dürli kynçylyklary başdan geçirýärler.
"Paýtagt ilaty işden we okuwdan öýüne gaýdyp gelip, dymyk, yssy beton otaglarda, äpişge, gapysyny açyp goýup, şemal çekdirmäge synanyşyp, oňşuk etmeli bolýarlar" diýip, paýtagtly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Bu ýagdaýda ýaşaýjylar hiç hili çykalga tapman howanyň salkynlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
"Ýurtda tomus paslyndan, gyş paslynyň gowy bolýanlygyny aýdyp, adamlar tizräk gyş paslynyň gelmegine garaşýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.
Paýtagt ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, häkimiýetlere edilýän ýüzlenmeler netije bermeýär. Elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň gowşaklygynyň sebäpleri we ilatyň bu ýagdaýda näme etmelidigi barda resmi düşündiriş ýaşaýjylara ne energiýa kärhanalarynda, ne-de häkimliklerde berilýär diýip, aşgabatly ýaşaýjylar aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň paýtagty energiýa bilen üpjün edýän edaralardan we Energiýa ministrliginden resmi teswir almak boýunça eden birnäçe synanyşygy netije bermedi.
Soňky günlerde Türkmenabat şäherinde aşa yssy zerarly ýangyn howpunyň hem güýçlenendigini habarçylarymyz aýdýar.
Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiri 18-nji iýulda Türkmenabatda howa temperaturasynyň +47,4°C ýetip, 1894-nji ýyldan bäri howa şertlerini hasaba almak boýunça alnyp barlan syna görä, iň ýokary derede hasaba alnypdyr. Bu görkeziji 2022-nji ýylda +46,4°C ýeten öňki rekorddan 1,0°C ýokary bolupdyr. Maglumatda Aşgabada degişli howa +43,8° diýlip görkezilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum