Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Eýranyň harbylary Türkmenistana öz emeli hemrasy arkaly oppozision Iran International satellit kanalynyň signalyny berýändigi üçin “açyk duýduryş yglan etdi" diýip, Britaniýadan ýaýlym berýän kanalyň 16-njy martda media we hukuk toparlaryna ýollan beýanatynda aýdylýar.

Iran International özüniň ýaýlymy üçin Türkmenistanyň eýeçiligindäki TürkmenÄlem 52E/MonacoSat hemrasyny ulanýar.

Kanalynyň maglumatyna görä, bu haýbatlardan öň hemrany Eýranyň çäginde petiklemek synanyşyklary hem bolupdyr. Olaryň netijesinde kanal wagtlaýyn efirden gidipdir.

Iran International Eýranyň döwlet mediasynda çap edilen habarlara salgylanyp, ýurduň ýaragly güýçleriniň “Hatam al-Anbiýa” howa goranyş serkerdeliginiň ady agzalmadyk bir wekiliniň sözlerini getirýär.

Ol Iran International-y Eýrana garşy ýalan maglumatlary ýaýratmakda we ABŞ bilen Ysraýylyň bähbitlerine laýyklykda psihologik uruş alyp barmakda aýyplaýar. Şeýle hem, telekanaly goldamagy dowam etdirýän islendik tarapyň Eýran tarapyndan “nyşana alnyp bilinjekdigi” duýdurylýar.

Görnüşinden bu 16-njy martda giçlik eýran harbylarynyň Iran International bilen hyzmatdaşlyk etmezlik boýunça sebit döwletlerine eden haýbaty bilen bagly. Onda oppozisiýa bilen ilteşikli stansiýany goldamak üçin ulanylýan media infrastrukturasynyň “nyşanalaryň sanawyna giriziljekdigi” duýdurylýar.

“Sionistik Halkara Tory sebitdäki käbir ýurtlaryň satellit mümkinçiliklerini we media infrastrukturasyny ulanyp, ABŞ-nyň we sionistik režimiň maksatlary üçin dartgynlyk döretmek, ýalan gürrüňleri ýaýratmak boýunça hereket edýär... ” diýip, The Times of Israel neşiri “Hatam Al-Anbiýa” operatiw serkerdeliginiň 16-njy martda giçlik ýaýradan beýanatyny getirdi. “Biz size duýdurýarys, eger bu arwahy we şeýtany mediany goldamagy dowam etdirseňiz, munuň bilen bagly hyzmatdaşlyk elementleri Eýran Yslam Respublikasynyň nyşanalarynyň sanawyna goşular”

Bu haýbatda anyk döwletler ýa taraplar agzalmaýar. Ýene ýatlatsak, Iran Inernational Türkmenistanyň eýeçiligindäki TürkmenÄlem 52E/MonacoSat hemrasy arkaly ýaýlym berýär.

Iran International-yň ýaýradan beýanatynda, eýran harbylarynyň haýbatly beýanatyndan öň, Türkmenistana we Monako “açyk duýduryşlaryň” hem edilendigi nygtalýar.

Türkmenistanyň ilkinji hemrasy

TürkmenÄlem 52E/MonacoSat Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk hemrasydyr. Ol 2015-nji ýylyň 27-nji aprelinde Floridadan SpaceX Falcon 9 raketasy arkaly äleme uçuryldy. Hemra Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi (häzirki "Türkmenaragatnaşyk" agentligi) we Monakonyň "SSI-Monaco" kompaniýasynyň bilelikdäki taslamasydyr. Ol Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Milli kosmos agentliginiň operatory bolan “Türkmen hemrasy” ÝGPJ tarapyndan dolandyrylýar.

Bu hemra arkaly şol sanda Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Farda, BBC-niň pars dilli gullugy we beýleki tele we radio kanallar hem ýaýlym berýär.

Dünýäniň iň bir ýapyk we metbugaty berk çäklendirýän Türkmenistanyň häkimiýetlerinden soňky özgerişler, şol sanda Ýakyn Gündogaryň beýleki döwletlerine jogap zarbalaryny urýan eýran tarapynyň haýbatlary boýunça teswir almak başartmaýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem resmi reaksiýa bildirmedi.

Eýran harbylarynyň duýduryşynyň yz ýany, Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde Tähranyň "iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri" bolup durýandygyny aýtdy. Bu barada hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri 17-nji martda habar berdi.

Ali Mojtaba Ruzbehani Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen brifingde çykyş edip, Türkmenistanyň ýakynda iberen ynsanperwerlik kömegine hem minnetdarlyk bildiripdir.

Mojtaba Hameneýiň diri ýa däldigi näbelli

Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň täze ýokary lideriniň diridigine şübhe bildirdi.

“Biz onuň diri ýa däldigini bilemzok… Men ony hiç kimiň görmändigini, munuň adaty ýagdaý däldigini aýdýaryn” diýip, Tramp ABŞ-Ysraýyl zarbalarynyň ilkinji gününde öldürilen kakasynyň ornuna saýlanandygy 9-njy martda yglan edilen Aýatolla Mojtaba Hameneýi barada aýtdy. 56 ýaşly Hameneýi häzire çenli köpçüligiň öňünde görünmedi.

Trampyň sözlerine görä, 28-nji fewraldan bäri Eýranyň çäginde 7 müňden gowrak nyşana zarba uruldy, ýurduň harby-deňiz güýçleriniň 100-den gowrak gämisi ýok edildi we raketa hem-de dron atmak mümkinçilikleri göz-görtele peseldildi.

Söweş hereketleriniň näçe dowam etjekdigi baradaky nämälimlikleriň arasynda Trampdan urşuň şu hepde tamamlanyp-tamamlanmajakdygy soralanda, ol: “Meniň pikirimçe, ýok, emma ol ýakyn wagtda tamamlanar; bu uzaga çekmez” diýip jogap berdi.

Şol bir wagtda, Ysraýylyň goranmak ministri Israel Kats çykyş edip, Eýranyň howpsuzlyk ýolbaşçysy Ali Larijaniniň Tährana urlan zarbalaryň netijesinde öldürilendigini aýtdy.

Tähran bu beýanaty ret etmäge synanyşýan ýaly göründi.

Forum

XS
SM
MD
LG