Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gullukda agyr ýaralanan we kesellän öňki esgerler: Kynçylyklar öýde-de dowam edýär

Harby ulagdaky esgerler (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Harby ulagdaky esgerler (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Soňky aýlarda Lebapda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän ýaşlaryň arasynda saglyk ýagdaýynyň agyrlaşmagy, şikes alyp ýa-da agyr kesele ýolugyp, harby gullugy möhletinden öň tamamlamaga mejbur bolýan raýatlaryň göz-görtele köpelýändigini synlasa bolýar.

Öňki esgerleriň birnäçesi muňa gullukdaky agyr şertleriň, şol sanda ýiti azyk ýetmezçiliginiň we ýaramaz arassaçylyk şertleriniň sebäp bolýandygyny aýdýar. Şeýle-de, olar özleriniň kynçylyklarynyň öýlerine gelenden soňra hem dowam edýändigini belledi.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy harby gulluga sagdyn ýagdaýda gidip, emma gullugyny tamamlap bilmän, halk arasynda aýdylyşy ýaly, “komissiýa edilip” öýüne gaýdyp gelen ýaş ýigitleriň birnäçesiniň ykbalyny öwrenip, olar bilen söhbetdeş boldy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan öňki esgerler öz gürrüňlerinde dürli harby bölümler we wakalar barada gürrüň berdiler. Ýöne ikisini birleşdirýän bir ýagdaý göze ilýär: olar gulluga sagdyn gidip, öýlerine saglyk problemalary bilen dolanypdyrlar.

Harby gullugynyň sekizinji aýynda agyr ýaralanyp, ýakynda öýüne dolanan 19 ýaşly türkmenabatly öňki esger tankçylar bölüminde gulluk edendigini aýtdy.

Ýöne ol esgerleriň tanklarda tälim almakdan has köp dürli hojalyk we tanklary ýuwup-arassalamak işlerine çekilendigini we şeýle işleriň birinde agyr ýaralanandygyny gürrüň berdi.

“Dabanymdaky süňkler çym-pytrak boldy”

“Käte jeza hökmünde tanklary ýuwdurýardylar. Şol gün hem Soýuz döwründen galan, eýýäm şaýlara sökülýän tankyň kesilip aýrylan puşkasyny ýuwdurýardylar. Esgerler agyr demir bölegi arassalap duran mahaly olaryň ýanyna bir kapitan gelip, birden gygyrdy. Puşkany saklap duran esger gorkup gitdi-de, ony goýberdi. Ol göni meniň dabanyma gaçdy. Dabanymdaky süňkler çym-pytrak boldy” diýip, ýaş ýigit aýtdy.

Azatlyk söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olaryň haýsy harby bölümlerde gulluk edendigini aýtmakdan saklanýar.

Ol hassahanada operasiýa edilendigini, döwlen süňkleriniň ýerine metal konstruksiýanyň goýlandygyny we şondan soň özüniň harby gulluga ýaramsyzdygy aýdylyp, möhletinden öň öýüne iberilendigini aýtdy.

Ýöne onuň gürrüň bermegine görä, şondan soň başga bir mesele başlapdyr.

“Meni komissiýa etdiler. Ýöne hiç hili kompensasiýa tölenmedi. Gaýtam bäş ýyllap ýurtdan çykmazlyk çäklendirmesini goýdular. Iň bolmanda üçünji topar maýyplyk derejesini almak üçin hem 7 müň manat para soraýarlar. Häzir bu parany berip bilmeýänim üçin maýyplyk derejesini alyp bilmeýärin” diýip, öňki esger belledi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan lebaply ýene bir öňki esger bolsa, harby gullugynyň dördünji aýynda ýaralanman, harby bölümdäki ýiti azyk ýetmezçiliginiň arasynda, agyr kesel bilen keselländigini gürrüň berdi.

“Şähere çykyp, ýaşaýjylardan nahar dilärdik”

“Serhetabatdaky harby bölümleriň birine iberildim. Bu ýerde esgerleriň arasynda iýmit ýetmezçiliginiň we arassaçylyk şertleriniň ýagdaýy gaty agyrdy. Gelýän az möçberli önümleriň köpüsini ofiserler öýlerine äkidýärdi. Käwagt şäheriň içine çykyp, ýaşaýjylardan nahar dilärdik. Olar hem ýagdaýymyzy bilýärdiler, esgerlere iýmit berýärdiler” diýip, ol gürrüň berdi.

Ol bu şertleriň arasynda, aradan dört aý hem geçmänkä, çaltlyk bilen 10 kilogram horlanandygyny we beden temperaturasynyň dyngysyz ýokarlanandygyny hem-de hassahana düşendigini aýtdy.

“Öýkenimde suw ýygnanypdyr. Gapdalymdan deşip, şlang goýdular-da, öýkenimiň töweregindäki suwy çykardylar. Kakam hassahana ýetip gelenden soň, bir hepdäniň içinde meni ýuwaşlyk bilen komissiýa etdiler. Harby biletimi hem berdiler” diýip, ýaş ýigit gürrüň berdi.

Ol gullukdan soň saglygynyň kem-kemden gowulaşandygyny, soňra bolsa daşary ýurtda okuwyny dowam etdirmek isländigini aýdýar. Emma onuň sözlerine görä, ol şol wagt özüniň bäş ýyllap ýurtdan çykmagyna çäklendirme goýlandygyny bilip galýar.

“Häzir araçy tapdyk. Oňa 2 müň dollar berdik. Daşary ýurda çykyp bilsem, soň şol puly hem işläp gazanmaly bolaryn” diýip, lebaply ýigit aýtdy.

"Maýyplygy resmileşdirmekdäki we ýurtdan çykmakdaky kynçylyklar saklanýar"

Habarçymyz soňky aýlarda harby gullukda agyr şikeslenip ýa-da agyr kesele ýolugyp, wagtyndan ir öýüne dolanan ýaşlaryň başga-da ençemesiniň döwlet tarapyndan ýeterlik sosial goldaw almak, maýyplyk derejesini resmileşdirmek ýa-da daşary ýurda çykmak ýaly meselelerde kynçylyk çekmegi dowam etdirýändigini belleýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň goşunynda harby gullugy geçýän döwri ýaralanýan, agyr keselleýän, maýyp bolýan, saglyk ýagdaýyndan, keselçilikden, urlup-ýenjilmelerden ýa-da beýleki sebäplerden ölýän, özüni heläkleýän esgerler we olaryň sany baradaky maglumatlar ilat köpçüligine aç-açan mälim edilmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary, harby çeşmeleri we türkmenistanlylar hökmany gulluk borjuny berjaý edýän esgerleriň urlup-ýenjilmegi, saglyk ýagdaýynyň agyrlaşmagy, agyr ýaralanmagy ýa-da tarpa-taýyn aradan çykmagy, şeýle-de harby bölümlerde azyk üpjünçiliginiň we arassaçylyk şertlerini ýaramazdygy barada habar berip gelýärler.

Mundan başga-da, soňky ýyllarda türkmen goşunyndaky esger ýetmezçiliginiň saglyk ýagdaýy sebäpli harby gulluk borjuny berjaý edip bilmeýän raýatlaryň hem gulluga alynmagyna getirendigi barada habarçylarymyz aýdyp gelýärler.

Ýurtda gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda döwlet tarapyndan alada edilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Türkmenistanyň kanunçylygy çagyryşa degişli raýatlar üçin alternatiw raýat gullugy mümkinçiligini hödürlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG