Balkan welaýatynda, öňümizdäki günlerde ýurtda belleniljek uly seneleriň öň ýanynda, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Günbatar welaýatyň ýaşaýjylary bu görnüşdäki berk gözegçiligiň ýurt garaşsyzlygyny alany bäri, ýagny soňky 35 ýylyň dowamynda heniz görülmändigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Uly edara-kärhanalaryň binalarynyň daşynda we her köçede, şeýle-de banklaryň daşynda iki polisiýa ofiseri gije-gündiz nobatçylyk çekip başlady. Kemerinde pistoletli we ellerinde rezin taýakly iş formalaryndaky polisiýa işgärleri ähli uly binalaryň daşynda, şol sanda adamlaryň kän barýan ýerlerinde durup, heniz baýramçylyga 15 günden hem köp wagt galanda adatdan daşary howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler. Köçelerde raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleri hem juda köp” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistan şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge we 27-nji sentýabrynda ýurt garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar.
Ýurduň günbatar welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde ýazgyda durmadyk beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylary hem saklanyp, polisiýa tarapyndan öz ýaşaýan sebitlerine iberilýär.
"Olara jenaýatçylar ýaly çemeleşýärler, gödek daraýarlar..."
“Bu ýaşaýjylary kowup, olara Garaşsyzlyk baýramy geçýänçä gelmezligi tabşyrýarlar. Şeýle-de, olaryň ýaşan kwartiralarynda polisiýa barlaglary geçirilýär. Olar hem welaýat ýaşaýjylaryna, hem-de olara kwartiralaryny kireýine beren balkanlylara jenaýatçylar ýaly çemeleşýärler, gödek daraýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, sebitiň polisiýasy köçelerde birneme gaty gürleýän ýaşaýjylara, daşky egin-eşikleri köne we sakgaly birneme ösgün bolan adamlara hem gözegçiligi güýçlendirdi.
“Polisiýa işgärleri bu adamlary saklap, sakgalyny syrmaga we daşky egin-eşiklerine üns bermegi, has täze eşikleri geýmegi talap edýärler. Olar köçede gaty gürleýän adamlara hem seslerini gataltmazlygy tabşyrýarlar. Raýatlar, hamala, özlerini türmede ýaly duýýarlar” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy bu çäklendirmeleriň köp ýaşaýjyda nägilelik döredýändigini hem anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, sebitde hasaba alnan arakhorlar hem saklanyp, 20 günlük tussaglyk şertinde etraplardaky pagta meýdanlaryna ugradylýar.
“Bu ýerde olar pagta ýygmaga mejbur edilýärler” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.
Sebit häkimiýetleri howpsuzlyk çäreleri we bularyň sebäpleri barada ilat köpçüligine aç-açan maglumat bermeýärler. Bu barada ýerli metbugatda hem kelam agyz söz aýdylmaýar.
"Köçelerde heniz bu derejede köp polisiýa ofiseri göze ilmändi"
Ýöne welaýat ýaşaýjylary bu görnüşdäki berk gözegçiligiň ýurt garaşsyzlygyny alany bäri, ýagny soňky 35 ýylyň dowamynda heniz hasaba alynmandygyny aýdyp, bu ýagdaýlaryň ilat arasynda howsala döredýändigini aýdýarlar.
“Balkanabadyň köçelerinde heniz bu derejede köp polisiýa ofiseri göze ilmändi. Ýurdumyzda uly talaňçylyk ýok. Howpsuzlygy bu dereje berkitmek diňe ýokardakylaryň janyny saklamak howatyrlaryndan başga zat däl” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, ýaşaýjylar bu ýagdaýlaryň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde çykaryljak, kabul ediljek kararlaryň halkyň zyýanyna boljakdygy baradaky çaklamalary güýçlendirýändigini hem belleýärler.
“Adamlar ‘bu çärelerden diňe bir zady – halk bähbidine ters gelýän kararlaryň kabul ediljekdigini çaklamak mümkin’ diýýärler. Olar ‘hökümet halkyň aýaga galmagyndan gorkup howpsuzlygy berkidýär’ diýen pikire gelýärler” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda welaýat häkimliginden we Polisiýa müdirliginden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 8-nji sentýabrda bu edaralara eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
"Howsalaly we nägilelik gürrüňleri..."
“Döwlet adam üçindir” şygar astynda ýurtda iň ýokary konstitusion ygtyýarlygy amala aşyrýan garaşsyz wekilçilik edarasy hökmünde döredilen Halk maslahatyna öňki prezident we häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu edaranyň nobatdaky mejlisinde edilmegi göz öňünde tutulýan anyk teklipler barada ilat köpçüligine aç-açan maglumat bermeýärler.
Ýöne ýurtda ykdysady kynçylyklaryň giňemegi, etiň we beýleki gündelik azyk önümleriniň bahalarynyň ep-esli artmagy bilen, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ilat arasynda eýýämden “howsalaly we nägilelik gürrüňlerini” köpeldip başlandygy barada habarçylarymyz awgust aýynyň başyndan bäri habar berip gelýärler.
Geçen ýylky Halk maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň 10% ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklibi öňe sürlüpdi. Şonda bu teklip häkimiýetler tarapyndan ne makullanypdy, ne-de ret edilipdi. Emma sentýabrda edilen şol teklip, täze ýyldan durmuşa geçirilip, ilatyň girdejileri 10% ýokarlandyrylmady. Hökümet bu çäresini resmi taýdan ne yglan etdi, ne-de düşündirdi.
Şeýle-de, bu edaranyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde ilata 30 ýyla golaý wagt mugt berlen elektrik, gaz we suw ýaly ýeňillikleri ýatyrmak teklip edildi. Bu teklip 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girip, ýurtda elektrik, gaz we suw tölegli edildi. Türkmen hökümeti munuň sebäbini ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen düşündirdi. Ýöne habarçylarymyz ýurtda bu tölegleri töläp bilmeýän hojalyklaryň köpdügini ýygy-ýygydan aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum