Ýurduň Ýaragly güýçleriniň maddy üpjünçilik meseleleriniň çözgüdine goşant goşmak üçin açylan täze dellekhanalar bu ugurdan gazanç edýän telekeçileriň we hünärmenleriň eklenç mümkinçiligine ‘ýaramaz täsir edýär’, iş ýerleri ýapylýar diýip, Balkan sebitindäki çeşmeler we habarçymyz habar berýär.
Azatlyk döwletiň gatyşmagynda ýa-da açyk goldamagynda açylýan iş orunlarynyň ýokardan ýa kanun esasynda goragy bolmadyk hususy kärhanalaryň eýelerine uly zyýan ýetirýändigini, hususy iş ýerleriniň ýapylmagyna, işsiz adamlaryň barha köpelmegine sebäp bolýandygyny mundan öňem ençeme gezek habar beripdi.
Täze açylan dellekhanalarda sebitdäki harby bölümleriň esgerleri işleýär we olar müşderilere raýat dellekhanalaryndakydan arzanrak hyzmat hödürläp, aňsat artykmaçlyk gazanýarlar diýip, bu maglumaty birnäçe hünärmen tassyk etdi.
10 delllekhananyň ýedisi işini ýapmaly boldy
“Esgerler Kenar bazarynyň golaýynda täze dellekhana açdy, bazaryň töwereginde ýerleşýän 10-dan gowurak hususy dellekhananyň 7-si dürli basyşlar we müşderileriniň azalmagy sebäpli öz işlerini ýapmaly boldy. Janga we Tretiý etrapçalaryndaky hususy dellekhanalaryň birnäçesi, harbylar dellekhana açanlaryndan soň, dürli sebäplere görä ýapyldy” diýip, çeşme habar berdi.
Azatlygyň habarçysy iki ýyllyk goşun gullugyna alnan esgerleriň dellekhanalarda geçýän ‘harby gullugy’ bilen gyzyklanyp, Türkmenbaşyda 10-a golaý, Balkanabatda 15 töweregi täze dellekhananyň açylandygyny anyklady.
Bu şäherlerde öňden bäri işleýän dellekhanalaryň işgärleri esger dellekleriň soňky aýlarda ýerli hünärmenleriň gazanýan çörek puluny ‘ýarym edýändigini’ gürrüň berdiler.
Türkmenbaşynyň esasy gelim-gidimli nokatlarynda açylan esger dellekhanalarynyň her birinde günde on töweregi erkek saçyny bejerdýär we beýleki dellek hyzmatlaryny alýar, olaryň hyzmatlary adaty raýat dellekleriniň kesgitlän nyrhlaryndan azyndan on manat arzan diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýtdylar.
Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, köp adamyň aýlykdan-aýlyga zordan ýetýändigi sebäpli, harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyndaky iki-üç manat tapawut hem ilaty özüne çekip ýa-da özünden daşlaşdyryp bilýär diýiň, ýerli ykdysatçy döwletiň harby bölümler üçin tapan çykalgasynyň iş bazaryndaky ýagdaýa ýaramaz täsir edendigi bilen ylalaşdy.
Dellekler döwletiň özlerine 'adalatsyzlyk edendigini' aýdýarlar
Raýat dellekleri bu çözgüdiň öz işine, hünärine ençeme ýyl sarp eden adamlar üçin ‘adalatsyzlyk bolandygyny’ öňe sürýärler.
“Dellekçilik tejribesi az, 18-20 ýaşly esgerleriň işiniň hili o diýen ýokary bolmasa-da, olaryň kesýän nyrhlary uly rol oýnaýar. Häzirki durmuş şertlerinde 10 manat tygşytlamagy uly aw bilýän adamlar öň barýan nokatlaryny taşlap, esger dellekhanalarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar” diýip, türkmenbaşyly hünärmen aýtdy.
Onuň sözlerine görä, öňden işläp gelýän we dellekçilikden maşgala eklän hünärmenleriň köpüsi indi öz işleýän ýeriniň jaý gölegini, ‘arenda puluny hem ýapyp bilmeýär’.
Azatlygyň habarçylary mundan öň türkmen goşunyndaky azyk ýetmezçiligi, adaty ýagdaýa öwrülen korrupsiýa we beýleki kynçylyklar, işden çykmak isleýän ofiserleriň köpelmeginiň sebäpleri hakynda ençeme gezek habar beripdiler. Emma türkmen häkimiýetleri türkmen goşunynda dörändigi aýdylýan meseleleri ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.
Türkmen goşunynda dörändigi aýdylýan agyr ýagdaý, rus wagyzçylarynyň käbiriniň soňky döwürde öňki sowet respublikalarynyň garaşsyz ýurt bolup galmagyny açyk sorag astyna almagy bilen, türkmenistanlylarda uly alada döredýär.
Esger dellekhanalaryny öz gazançlaryna howp hasaplaýan hünärmenleriň käbiri döwletiň, eger-de ekläp bilmejek bolsa, esgerleriň sanyny azaltmalydygyny aýdýar.
“Döwlet harby bölümleri saklap, esgerleri ekläp bilmeýän bolsa, esger sanyny azaldyp, alternatiw gulluk tertibine geçsin. Biz onsuzam nalok, arenda, elektrik üçin döwlete pul töleýäris. Her gün 2 müşderi ýa gelýär, ýa gelenok. Sebäbi biziň 40 manatdan hödürleýän hyzmatymyzy esgerler 30 manatdan hödürleýär” diýip, türkmenbaşyly dellek aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu ýerde olara ‘uly haksyzlyk edilýär’, esgerler işleýän ýerleri üçin jaý, arenda puluny we salgyt tölemeýär.
Esger dellekhanalary ilatyň saglygyna 'wehim salýar'
Şeýle-de, hünärmeniň tassyklamagyna görä, esger dellekahanalarynda bu iş üçin zerur bolan arassaçylyk düzgünleri ýeterlik derejede saklanmaýar, raýat dellekhanalaryndan edilýän berk talaplar, güýç gurluşlarynyň göz ýummagy netijesinde, esger dellekleriň öňünde goýulmaýar.
“Biziň ähli zadymyz ýokary hilli, stirillenen, adamlar esgerleriň arassaçylyk, gigiýena [düzgünelerine] gabat gelmeýän hyzmatyndan gorkman, dürli gepatit ýa-da beýleki dermatit keselleriniň ýokuşyp biljekdigi hakynda oýlaman, 10 manat bähbidini gözleýärler” diýip, söhbetdeşimiz esger dellekhanalarynyň ilat arasyna dürli näsaglyklaryň ýaýramak howpuny hem salýandygyny belledi.
20 ýyl işlän işiniň elinden harby gulluga gelmezinden gaýçy tutup görmedik öwrenje dellekler tarapyndan alnandygyny aýdan Aleksandr işini ýitirenine gaty gynanýandygyny, sebäbi saç bejermekden başga iş edip görmändigini gürrüň berdi.
“Şäherde iş ýok, saç deňemekden başga işi başaramok. Iş gözläp görmek üçin Gruziýa gidip barýan” diýip, özüni Saşa diýip tanadan dellek Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, agyr işsizlik barada aýdylýanlary resmi ýatdan boýun almaýar we döwlet eýeçiligindäki metbugatda ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň ýyl-ýyldan gowulaşýandygyny tekrarlaýar.
Türkmenistan maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlygyň žurnalistleri resmiler bilen göni habarlaşyp, hiç bir mesele boýunça açyk düşündiriş alyp bilmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum