Lebabyň Türkmenabat şäherinde filmleriň we kompýuter oýunlarynyň disklerini satýan söwdagärler polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alynýar. Şäheriň esasy bazarlaryna, şol sanda “Gök” bazara reýd geçirýän polisiýa işgärleri söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygyny aýdýarlar.
Şol bir wagtda, söwdagärler reýdleri özlerinden “para almagyň bir usuly” atlandyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada söwdagärleriň ýakyn hossarlarynyň we polisiýadaky çeşmelerimiziň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna maglumat berdi.
“Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda polisiýanyň film we kompýuter oýun disklerini satýan söwdagärlere garşy geçirýän reýdleriniň gerimi artdy. Olar bu önümleriň ‘bikanun ýollar bilen alnyň ýaýradylýandygyny’, söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygyny aýdýarlar” diýip, söwdagärleriň biriniň ýakyn hossary anonimlik şertinde aýtdy.
Ýagdaýlardan habarly şäheriň “Gök” bazaryndaky telekeçileriň we şäheriň polisiýa bölümindäki çeşmelerimiziň birnäçesi hem bu maglumatlary tassyklaýar.
Olaryň sözlerine görä, polisiýa işgärleri diskleriň söwdasyny edýän satyjylary ähli önümleriniň ellerinden alynjakdygy we uly möçberde jerime salynjakdygy bilen gorkuzýarlar.
“Käbir ýagdaýlarda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 377-nji maddasyna salgylanmak arkaly satyjylara garşy çäre görüljekdigi aýdylýar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.
Jenaýat kodeksiniň 377-nji maddasynda maglumatyň bikanun eýelenmeginiň bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasyna eltip biljekdigi kesgitlenýär.
Şol bir wagtda, çeşmelerimiz we söwdagärleriň ýakyn hossarlary bu ýagdaýlaryň köpüsiniň resmi jenaýat işine ýetmän, para talap etmek bilen tamamlanýandygyny aýdýarlar.
“Umuman satyjylar söwdalaryny dowam etdirmek üçin her aý girdejileriniň takmynan 5 göterimini polisiýa işgärlerine para hökmünde bermäge mejbur bolýarlar. Ýöne olar söwdanyň bu usulyny resmileşdirmek üçin edilmeli işleriň nämedigi barada berilýän soraglara jogap bermeýärler. Söwdagärleriň bu babatda ýerli söwda edarasyna edýän ýüzlenmelerine hem anyk jogap berilmeýär” diýip, söwdagärleriň ýene biriniň ýakyn hossary anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda film we kompýuter oýun diskleriniň söwdasy onlarça ýyl bäri bazarlarda giňden alnyp barylýar. Habarçymyz şeýle önümleriň köpüsiniň resmi däl ýollar arkaly Internetden alnyp, disk görnüşinde alyjylara hödürlenýändigini aýdýar. Türkmenabatda bu söwda esasan “Gök” bazaryň töwereginde hem-de beýleki ownuk bazarlarda jemlenýär.
Polisiýadaky çeşmelerimiz satyjylara ýyllarboýy rugsat berlen söwdanyň bu görnüşine gözegçiligiň güýçlenmegini, aýlygyň azlygy we durmuş hyzmatlarynyň yzygiderli gymmatlamagy bilen düşündirýärler.
“Hökümetiň berýän aýlygy ýeterlik däl. Şonuň üçin käbir işgärler goşmaça girdeji gözleýärler. Disk satyjylarynyň işi bolsa olar üçin amatly we ýeňil mümkinçilik bolýar. Sebäbi olary Jenaýat kodeksiniň 377-nji maddasy esasynda aýyplap bolýar” diýip, çeşmämiz aýdýar.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäheriň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden we ýurduň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň ýerli edarasyndan resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 21-nji aprelde eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda ilatyň Internet elýeterliliginiň çäkliligi we köp sanly saýtlaryň petikli saklanýandygy sebäpli ilat arasynda disk görnüşinde satylýan filmlere we oýunlara bolan isleg uly bolmagynda galýar.
Halkara barlaglarda dünýäde iň haýal we gymmat Internetli ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde, Internet azatlygyny gysmakda ýyllarboýy tankyt edilýär. Ýurtda Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmeleri, şol sanda garaşsyz habar serişdeleri we iri sosial torlar hem berk petik astynda saklanýar.
Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler ýurtda sanly ulgamlaryň ösdürilýändigini, tas ähli pudaklara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum