Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasy üçin sürüjilerden para almak mümkinçiligini döretdi


Ýol polisiýasy awtoulaglarynyň daş ýüzi hapa sürüjileri saklap, olara jerime salmak ýa-da olardan para almak çärelerini güýçlendirdi. (Illýustrasiýa suraty)
Ýol polisiýasy awtoulaglarynyň daş ýüzi hapa sürüjileri saklap, olara jerime salmak ýa-da olardan para almak çärelerini güýçlendirdi. (Illýustrasiýa suraty)

Maryda uzak arakesmeden soň ýagyş ýagdy. Sebitde ýygy-ýygydan ýüze çykýan tozanly howanyň birneme arassalanmagyna getiren ýagyn köp adamy begendirdi. Beýleki tarapdan, bu ýagyş polisiýa işgärleri üçin goşmaça gazanç etmek, ýagny ulaglarynyň daş ýüzi hapa sürüjilerden para almak mümkinçiligini döretdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy ýanwarda sebitden maglumat berdi.

Mary welaýaty ençeme wagt bäri ygalsyz, ýagynsyz tozan basyp durdy. Adamlar 15-nji ýanwarda irden Baýramaly etrabynda ýagan ýagşa begendiler. Sebäbi ýagyş howada köp wagt bäri saklanyp duran tozany ýatyrdy” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ýagyn diňenden soň, öýlän wagty etrabyň arassaçylyk gullugynyň işgärleri köçeleri arassalap başladylar.

Munuň bilen bir wagtda, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri awtoulaglarynyň daş ýüzi hapa sürüjileri saklap, olara jerime salmak ýa-da olardan para almak çärelerini güýçlendirdiler.

“Adatça bolşy ýaly, sebitde ýagan ýagyş ýol polisiýasynyň bähbidine boldy. Olar adamlaryň ulaglaryny ýuwup ýetişmegine garaşman, olara wagt bermän, dessine köçelere çykdylar” diýip, maryly sürüji belledi.

Sürüjileriň sözlerine görä, polisiýa işgärleri jerimäniň möçberini aýtmakdan saklanýarlar. Bu bolsa, köp adamyň meýletin para bermegine we onuň möçberiniň dürli-dürli bolmagyna sebäp bolýar.

“Baýramalynyň geňeşlikleriniň köçeleri sähel ýagyn ýagsa, palçyk bolýar. Polisiýa ulagymy saklap, daşynyň hapadygyny, jerime ýazjakdygyny aýtdy. Men jerimäniň näçe manatdygyny soranymda, ol ‘baryp töläniňde bilersiň’ diýdi. Men jerimäniň has köp bolmagyndan we ony tölemek üçin azyndan ýarym gün ýitirmekden aladalanyp, oňa 10 manat hödür etdim. Ol ‘munyň az, iki sany edip, 20 manat ber’ diýdi. Men 20 manat berip gaýtdym” diýip, sürüji belledi.

Marynyň etraplarynda ýagyş-ýagmyrdan soň, hatardan çykan köçelerdäki batgalyk sebäpli awtoulaglary hapalanýan sürüjiler polisiýa işgärlerine öz ýagdaýlaryny düşündirmäge çalyşýarlar.

Ýöne polisiýa işgärleri olara “özlerine-de bu barada başlyklaryndan tabşyryk berlendigini, her işgäriň belli bir möçberdäki parany başlyga eltip tabşyrmalydygyny, ýogsa işinden mahrum bolýandygyny” aýdýarlar.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýerli edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Ýurtda ýol polisiýasynyň ýagşyň yz ýany, awtoulaglarynyň daş ýüzi hapa sürüjileri saklap, olara jerime salmak ýa-da olardan para almak çäreleri ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Şeýle ýagdaýlar barada Azatlygyň Marydaky habarçylary geçen ýylyň noýabrynda hem habar beripdiler. Şonda sürüjiler 20 manatdan başlanýan paranyň, polisiýanyň tapan bahanasyna laýyklykda, 40, 50 manada ýetýän wagtlarynyň bolýandygy hem aýdypdylar.

Türkmenistanda awtoulag sürüjileri onýyllyklaryň dowamynda PÝGG-niň para talaplary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Polisiýa işgärleri köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine köplenç “para talaplary” bilen gözegçilik etmegi saýlap alýarlar.

Sürüjiler köçelerde goýulmaly edilen wideo gözegçiliginiň bolmazlygynyň polisiýa işgärleriniň öz wezipelerini bikanun ulanmagyna ‘giň ýol açýandygyny’ aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Bellesek, köçelerde ulaglaryň arassa bolmalydygy baradaky talap Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hem bar. Ýöne bu ýurtlaryň kanunçylygynda ulagyň arassaçylygy bilen bagly talap, esasan onuň döwlet belgisiniň görülmelidigi bilen çäklenýär. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak, Özbek, Gyrgyz gulluklarynyň žurnalistleriniň tassyklamagyna görä, ýol polisiýasy ýagyndan soň köçä çykyp, ýöriteläp hapa ulaglary gözlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG