Türkmenistanda çuňlaşýan ykdysady çökgünligiň arasynda, bilim pudagyndaky maddy üpjünçilik meseleleri has çylşyrymlaşyp, orta mekdepleriň ene-atalardan ýygnalyp alynýan serişdelere barha kän mätäç bolýandygy aýdylýar. “Türkmenistanyň Hronikasy” golaýda mugallymlaryň ene-atalara mekdep zerurlyklary üçin gazna döretmeli boljakdyklaryny aýdandygyny habar berdi.
Azatlyk mekdeplerdäki 'mätäçligiň' gerimini öwrenmegi dowam etdirýär, habarçylarymyz bilim hünärmenleri, ene-atalar bilen gürleşip, has anyk maglumatlary toplamaga çalyşýarlar.
Türkmen häkimiýetleri bilim pudagyndaky meseleleri, hususan-da ÝOJ-lardaky korrupsiýany seýrek ýagdaýda tassyklap, mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryndan ýygnalýan pullar barada çykýan habarlara resmi düşündiriş bermeýärler.
Türkmen kanunçylygy, bilim ulgamyny we degişli durmuş-ykdysady şertleri döretmek arkaly, döwletiň raýatlaryň bilim almaga bolan hukugyny üpjün edýändigini aýdýar. Şeýle-de, kanunda raýatlaryň umumy orta bilim almagynyň hökmanydygy, ol bilimiň tölegsizdigi bellenýär.
Mekdeplerdäki bikanun salgyt 'kadalaşdyrylýarmy'?
Emma muňa garamazdan, soňky onýyllyklarda türkmen mekdepleri ene-atalara yzygiderli ‘salgyt salyp’, olardan mekdep harajatlary üçin yzygiderli pul alýar diýip, Azatlygyň habarçylary we çeşmeler habar berýärler.
Türkmenistanly mazmun döredijiler sentýabr sosial mediada mekdeplerde ady ýalňyşly çykarylan kitabyň ulanylýandygyna ünsi çekdiler. Habarçylarymyzyň okuw kitaplarynyň hili we ýetmezçiligi barada berýän habarlaryna garamazdan, Bilim ministrliginiň emeldarlary emele gelen ýagdaý barada hiç bir düşündiriş bermeýärler.
Bilimdäki salgyt diňe mekdep okuwçylaryna salynmaýar, ÝOJ-laryň studentlerine hem salynýar.
Okuw ýylynyň başlanmagy bilen, sentýabrda alan maglumatlarymyza görä, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) okuwa başlan talyplardan ‘pul ýygnamak işlerine badalga berildi’.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen talyplar şonda ýygnalýan pul serişdesiniň ýurtdaky iň pes aýlyga barabardygyny, bu ýagdaýda bäşinji kursa ýetmegiň kyn boljakdygyny aýtdylar.
Şeýle-de, bu ýyl 1-nji synpa ýazylan çagalaryň sanynyň ýene-de azalandygy, ýurduň gündogar, günorta we günbatar sebitlerinde okuwa gelmän, dürli işlerde işleýän okuwçylaryň sanynyň ýüzlerçe bolandygy habar berildi.
Diňe sebitlerdäki, etrap we oba ýerlerindäki mekdepler däl, paýtagtdaky mekdepler hem dowamly serişde ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýip, aşgabatly bilim hünärmeni aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türk-türkmen mekdeplerinde gowy bilim alan we türkmen çagalaryna gowy bilim berip biljek ýaş pedagoglar, mekdeplerde berilýän aýlyklaryň juda az bolmagy sebäpli, köplenç başga ugurlara gidip işleýär, türkmen, rus dillerini gowy bilýän iňlis dili mugallymlary daşary ýurtlarda işlemäge, raýatlyk alyp galmaga köp ýykgyn edýär.
Türkmenistandaky ÝOJ-lara girmekde döredilen emeli kynçylyklar, bilim hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, barha kän raýatyň daşary ýurtlara okamaga gitmegine sebäp bolýar. rus metbugatynyň maglumatyna görä, häzir Russiýanyň ÝOJ-larynda 57 müňden gowrak türkmenistanly bilim alýar.
Beýni göçi döwletiň esasy aladalarynyň 'birine öwrülýär'
Ýerli synçylaryň biri mekdeplerdäki bilimiň hiliniň 'bilkastdan peseldilýändigini' öňe sürdi we muny beýni göçüniň öňüni almak synanyşygy bilen baglanyşdyrdy.
Azatlyk bu aýdylýana resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Garaşsyz ýagdaýda barlap bolmaýan habarlara görä, mekdep müdirleri, ene-atalaryň hasabyna doldurulmaly gazna döredip, mekdep üçin goşmaça maliýe serişdesini toplamagyň aladasyny edýärler. Käbir çaklamalara görä, bu çäreler bilim pudagyndaky maliýeleşdirmäniň kemeldilmek ähtimallygy baradaky aladalar bilen bagly.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, geçen hepde synp mugallymlary ene-atalara mekdep zerurlyklaryn üçin ýörite gazna döretmeli boljakdygyny barada habar berdiler.
Aýdylmagyna görä, bu gazna her okuwçynyň goşýan goşandy her çärýekde 20 manatdan az bolmaly däl.
TH bu maglumaty Aşgabadyň 7-nji, 15-nji we 42-nji mekdeplerinde 30-njy oktýabrda geçirilendigi aýdylýan ýygnaklara salgylanyp çap etdi we bu başlangyjyň şäher bilim bölümine degişli bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.
Şol bir wagtda, 12-nji synp okuwçylaryna, gutardyş dabaralary üçin, 800 manatdan pul tabşyrmaly boljakdyklary duýdurylypdyr.
Mundan başga, oktýabr aýynda ÝOJ-larda pully okaýan studentleriň ikinji semestr üçin okuw töleglerini öňünden tölemegi talap edildi diýip, habarda bellenýär.
Azatlygyň habarçylary mekdeplerdäki maddy ýagdaý, mugallymlaryň aýlyklary, sol sanda çagalara berilýän bilimiň hiliniň peselmeginiň mümkin bolan sebäpleri barada yzygiderli habar berýärler.
Ýewropada ýaşaýan türkmen, öňki pedagog Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşip, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wada berem bilim özgertmelerinden ‘uly tama edendigini’, emma ýurduň bilim pudagynda 1990-njy ýyllaryň başynda, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan başlanan ‘peselişiň’ köp derejede dowam etdýändigini öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, ýurt ýolbaşçylary ilatyň bilimli bolmagyny isleýäne meňzemeýär.
Azatlyk ýurduň bilim pudagyndaky meseleler barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum