Dünýä geosyýasy landşaftyň üýtgemegi bilen "aýgytly pursat" bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 13-nji fewralda Germaniýanyň Mýunhen şäherine Howpsuzlyk Konferensiýasyna (MSC) gelmezden öň aýtdy. Bu konferensiýada ýewropaly resmiler Waşingtonyň kontinent bilen gatnaşyklaryny nähili üýtgedýändigini anyklamak isleýärler.
"Dünýä biziň öňümizde örän çalt üýtgeýär. Köne dünýä - meniň ulalan dünýäm, açyk aýtsam, ýok boldy we biz geosyýasatda täze döwürde ýaşaýarys, bu biziň hemmämiziň munuň nähili boljakdygyny we biziň rolymyzyň nähilidigini täzeden gözden geçirmegimizi talap eder" diýip, Rubio Merilendde Andrews bazasyndan uçmazdan öň eden beýanatynda aýtdy.
Rubio Mýunhene geleninden birnäçe sagat soň Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi bilen ikitaraplaýyn gepleşik üçin duşuşdy. Ol ýola düşmezden öň Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy, emma muňa "100%" ynam bildirmedi.
Gyşyň aýazynda ýüzlerçe müň adamy sowuga we garaňkylyga çümdüren Orsýetiň Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna dowam etdirýän hüjümleri barada soralanda, Rubio Waşingtonyň parahatçylyk tagallalaryny dowam etdirmeginiň sebäbiniň şudygyny aýtdy.
"Adamlar ejir çekýärler. Bu ýylyň iň sowuk wagty. Bu, göz öňüne getirip bolmajak ejirdir" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Rubio bilen gürleşmäge garaşýandygyny aýtdy.
"Biz iň ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklarymyzy dowam etdirmäge gyzyklanarys" diýip, Sybiha Germaniýanyň daşary işler ministri Ýohann Wadeful bilen birlikde Mýunhendäki Ukrain öýünde dron sergisine gelen myhmanlary garşylan wagtynda aýtdy.
"Diňe [ABŞ-nyň prezidenti Donald] Tramp urşy bes edip bilerdi, diňe amerikan tarapy" diýip, Sybiha Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Tramp 2025-nji ýylyň ýanwarynda prezidentlige gaýdyp geleninde Orsýetiň Ukraina garşy urşuny bes etmegi ileri tutdy, ýöne Moskwa ylalaşyk üçin taýýardygyny az görkezdi we ABŞ-Orsýet-Ukraina gepleşikleriniň ýakynda geçirilen iki tapgyry taraplaryň Ukrainanyň Donbas sebitindäki territoriýa gözegçiligi ýaly esasy meselelerde dawalaşmagyna sebäp boldy.
13-nji fewralda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow täze tapgyryň 17-18-nji fewralda Ženewada geçiriljekdigini aýtdy. Birleşen Ştatlardan ýa-da Ukrainadan bu barada dessine habar berilmedi.
"Bilelikde gazanyp biljek iň möhüm zadymyz urşuň parahatçylyk bilen abraýly tamamlanmagy we Ukraina hem-de tutuş Ýewropa üçin ygtybarly howpsuzlyk kepillikleriniň döredilmegi - şeýdip Ýewropada hiç kim goragsyz galmakdan gorkmasyn" diýip, Zelenskiý Mýunhene barýandygyny görkezýän wideolary bilen bilelikde X-da çap eden maglumatynda aýtdy.
Mýunhendäki Howpsuzlyk konferensiýasynyň guramaçylary şu ýylky çäräniň iň uly duşuşykdygyny, 50 töweregi hökümet baştutanyny we öňdebaryjy diplomatlary öz içine alýan 1000-den gowrak wekiliň gatnaşýandygyny aýtdylar. Bu, ABŞ-nyň Eýrana howa hüjümleriniň mümkinçiligi, Russiýanyň Ukraina başlan doly derejeli çözuşynyň dört ýyllyk sepgide golaýlaýamagy we ABŞ-nyň çykmagyndan howatyrlanýan NATO-nyň geljegi bilen baglanyşykly dartgynlygyň arasynda geçirilýär.
Rubionyň 14-nji fewralda konferensiýada etjek çykyşyndan we ABŞ-nyň ýewropalylar bilen gatnaşygyndan näme garaşýandygy barada berlen soraga Rumyniýanyň daşary işler ministri Oana Toiu žurnalistlere şeýle diýdi: "ABŞ-nyň wekiliýetiniň... güýçli goldaw habaryny gaýtalajakdygyny umyt edýärin."
Ol "sözlerden, gepleşiklerden daşary, meniň pikirimçe, häzir bize umumy hereket gerek" we "transatlantik hyzmatdaşlygynda ynamy döretmek ýa-da dikeltmek Ukrainadaky parahatçylyk prosesiniň geljekki ädimleri üçin hem örän möhümdir" diýip, Oana Toiu aýtdy.
Sybiha Ukrain öýüni açan pursadynda ýene bir habary mälim etdi: "Ýewropanyň daşarky güýçlere bil baglaýan döwri gutardy.... Biziň öz güýjümiz ýeterlik. Biz diňe muny boýun almalydyrys. Ukraina bolsa Ýewropanyň hakyky güýjüniň esasy çeşmesidir."
Ýewropanyň Merkezi Bankynyň prezidenti Kristin Lagard Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: "Men ýewropalylar tarapyndan karara gelnen 90 milliard ýewro (107 milliard dollar) karzyň mümkin boldugyça çalt üpjün edilmegine we berilmegine uly umyt baglaýaryn" diýdi, ýöne jikme-jiklikleri mälim etmedi.
Germaniýanyň kansleri Fridrih Merz günortanlyk nahardan gysga wagt soň konferensiýany resmi taýdan açar we maslahatyň äheňini kesgitleýär.
Soňky çykyşlarynda Merz Orsýetiň agressiýasyna we Waşingtonyň NATO bolan ygrarlylygyna bagly näbellilikde Ýewropanyň öz harby güýjüni güýçlendirmelidigini gaýtalap nygtady.
Ýewropa diňe "güýç syýasatynyň dilini öwrense, özbaşdak Ýewropa güýjüne eýe bolsa" eşidiler, diýip ol ýanwar aýynda aýtdy.
Rubio Münhene barýarka howatyrlanýan ýewropalylara iberen habarynyň "gowy kabul ediljekdigine" ynam bildirdi. Onuň ýanynda Zelenskiý, NATO-nyň başlygy Mark Rutte we beýlekiler bilen duşuşyklaryny yglan eden amerikan senatorlarynyň iki partiýaly uly topary bar.
Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň ýokary derejeli agzasy Jeanne Şahin öz beýanatynda bu sapardan "Ukrainany güýçlendirmek we Kongressdäki kärdeşlerini Orsýeti we onuň goldawçylaryny jogapkärçilige çekmek üçin iki partiýaly sanksiýalar baradaky kanunçylygy kabul etmäge çagyrmak" üçin peýdalanjakdygyny aýtdy.