Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebit, uruş we Hormuz bogazy: Waşington global energiýa bazarlaryny Eýrandan gorap bilermi?

ABŞ Hormuz bogazynyň golaýynda Eýranyň mina daşaýan gämisine hüjüm etdi

Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň Eýran bilen çaknyşygy dünýäde iň möhüm energiýa bogazy bolan Hormuz bogazyna ýakynlaşýarka, nebit we gaz üpjünçiliginde uly bökdençligiň ykdysady netijeleri bütin dünýä täsir edip biler.

Ählumumy nebitiň we suwuklandyrylan tebigy gazyň (LNG) bäşden bir bölegi adatça Pars aýlagyny halkara bazarlary bilen birleşdirýän dar suw ýolundan akýar. Şeýle-de bolsa, howpsuzlyk aladalary, harby howplar we Eýranyň bogazy ulanmaga synanyşýan gämilere zyýan ýetirmek üçin minalary we beýleki assimetrik çäreleri ornaşdyrýandygy baradaky habarlar sebäpli tanker gatnawy ep-esli haýallady.

Bazarlarda munuň täsiri eýýäm göze ilýär: nebitiň bahasy bir barrel üçin 120 dollara çenli ýokarlandy, soňra bu nyrh biraz pese gaçdy, awiasiýa ýangyjynyň bahalary bolsa ýanwar aýyndaky derejeden iki esse töwereginde artýar.

Analitikler bu üýtgeşiklikler bilen bagly esasy soragy gozgaýar: Tähran global energiýa ulgamyny strategik ýarag hökmünde ulanyp bilermi ýa-da Birleşen Ştatlar we onuň hyzmatdaşlary bu senariýanyň öňüni alyp bilermi?

ABŞ-nyň harby güýçleri 10-njy martda Hormuz bogazynyň golaýynda Eýranyň 16 sany mina ýerleşdirýän gämisini ýok edendigini aýtdy. Emma Eýran suw ýolunda betbagtçylyk döretmäge ukybyny görkezýär, 11-nji martda üç sany söwda gämisiniň partlamalara uçrandygy habar berildi, bu barada Britaniýanyň deňiz gämileriniň koordinasiýa merkezi bolan Beýik Britaniýanyň deňiz söwda operasiýalary (UKMTO) habar berdi.

Bazarlar üpjünçilikden däl-de, töwekgelçilikden täsirlenýär

Analitikler bazaryň häzirki wagta çenli hakyky üpjünçilik kesilmelerine garanda näbellilik esasynda bahalary has köp kesgitlän ýaly görünýändigini aýtdylar.

"Biz bazaryň çaknyşygyň möçberine we dowamlylygyna minutma-minut, sagatma-sagat reaksiýalaryny görýäris" diýip, Amerikan Nebit Institutynyň ykdysadyýet we ylmy-barlag boýunça wise-prezidenti Meýson Hamilton aýtdy.

Krizisden öň nebit bazarlary üpjünçiligiň agdyklygyna we bahalaryň belli bir derejede pes bolmagyna garaşýardy. Her gün takmynan 20 million barrel nebit we nebit önümleri daşalýan Hormuz bogazyna duýdansyz howp abanmagy bu çaklamalary üýtgetdi.

Strategik we Halkara Barlaglar Merkeziniň (CSIS) bilermenleri bazarlaryň köplenç fiziki ýetmezçiliklerden öň herekete geçýändigini belleýärler.

Bu pikir merkeziniň baş analitigi Kewin Buk söwdagärleriň eksport togtadylan halatynda Pars aýlagy öndürijileriniň önümçiligi togtatmaga mejbur bolmagynyň mümkinçiligine taýýarlanýandygyny aýtdy.

Bahalaryň hatda sähel üýtgemegi-de uly maliýe netijelerine getirip bilýär: günde 100 million barrellik bazarda bir barrel üçin 30 dollarlyk üýtgeşiklik gündelik bahalaryň takmynan 3 milliard dollarlyk üýtgemegini aňladýar.

Eýranyň assimetrik guraly

Tähran üçin global energiýa akymlaryny nyşana almak, ABŞ ýaly has güýçli garşydaşlary garşy köp bolmadyk strategik gurallarynyň biri bolup biler.

"Eýranyň maksady diri galmakdyr" diýip, Atlantik Geňeşiniň "MENA Futures Lab" merkeziniň direktory Halid Azim aýtdy. "Ol ABŞ ýa-da Ysraýyl bilen ýüzbe-ýüz durup bilmeýär, şonuň üçin çaknyşyklaryň bahasyny ýokarlandyrmak üçin assimetrik taktikalara daýanýar."

Global energiýa söwdasynyň deňziň birnäçe dar ýerinde jemlenmegi göz öňünde tutulanda, bogazdaky kiçi bökdençlikler hem uly täsirleri döredip biler.

Azim bazarlardaky häzirki reaksiýalaryň töwekgelçiliklere kem baha berilýän bolmagyny aňladýandygyny duýdurdy we energiýadan daşarky maliýe bazarlarynyň belli bir derejede asudalyk saklaýandygyny belledi.

“Bazaryň doly derejede hasaba almaýan köp asimmetrik töwekgelçilikleri bar” diýip, Azim aýtdy.

Waşingtonyň çaklamasy: Sarsgynsyz basyş

ABŞ üçin kynçylyk, global energiýa sarsgynynyň öňüni almak üçin harby maksatlary deňagramlaşdyrmakdyr.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň zerur bolanda tankerleri Hormuz bogazyndan geçirmäge taýýardygyny aýtdy, emma köpçülikleýin habar beriş serişdeleri - şol sanda Reuters - ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň gämiçilik pudagynyň harby eskortlar barada ähli haýyşlaryny şu wagta çenli ýokary töwekgelçilik sebäpli ret edendigini habar berdiler.

Şol bir wagtyň özünde, "Uly-7"(G7) toparyna girýän ýurtlaryň resmileri hem ýagdaý sebäpli energiýa akymlarynyň togtadylmagynyň bazara täsirini ýumşatmak üçin adatdan daşary nebit gorlaryny ulanmak barada gürrüň edýärler.

Trampyň administrasiýasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki resmisi Riçard Goldberg ABŞ-nyň strategiýasynyň bazar gurallaryny we harby çärelerini birleşdirýändigini aýtdy: gämi gatnawy üçin ätiýaçlandyryş kepillikleri, tankerleriň hereketini höweslendirmek we zerur bolanda harby deňiz eskort operasiýalaryny geçirmek. Uçar daşaýjy hüjüm toparlary we raketa goranyş serişdeleri eýýäm öz pozisiýalaryny eýeledi.

“Maksat Eýrana güýçli garşylyk çärelerine duçar bolmazdan, global nebit akymlaryny üstünlikli basyp ýatyryp bilmejekdigini görkezmekdir” diýip, Goldberg 10-njy martda Atlantik Geňeşiniň çäresinde aýtdy.

Ol tagallalaryň esasy üpjünçilik geçelgesini çalşyrmak üçin däl-de, bökdençlikleri azaltmak üçin niýetlenendigini nygtady.

Önümçilik dowam etse-de, krizis energiýa logistikasynyň gowşaklygyny ýüze çykarýar.

“Iki gatly howp bar: nebit öndürýän infrastruktura we şol nebitiň akymy”, diýip “SVB Energy International” kompaniýasynyň prezidenti Sara Wakşuri aýtdy. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar ätiýaçlyk üçin ýapyldy, nebiti saklaýan desgalar doldurylýar we käbir önüm öndürijiler eksport haýallaýandygy sebäpli önümçiligi eýýäm azaldyp başladylar.

Gämiçilik kompaniýalary öz kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar: ekipažlary uruş zolagynda hereket etmäge mejbur etmek üçin diňe ätiýaçlandyryş ýeterlik bolmaz. Uzak wagtlyk bökdençlikler Pars aýlagynyň önüm öndürijilerini millionlarça barrel önümçiligini togtatmaga mejbur edip biler, bu bolsa bazaryň durnuksyzlygyny güýçlendirer.

Hormuz bogazy global nebit we nebit önümleriniň takmynan 20 göterimini geçirýär, bu bolsa elektrik energiýasy, nebit-himiýa we dökün üpjünçilik zynjyrlary arkaly bökdençlikleriň döremegine sebäp bolup biler.

Aziýa, Pars aýlagynyň iň uly nebit importçysy hökmünde, has-da howply ýagdaýa düşýär. Nebite we gaýtadan işlenen önümlere bil baglaýan Ýewropa, gyşdan soň gaz gorlarynyň azalan pursatynda gowşak ýagdaýa düşüp biler.

Ýapylandan soň desgalaryň täzeden işe girizilmegi hepdelere ýa-da aýlara çekip biler. "Bular üznüksiz işlemek üçin niýetlenen çylşyrymly senagat ulgamlary" diýip, Hamilton belledi.

Krizis ABŞ-nyň energiýa strategiýasynda giň gerimli üýtgeşiklikleriň arasynda dowam edýär: ABŞ häzirki wagtda dünýäde iň uly nebit we gaz öndüriji bolansoň, energiýa üpjünçiligine strategik aktiw hökmünde barha köp üns berýär, bu bolsa syýasatçylara içerki bazarlary ýumşadyp, howpsuzlyk maksatlaryna ýetmek üçin mümkinçilik berýär.

Dowamlylyk howplary kesgitleýär

Krizisiň agyrlygy bökdençlikleriň dowam etjek wagtyna bagly bolar. Gysga wagtlyk bökdençlikden geçip bolar, ýöne waşingtonly analitikleriň pikiriçe, Hormuz bogazynyň uzak wagtlap ýapylmagy nebitiň bahalaryny barrel üçin 100 dollardan ýokary saklap, inflýasiýanyň güýçlenmegine, ykdysady ösüşiň haýallamagyna ýa-da hatda ejiz ykdysadyýetlerde çökgünlige sebäp bolup biler.

CSIS-iň bilermenleri gorlaryň, alternatiw ýollaryň we adatdan daşary ýagdaýlar üçin ätiýaçlyklaryň buferleri üpjün edýändigini, emma olaryň Hormuz bogazynyň uzak wagtlap ýapylmagy üçin däl-de, gysga möhletli bökdençlikler üçin niýetlenendigini belleýärler.

Ösýän gapma-garşylyk global energiýa ulgamynyň durnuklylygynyň synagydyr: Eýranyň dowamly basyşy durnuksyzlygy uzaga çekdirip biler, ABŞ-nyň we ýaranlaryň netijeli çäreleri bolsa energiýa mejburylygynyň çäklerini görkezip biler.

Häzirlikçe esasy sorag galýar: Hormuz bogazy açyk galarmy ýa-da täze energiýa urşunyň merkezine öwrülermi?

XS
SM
MD
LG