Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 12-nji synp okuwçylary gutardyş ekzamenlerine taýýarlyk görýärkä, uçurymlara synaglardan töleg bilen 'üstünlikli' geçmek mümkinçiligi hem hödürlenýär. Azatlygyň habarçylary mugallymlaryň para görnüşinde okuwçylara ekzamenlerde boljak soraglara jogaplary öňünden satmagy bilen bagly ýagdaýlaryň şu ýyl has hem ýaýbaňlanandygyny habar berýärler.
"Mekdebi gutarýan okuwçylaryň 5 ekzameni bar. Her ekzameniň sorag-jogaplary üçin 40 manatdan pul ýygnalýar. Her okuwçy bu kagyzlary almaga mejbur edilýär" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan mekdep işgärleriniň biri gürrüň berdi.
Çeşmeleriň agzan bahasyna görä, her bir okuwçydan alynýan pul 200 manada, ýagny Merkezi Banky kursy boýunça 57,1 amerikan dollaryna barabar.
"Okuwçylara bu satyn alan kagyzlary bilen ekzamenlere girmek rugsat berilýär. Aç-açan bu şpargalkalary ulanyp bolýar. Käbir okuwçylar mekdep ekzamenlerine hiç hili taýynlyk görmeýärler, sebäbi alynjak bahalar eýýäm taýynlanýar" diýip, ýene bir mugallym gürrüň berdi.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan bu bilim işgärleri paýtagt we welaýat mekdeplerinde işleýärler. Olar howpsuzlyk aladalary sebäpli atlarynyň agzalmazlygyny soradylar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň bilim wekillerinden resmi görnüşde teswir almak boýunça synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Synaglaryň soraglarynyň we temalarynyň resmi sanawy her okuw ýylynyň bahar aýlarynda Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanyp, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär we mekdeplerde yglan edilýär.
Orta mekdeplerde synaglardan geçirmek üçin para-peşgeşiň ýaýrandygy barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary öňem habar beripdi, emma olaryň bellemegine görä, şu ýyl onuň möçberi giňelip, bu ýagdaý hatda ýaşyrylmaýar.
Maddy çykdajylar köpeldi
Mekdep okuwçylaryndan şu günler talap edilýän maddy çykdajylar ekzamen parasy bilen çäklenmeýär. Ekzamen alýan mugallymlar üçin ekzamen günlerinde saçak ýazmak däbi hem saklanyp galýar.
"Ekzamen alýan mugallymlaryň oturjak stollaryna gymmat süýji-köke we çaý goýmak we olary günortanlyk nahar bilen naharlamak hem okuwçylardan talap edilýär" diýip, çeşme mugallymlaryň muny okuwçylara öňünden tabşyrýandygyny belledi: "Ekzamenleriňizi rahat geçirmek isleseňiz bize gowuja seretmeli bolarsyňyz diýlip, okuwçylara açyk aýdylýar".
Ondan daşary okuwy gutarýan okuwçylardan mekdebi bejermek üçin pul alynýar. Bu çykdajylar köp maşgala maddy agram salýar.
"Köp ene-ata pul bermekden ýüz öwürýärler. Mekdep direktorlary şol remont puly berilmese 'ekzamenlerde sizi kösäp, attestatyňy garalap goýbereris' diýip haýbat atýarlar" diýip, mekdep okuwçylarynyň ejesi gürrüň berdi we okuwyny dowam etdirmek islemeýän okuwçylaryň şeýle haýbatlara üns bermeýän bolsa, okuwa girmäge taýýarlanýan ýaşlaryň gorkup, soralýan puly tabşyrmaly bolýandygyny belledi.
Çeşmeler bu para-peşgeşleriň mekdeplerdäki ekzamenleriň, şol sanda gutardyş synaglaryň diňe kagyz ýüzünde geçirilýändigini tassyklaýandygyna ünsi çekip, hakykatdan okaýan çagalara böwet bolýandygyny belleýärler.
Türkmenistanda umumy bilim berýän orta mekdepleriň gutardyş synaglary her ýylyň maý aýynyň ahyrynda başlanýar we iýunyň ortalaryna çenli dowam edýär. Uçurymlar mekdebiň ugry boýunça 4 dersden hökmany we saýlama döwlet synaglaryny tabşyrýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum