Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky ýer titreme Lebapda hem ýiti duýuldy, käbir jaýlar ýykyldy, käbiriniň üçekleri çökdi

Türkmenistanyň kartasy
Türkmenistanyň kartasy

Goňşy Owganystanyň Hindiguş sebitinde 27-nji iýunda bolan güýçli ýer titreme Türkmenistanyň gündogar sebitinde hem ýiti duýuldy. Tebigy hadysada adam pidalary bolmady, ýöne käbir obalarda jaýlaryň ençemesi ýykyldy, üçekleri çökdi ýa-da diwarlarynda jaýryklar emele geldi.

Türkmen häkimiýetleri bu tebigy hadysa barada häzirlikçe dymýan mahaly, ýerli resmiler ýer yranmasyny tassyklap, oba ýaşaýjylaryna zeper ýeten jaýlara girmezligi tabşyrdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy iýunda sebitden maglumat berdi.

“27-nji iýunda Köýtendag etrabynda erbet ýer titreme boldy. Hususan-da, Owganystan bilen serhetýaka obalarda, Mukry, Dostluk we beýleki obalarda ýer yranmasy güýçli duýuldy. Köp jaýyň şifirleri döwüldi, üçegi çöken jaýlar hem köp. Mundan başga-da, köne we seýsmiki talaplara jogap bermeýän, palçykdan edilen jaýlaryň hem birnäçesi ýykyldy. Başga-da, köp jaýyň diwarlary jaýryk açdy” diýip, ýagdaýlardan habarly köýtendagly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Reuters" neşiri Ýewropanyň Ortaýer deňzi seýsmologiýa merkezine salgylanyp, 27-nji iýunda Owganystanyň Hindiguş sebitinde 6 magnituda güýjünde ýer titremesiniň bolandygyny we munuň paýtagt Kabuldan başlap, ýurduň goňşusy Pakistanyň serhetýaka sebitlerinde hem duýlandygyny habar berdi.

Daglyk sebitde giçlik sagat 7:04 töwereginde bolan ýer titremesinde adam pidalarynyň bolandygy ýa-da bolmandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Ýerli ilat ýatman, gijäni daşarda geçirdi

“Ýer titremäniň episentri Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda, Kalafgan şäherinden 81 kilometr uzaklykda boldy we ýer yranmalarynyň Owganystanda, Pakistanda, Hindistanda, Hytaýda, Täjigistanda, Özbegistanda, Gyrgyzystanda we Türkmenistanda hem bolandygy habar berildi” diýip, “India Today” neşiri 27-nji iýunda agşam çap eden maglumatynda aýtdy.

Adatça bolşy ýaly türkmen häkimiýetleri goňşy ýurtda bolan we Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda hem ýiti duýlan tebigy hadysa barada häzirlikçe hiç hili beýanat etmediler. Bu barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem haýsydyr bir habar göze ilmeýär.

Ýöne sebitdäki habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan köýtendagly ýaşaýjylaryň ençemesi iýun aýynyň 27-den 28-ne geçilen gije ýerli ilatyň ýer yranmasynyň gaýtalanmagyndan howatyr edip, ýatman, gijäni daşarda geçirendigini aýdýar.

“Adamlar ýer titremäniň netijesinde, Amyderýanyň suwunyň joşup, suw joşmalarynyň gelmeginden hem alada etdiler. Ýerli ilatyň arasynda häzirem howatyrlanmalar dowam edýär” diýip, dostlukly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri tebigy hadysa barada häzirlikçe dymyşlygyny saklaýan mahaly, ýerli resmiler ýer yranmasyny tassyklap, oba ýaşaýjylaryna zeper ýeten jaýlara girmezligi tabşyrdylar.

“Ýerli arçynlyklar adamlara ýer yranma gaýtalansa, adamlaryň kesek aşagynda galmak howpy bar hem diýdiler” diýip, köýtendagly ýaşaýjy anyk näçe jaýa zeper ýetendigi barada häzilikçe takyk maglumatlaryň ýokdugyny hem aýtdy.

Kömek bermegiň deregine jenaýat işini gozgamak barada haýbat atylýar

Şol bir wagtda, ýerli häkimiýetler jaýlary ýykylan, üçekleri çöken ýa-da diwarlarynda jaýryklar emele gelen jaý eýelerine haýsydyr bir kömek bermegiň deregine, ejir çeken raýatlary “döwlet standartlaryna gabat gelmeýän jaýlary gurup ýaşamakda” aýyplar, olara garşy jenaýat işini gozgamakda haýbat atýarlar.

“Ýerli häkimlik we arçynlyklar ejir çeken jaý eýelerini jaýlary palçykdan, bişmedik kerpiçden gurmakda aýyplaýarlar. Olara ýumrulan ýa-da üçekleri çöken, jaýryk açan jaýlaryny doly ýykyp, olara derek döwlet standartlaryna gabat gelýän jaýlary gurmagy talap edýärler. Ýogsam olaryň üstünden jenaýat işiniň gozgaljakdygyny berk duýdurýarlar” diýip, köýtendagly ýaşaýjy belledi.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi mundan ozal hem maddy mümkinçilikleriniň ýokdugy zerarly palçykdan, bişen kerpiçden ýaşamaga jaý gurmaga mejbur bolandyklaryny aýdyp, “döwlet standartlaryna gabat gelýän jaýlary gurup bilmejekdiklerini” aýdyp, çykgynsyz ýagdaýdyklaryny aýdýar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Lebabyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Köýtendag etrap häkimliginden telefon arkaly resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň durmuşyna gös-göni täsir edýän tebigy hadysalar barada ne öň, ne-de yz ýanyndan gürrüň gozgaýar.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda, şol sanda goňşy Owganystanda bolýan tebigy hadysalara, ýer titremelere resmi derejede gynanç bildirýär we wagtal-wagtal ynsanperwerlik kömegini iberýär.

“Türkmenistan Owganystanyň ýertitremede jaýsyz galan raýatlaryna kömek etmek boýunça teklip taýýarlaýar” diýip, “Türkmenportal” döwlet eýeçiligindäki “Watan” habarlar gepleşigine salgylanyp, geçen ýylyň oktýabrynda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG