Türkmenistanyň öz ýokary okuw jaýlaryndaky emeli päsgelçilikleriň saklanyp galmagy bilen, Özbegistanda döreýän okuw şertlerinden peýdalanmaga çalyşýan türkmenistanly ýaşlaryň sany köpelýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.
Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky söhbetdeşlerimiz ene-atalaryň şu günler mekdebi tamamlaýan çagalaryny özbek dilindäki ÝOJ-lara girmäge taýýarlap berjek mugallymlary gözleýändigini aýdýarlar. Azatlygyň habarçylary ýerli synçylar bilen bilelikde, ene-atalar bilen aýratynlykda gürleşip, doly bahaly bolmadyk, ylmy däl pikir sorama geçirendiklerini habar berdiler.
Habarçylarymyz we çeşmelerimiz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde (12), Çärjew (7), Dänew (5), Darganata (6), Saýat (5), Farap (6) we Kerki (8) etraplarynda jemi 49 sany ene-ata bilen söhbetdeş bolup, olaryň çagalaryny okatjak bolýan ýerleri bilen gyzyklandylar.
Ýerli ÝOJ-lara girmek islegi 'peselýär'
Pikirini paýlaşan 49 ene-atanyň diňe 4-si (8,2%) çagalarynyň ýerli ÝOJ-lara girmekçi bolýandygyny aýtsa, galan 45-si (91,8%) çagalarynyň daşary ýurtlara okuwa gidip, şol ýerlerde işe galmagyny isleýändigini aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz çagalaryny esasan Ýewropada - 3 (6,7%), Hytaýda - 2 (4,4%), Gazagystanda - 1 (2,2%), Türkiýede - 7 (15,6%), Belarusda - 4 (8,9%), Russiýada - 12 (26,7%) we Özbegistanda - 16 (35,5%) okatmagy nazarda tutýarlar.
Orsýetdäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, lebaply ene-atalar çagalarynyň bu ýurtda okamak islegini, her niçik bolsa-da, rus dilini bilmegi we Russiýa göni uçar gatnawynyň bolmagy bilen düşündirýärler.
Türkiýä çagalaryny okuwa ibermek isleýän ene-atalaryň köpüsiniň aňyrda ýanýoldaşynyň ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň bardygy, okuwyň gapdalyndan, olaryň Türkiýede işlemeginiň hem möhümdigi aýdylýar.
Pikir alyşma gatnaşanlaryň 35,5% çagalaryny Özbegistanyň ÝOJ-laryna ibermek isleýändiklerini aýtdylar. Olar bu karary özbek dilinde berilýän bilime bolan isleg, şeýle hem Özbegistana baryp-gelmegiň maddy taýdan amatlyrak bolmagy bilen düşündirýärler.
Pikir alyşmalara gatnaşan 49 lebaply ene-ata "siz adaty durmuşyňyzda haýsy dilde gürleşmegi saýlap alýarsyňyz?" diýen soraga şeýle jogaplary berdiler: "diňe türkmen dilinde" - 23 (47%), "diňe özbek dilinde" - 17 (34,7%), "türkmen we özbek dillerinde" - 5 (10,2%), "türkmen we beýleki dillerde" - 3 (6,1%), "rus dilinde" - 1 (2%).
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinden (10), Şabat (8), Görogly (7), Köneürgenç (5), Garaşsyzlyk (5) etraplaryndan jemi 35 ene-ata pikir alyşma gatnaşdy.
Olaryň arasynda çagalaryny Türkmenistanyň ÝOJ-larynda okatmaga ymtylýanlaryň sany 4-e (11,4%) deň boldy. Galan 31-isi (88,6%) çagalaryny daşary ýurtlara okuwa ibermekçi bolýandygyny aýtdy. Olaryň beren jogaplary şeýle boldy: Ýewropa - 1 (3,2%), Hytaý - 1 (3,2%), Gazagystan - 2 (6,4%), Türkiýe - 3 (9,7%), Belarus - 1 (3,2%), Russiýa - 8 (25,8%), Özbegistan - 15 (48,5%).
Bu sebitde pikir alyşma gatnaşyp, çagalaryny Gazagystanda okamaga ibermekçi bolýanlaryň ikisi hem etniki gazaklara degişli.
Özbek ÝOJ-larynyň 'meşhurlygynyň' sebäbi näme?
Bu sebitde pikir alyşma gatnaşanlaryň arasynda çagalaryny Özbegistanyň ÝOJ-laryna okuwa ibermek isleýänleriň sanynyň 48,5% deň bolmagynyň esasy sebäbi sebitde özbek dilli ilatyň kowçum ýaşamagy we daşoguzlylaryň özbek ÝOJ-laryna bolan höwesiniň ýokary bolmagy bilen baglanyşykly.
Pikir alyşmalara gatnaşan 35 daşoguzly "siz adaty durmuşyňyzda haýsy dilde gürleşmegi saýlap alýarsyňyz?" diýen soraga şeýle jogap berdiler: "diňe türkmen dilinde" - 18 (51,4%), "diňe özbek dilinde" - 12 (34,3%), "türkmen we özbek dillerinde" - 3 (8,6%), "gazak dilinde" - 2 (5,7%).
Ýerli bilim işgäri ýurduň demirgazyk-gündogar sebitlerinde Türkmenistanyň ÝOJ-larynda okuwa bolan höwesiň örän peselendigini, daşary ýurtlara okuwa we işe gitmäge islegiň 90% barabar bolup görünýändigini belledi.
Pikir soramalardan görnüşine görä, Lebap welaýatynda özbek dilinde ýokary bilim aljaklar 35,5%, Daşoguz welaýatynda 48,5% boldy. Bu ýagdaý, ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, özbek dilinde sapak berýän mugallymlara bolan islegi güýçlendirýär. Beýleki bir tarapdan, ýurduň häkimiýetleri eýýäm 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri özbek dilinde okadylýan synplary açman gelýärler.
Azatlygyň habarçylarynyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistandaky özbek azlyklary ýylyň-ýylyna özbek dilinde okadylýan synplaryň gaýtadan dikeldilmegini soraýarlar.
Ýerli synçylaryň pikirine görä, ene-atalaryň mekdeplerde berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, türkmen ýaşlaryny halkara derejesinde bilim almaga taýýarlamak barada edýän talaplary güýçlense, bu tutanýerlilik häkimiýetlere belli bir derejede täsir edip biler.
Maglumat üçin aýdylsa, ýerli synçylaryň gatnaşmagynda geçirilen pikir soramalar doly bahaly sosial barlag hasaplanyp bilmez. Şol bir wagtda, Türkmenistandaky maglumat ýapyklygy türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almak isleglerini töwerekleýin öwrenmäge, olaryň näme üçin haýsy ýurtlara kän ýykgyn edýändigini anyklamaga mümkinçilik bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum