Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýän mahaly, Ahal welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) köçelerdäki işjeňligi artdy. Ýol polisiýasynyň esasanam “köne” ulaglaryň sürüjilerine, dürli bahanalara salgylanyp, jerime ýazmagy ýa-da olardan “para almagy” bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Ahally sürüjileriň ençemesi bu ýagdaýlar zerarly sentýabr aýy tamamlanýança ulaglaryny sürmekden saklanýandyklaryny aýtdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.
“Tejen we Babadaýhan etraplarynda ýol polisiýasy esasan ýyly köne, ýagny 1990-2000-nji ýyllarda öndürilen ulaglaryň sürüjilerini nyşana alýar. Olar bu ulaglary saklap, olaryň resminamalary düzüw bolup, guratlyk kepilnamasy bolsa-da, dürli bahanalara salgylanyp, jerime ýazjakdyklaryny aýdýarlar” diýip, tejenli sürüji anonimlik şertinde aýtdy.
Gürrüňi edilýän bahanalaryň arasynda “awtoulagyň daşky boýagynyň solandygy”, “ýangyn söndüriji guralyň ýokdugy”, “pyýadalaryň geçelgesinde ýol bermändigi”, “çyralaryň ýiti ýanmaýandygy”, “durmasyz ýerde sägindiň” diýen ýaly kesgitlemeler bar.
Şol bir wagtda, sürüjiler ulaglarynyň ýakynda tehniki guratlyk barlagyndan geçendigini we olaryň boýag, çyra talaplaryna degişli düzgünleri berjaý edýändigini belleýärler.
Şeýle-de, olar polisiýanyň bu çäreleriniň “döwlet gaznasyny ýa-da polisiýa işgärleriniň jübüsini doldurmak” üçin oýlanyp tapylan toslama aýyplamalardygyny aýdýarlar.
“Subut edip bilmersiň, köne ulagyňda wideo registrator ýok”
“Meniň ähli resminamalarymyň düzüwdigini görensoň, maňa “ýokary tizlikde ulagy dolandyrdyň’ diýip, jerime ýazdylar. Men olara bellenen tizlikden geçmedim, ‘hany, radary görkeziň’ diýsem, olar radaryň ýüzünde öňden bar bolan 89 ýazgyny görkezdiler. Men olara 50-den ýokary geçmändigimi we köneje rus ulagymyň 70-den ýokary tizlige geçmeýändigini düşündirmäge synanyşdym. Ýöne olar diňlemediler we 100 manat para berseň goýberjek, ýogsam 200 manat jerime ýazjak diýdiler” diýip, babadaýhanly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ol polisiýa işgärlerine munuň galp aýyplamadygyny we özüniň prokuratura şikaýat etjekdigini aýdypdyr.
“Polisiýa işgärleri maňa ‘sen subut edip bilmersiň, seniň köne ulagyňda wideo registrator ýok’ diýip, meniň berjek bolan 20 manadymy az görüp, maňa 200 manat jerime ýazdylar” diýip, sürüji belledi.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan başga-da ençeme sürüji biraýlygyň ilkinji hepdesinde özleriniň her birine 3-5 sany jerime ýazylandygyny aýdyp, sentýabr aýy tamamlanýança ulaglaryny sürmekden saklanmak kararyna gelendiklerini gürrüň berdi.
Ahally ýük ulag sürüjileriniň ençemesi häzirki wagtda özleriniň hem kösenýändigini, sebäbi köçelerdäki ýol polisiýasyna günde onlarça manat bermeli bolýandyklaryny aýtdy.
“Bahana gözlemesinler diýip...”
“Bizi her iki ädimden saklap, ‘eliňi aç’ diýip başladylar. Ýol polisiýasy biziň ulagymyzyň üsti ýükli bolsa 10 manat, ýüksüz bolsa 5 manat alýarlar. Biz bahana gözlemesinler diýip, soralan puly berýäris” diýip, ahally ýük ulag sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda welaýat Polisiýa müdirliginden we Içeri işler ministrliginden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 23-nji sentýabrda bu edaralaryň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda ozalky prezident, häzir Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2014-nji ýylda başy başlanan we şondan bäri her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk köçe ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda tapgyr 13-nji ýyl geçirilýän bir aýlyk çäräniň paýtagtda, welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmaga, pyýada ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýdyp gelýärler.
Ministrler Kabinetiniň 28-nji awgustda geçirilen mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow “bu çäräniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny” belledi.
Şol bir wagtda, türkmenistanlylaryň we polisiýadaky çeşmelerimiziň ençemesi biraýlygyň dowamynda ýol-ulag hadysalarynyň göz-görtele artýandygyny, zenan sürüjilere garşy çäklendirmeleriň güýçlenýändigini, şeýle-de, ýol polisiýasynyň dürli bahanalara salgylanylyp, “para almak” ýagdaýlarynyň köpelýändigini aýdyp gelýärler.
Balkandaky habarçymyz biraýlygyň ilkinji üç gününde ýol hadysalarynyň azyndan dokuz sanysynyň hasaba alnandygyny sentýabryň ilkinji hepdesinde habar berdi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýar. Bu ýagdaýlar barada türkmen metbugatynda hem hiç zat aýdylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum