Mýunhende Howpsuzlyk Konferensiýasynda çykyş edeninden bary-ýogy bir gün soň, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio ABŞ-nyň NATO-dan çekilmegi baradaky howatyrlanmalary aradan aýymak üçin Slowakiýanyň paýtagtynda gysga wagtlyk saklandy we žurnalistlere Waşingtonyň ýaranlyga berk ygrarly galýandygyny aýtdy.
15-nji fewralda Slowakiýanyň premýer-ministri Robert Fitso bilen bilelikde çykyş eden Rubio, ABŞ-nyň Ýewropadaky goşunlarynyň soňky üýtgetmeleri sebäpli dörän aladalary ret etdi.
"Biz NATO-dan çykmaýarys. Biz gitmeýäris... Biz birnäçe müň esgeri bir ýurtdan başga bir ýurda geçirip bileris, ýöne bu hemişe şeýle bolupdy" diýip, Rubio goşunlaryň ýeriniň üýtgedilmeginiň has giň özgerişleriň alamatydygy baradaky çaklamalary ret etdi.
ABŞ Ýewropadaky goşunlarynyň sany, adatça, operasiýalara, okuw maşklaryna we nobatma-nobat ýerleşdirişlere baglylykda 80 000 bilen 100 000 aralygynda üýtgeýär. 2025-nji ýylyň güýzünde Birleşen Ştatlar köpüsi Rumyniýada ýerleşdirilen 101-nji Howa-desant diwiziýasynyň esgerleriniň ýerine esger ugradylmazdan, başga ýerde ýerleşdiriljekdigini yglan etdi.
Rubio şeýle hem Waşingtonyň Ýewropanyň goranyş çykdajylaryny ýokarlandyrmak baradaky çagyryşy boýunça bildirilýän howsalaly garaýyşlary tankytlady.
"Her gezek biz muny aýdanymyzda, adamlar ör-gökden gelýärler. Olar munuň NATO-dan ýüz öwürjekdigini, ýaranlaryň taşlanjakdygyny aňladýar diýip, pikir edýärler" diýip, Rubio aýtdy we sözüni şeýle dowam etdi: "Biziň aýtjak bolýan zadymyz, ýaranlarymyz näçe güýçli bolsa, bilelikde şonça-da güýçli bolýarys".
Rubio, NATO-dan ýüz öwürmegiň ýerine, ýewropaly ýaranlaryny goranyş üçin has köp pul harçlamaga çagyrmagyny ýewropaly agzalary harby taýdan has ukyply bolanda NATO-nyň has durnukly boljagy bilen düşündirdi.
"Bize NATO-nyň mümkinçilikleri babatynda howp ýa-da duşmançylyk duýmaýarys, onuň ABŞ-dan garaşly bolman, [eýsem] ABŞ bilen bilelikde ösmegini isleýäris" diýip, Rubio aýtdy.
"Biz siziň hyzmatdaşyňyz bolmak isleýäris"
Rubio Waşingtonyň Ýewropanyň garaşly bolmagyny islemeýändigini açyk aýtdy.
"Biz Ýewropadan Birleşen Ştatlaryň wassaly bolmagyny soramaýarys. Biz siziň hyzmatdaşyňyz bolmak isleýäris" diýip, Marko Rubio belledi.
Bu habar döwlet sekretarynyň bir gün öň Mýunhende öňe süren temalaryna gabat geldi, ol Ýewropanyň içerki ýoluny berk tankytlamak bilen Birleşen Ştatlaryň we Ýewropanyň umumy ykbaly paýlaşýandygyny tassyklamak bilen utgaşdyrdy.
Şol çykyşynda ol Ýewropanyň medeni we ykdysady pese gaçyş diýip atlandyran hereketlerinden el çekip, köpçülikleýin migrasiýa gözegçiligi gaýtadan dikeltmelidigini, şol bir wagtyň özünde transatlantik birligini tassyklamalydygyny duýdurdy.
Bratislawada Rubionyň äheňi doktrinal däl-de, has pragmatik häsiýetlidi. Ol Merkezi Ýewropany ABŞ-nyň has çuňňur gatnaşygynyň merkezi nokady hökmünde suratlandyrdy we goranmak hem-de energiýa hyzmatdaşlygynda umumy bähbitleri nygtady.
Şeýle hem, ol ýakynda ABŞ-nyň Wenesuelada geçiren operasiýasyna slowakiýanyň tankytlarynyň ähmiýetini kiçeltdi we munuň özygtyýarly döwletleriň arasynda bolup bijekdigini aýtdy.
"Wenesuelada eden işlerimiz köp ýurtlara ýaramady. Bu gowy. Bu biziň milli bähbitlerimize laýyk geldi. Ynanýaryn, bir gün ol bize ýaramaýan bir zat eder we biz: "Heý, seniň eden işiň bize ýaramady" diýeris. Bolanda näme? Bu biziň dost bolmajagymyzy aňlatmaýar" - diýip, Rubio aýtdy.
Rubionyň Slowakiýadaky gepleşikleri onuň Budapeşte saparyndan birnäçe sagat öň boldy, 16-njy fewralda ol Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşar.
Rubionyň Mýunhenden, Bratislawa we Budapeşte çenli saparlary onuň diplomatiýasynyň ikitaraply ugruny nygtaýar: Waşington Ýewropanyň has güýçli we az garaşly bolmagyna basyş edýän hem bolsa, ABŞ-nyň NATO-a ygrarlylygyny tassyklamak we administrasiýanyň transatlantik gatnaşyklara çemeleşmesini goldaýan esasy Merkezi Ýewropa hökümetleri bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak.