Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen Gümrük gullugy eýran serhedi barada beýanat ýaýratdy, Meredow Hameneýiň ölümine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň çägindäki serhet diňi (arhiw suraty)
Türkmenistanyň çägindäki serhet diňi (arhiw suraty)

Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugy ýurduň Eýran bilen aradaky “Sarahs”, “Artyk”, “Howdan” we “Altyn Asyr” gümrük nokatlaryndan ulaglaryň we ýükleriň geçirilmegi häzirki wagtda 'kadaly' dowam edýändigini, olaryň ulag geçirijilik mümkinçiligine görä, doly kuwwatynda işleýändigini mälim etdi. Mundan öň, Azatlygyň Ahaldaky habarçylary gözegçilik-geçiş nokatlaryndan diňe çäkli ýük ulaglaryň geçirilýändigini, olaryň uly nobatynyň saklanyp galýandygyny aýdypdylar.

ABŞ-nyň we Ysraýylyň 28-nji fewralda eýran nyşanalaryna garşy zarba urup başlamagyndan soň, Türkmenistan resmi ýagdaýda yglan etmezden günorta goňşusy bilen aradaky serhet geçelgelerini ýapdy. Soňky günlerde türkmen häkimiýetleriniň Eýrandan çykjak adamlar üçin serhet geçelgeleriniň işini dikeldendigi yglan edildi.

4-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goňşy Eýrandan Türkmenistana 200-den gowrak adamyň girendigini, olaryň 16 ýurda degişligidini habar berdi. Olaryň arasynda türkmen raýatlarynyň bolup-bolmandygy anyklaşdyrylmady.

Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň 5-nji martdaky resmi beýanatyndan bir gün öň, Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan takmynan 108 km uzaklykda ýerleşýän “Artyk" gözegçilik-geçiş nokadyna baryp gördi we käbir ýük ulaglarynyň ýurduň çägine goýberilip başlanandygyny aýtdy.

Ol tirkegli ulaglaryň uly nobatlarynyň emele gelendigini, olaryň arasynda 28-nji fewraldan bäri Türkmenistanyň serhedinde garaşyp duranlarynyň hem bardygyny belledi. Habarçymyzyň sebitdäki söhbetdeşleri ulaglaryň çäkli goýberilýändigini, günüň dowamynda diňe 10-15 tirkegli ulagyň kabul edilýändigini gürrüň beripdiler.

Gümrük gullugynyň beýanatynda nokatlaryň çäklerinde ulaglaryň we ýükleriň çalt geçirilmegi hem-de nobatlaryň döremeginiň öňüni almak üçin işleriň “ýokary derejede” alnyp barylýandygy aýdylýar, ýöne jikme-jiklikler getirilmeýär. Azatlyk dünýäniň iň bir ýapyk ýurdy Türkmenistanyň resmi edarasyndan teswir alyp bilmeýär.

Beýanatda “ýokary derejede” alnyp barylýan aýdyňlaşdyrylmadyk işleriň Türkmenistandan eksport edilýän ýa-da daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň öz wagtynda alyjylara gowuşmagynda örän ähmiýetli bolup durýandygy bellenilýär.

Emma ýurduň bazarlarynda, ozal Eýrandan köp mukdarda getirilen azyk, hojalyk we senagat harytlarynyň bahalary ýiti ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Ykdysady krizis sebäpli ozal hem gün-güzeran aýlamagyň uly mesele bolup durýandygyny aýdýan ýaşaýjylar, birnäçe günüň dowamynda harytlaryň bahalarynyň üstüne azyndan 10 manat münendigini, kä halatlarda nyrhlaryň ençeme esse galandygyny aýdýar.

Azatlygyň anonim söhbetdeşleri türkmen häkimiýetleriniň günorta goňşusyndaky barýan uruş barada dymmagy, ilata maglumat bermezligi hem özlerinde howatyrlanma we alada döredýändigini gürrüň berdiler.

Bu aralykda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji martda Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, ABŞ we Ysraýyl zarbalarynda öldürilen Eýranyň ruhany lideri Aýatolla Hameneýiniň hatyrasyna açylan gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy. Hökümetçi neşirleriň bu baradaky habarynda eýranyň ozalky syýasy we ruhy ýolbaşçysyna ‘Eýranyň beýik lideri’ diýlip ýüzlenilýär. Bu sypatlandyryjy söz düzümini ozalky prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna niýetlenen gynanç hatynda ulanypdy.

Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, soňky günler häkimiýetler we güýç gulluklary ilatyň arasynda ýygnaklary geçirip, Eýranda barýan uruş boýunça pikir alyşmalary çäklendirmäge, bu ýurduň öldürilen syýasy we ruhy lideri barada negatiw pikirleriň öňüni alyp, özleriniň öňe sürýän oňaýly garaýyşlaryny ilerletmäge synanyşýarlar.

Tramp Eýranyň güýçlerine ýaraglaryny tabşyramaga çagyrdy

Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň harbylarynyň, polisiýasynyň we yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň agzalaryna ýaraglaryny taşlamaga çagyrdy. Ol ýurduň dolandyryjy ruhany gurluşyndan ýüz öwürseler, olara “doly immunitet” beriljekdigini wada etdi.

Tramp bu beýanaty eden mahaly, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy urşunyň Ýakyn Gündogaryň beýleki künjeklerine ýaýrap biljekdigi baradaky aladalar güýçlendi. Munuň diňe Waşingtonyň arap ýaranlaryna däl, eýsem Pars aýlagyna degişli bolmadyk Azerbaýjan, Türkiýe, Kipr, hatda 3 müň 900 kilometr uzakdaky Şri-Lanka ýaly ýurtlara çenli täsir ýetirip biljekdigi nygtalýar.

Tramp 5-nji martda Ak tamda çykyş edip, howpsuzlyk güýçlerini eýran halkynyň tarapynda durmaga we 1979-njy ýylyň Eýran rewolýusiýasyndan bäri ýurdy dolandyrýan hökümeti agdarmaga kömek etmäge çagyrdy.

Ol muňa boýun bolýanlaryň gorag aljakdygyny aýratyn nygtady.

“Siz immunitet bilen doly howpsuz bolarsyňyz, ýa-da size anyk ölüm garaşýar. Men muny görmek islemeýärin” diýip, Tramp aýtdy.

Tramp daşary ýurtlarda işleýän eýran diplomatlaryna-da ýüzlenip, gaçybatalga soramaga we Eýranyň geljegini “şekillendirmäge” gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra NBC News teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde Tramp häzirki wagtda ABŞ-nyň guryýer goşunlaryny Eýranyň çägine ibermek mümkinçiligini göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.

Tramp soňky zarbalaryň dowamynda Eýranyň harby mümkinçilikleriniň güýçli derejede gowşandygyny aýtdy.

“Üç günüň dowamynda olaryň howa goranyş serişdeleri ýok edildi. Olaryň howa güýçleri ýok. Howa goranyşy ýok” diýip, Tramp aýtdy. “Uçarlarynyň hemmesi ýok. Aragatnaşyk ulgamlary ýok”.

Ol, şeýle hem, Eýranyň raketalarynyň takmynan 60 göteriminiň, raketa atyjy enjamlarynyň 64 göteriminiň ýok edilendigini, ýurduň harby-deňiz güýçleriniň bolsa 24 gämini ýitirendigini aýtdy.

Tramp Tährany ozal Pars aýlagyndaky birnäçe ýurda, şol sanda Katara, Saud Arabystanyna we Birleşen Arap Emirliklerine raketa atmakda aýyplady.

“Olar bütin Ýakyn Gündogary nyşana almakçydy. Soňra biz geldik. Biz olaryň heşellesini puja çykardyk” diýip, Tramp sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG