Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen janköýerleri Dünýä çempionatyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar, özbek futbolçylarynyň gatnaşmagyna begenýär

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek stadionlarynyň biri. Atlanta, ABŞ.
Futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek stadionlarynyň biri. Atlanta, ABŞ.

11-nji iýunda FIFA-nyň futbol boýunça dünýä çempionaty (2026 FIFA World Cup) başlanýar. ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda bir aýdan gowrak wagtlap dowam etjek bu oýunlara dünýäniň dürli künjeklerinde millionlarça tomaşaçy bilen bir hatarda türkmen tomaşaçylary hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Türkmen janköýerleri esasan-da, goňşy Özbegistanyň milli komandasynyň dünýä çempionatyna gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolmagyny buýsançly kabul edipdir. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bu uly halkara sport çäresi barada türkmenistanlylaryň pikirini sorady.

- "Özbek futbol komandasyndan umytlar gaty uly, iň bolmanda 3-nji orny alarlar diýip, garaşýarys" diýip, aşgabatly janköýer aýdýar.

- "Türkmenistanyň futbol janköýerleri Özbegistanyň komandasyna 'bolet' etjekdigini aýdýarlar. Adamlar olaryň utuş gazanmagyna garaşýarlar. Internet ulgamynda türkmen janköýerleri şeýle lozunglary aýdýarlar: 'Özbek doganlarymyz Türkmenistan siz bilen!' diýýärler" diýip, başga bir türkmenistanly aýtdy.

- "Özbegistanyň futbol komandasynyň dünýä çempionatyna çykmagy haýran galdyrdy. Ýurtdaky etniki özbekler gaty begendiler. Ýaryşy yzarlajakdygyny aýdýarlar", diyip ýene bir futbol janköýeri gürrüň berip, sözüni şeýle dowam etdirdi: Başga komandalara janköýerlik etjekler hem kän, ýöne Özbegistanyň komandasynyň gatnaşýanyny bilemde öz ýurdumuň komandasy gatnaşýan ýaly boldum" .

Ýene bir türkmenistanly janköýer özüniň we öz tanyşlarynyň çempionata Merkezi Aziýanyň futbolçylarynyň gatnaşmagyny "öz futbolçylary gatnaşýan ýaly" kabul edendigini aýtdy: "Özbegistanyň şu aýda geçýän dünýä çempionatyna çykmagy Türkmenistanyň futbol janköýerleri we umuman halky üçin begençli habar boldy. Mundan bir ýyl töweregi ozal özbek milli komandasy bu ýaryşa çykmagy başaran wagtynda hem türkmenistanlylar hamana öz komandasy dünýä çempionatyna çykmagy gazanan ýaly begendiler".

Merkezi Aziýa sebitinden diňe Özbegistanyň topary ýaryşyň final tapgyryna çykmagy başardy.

2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda türkmen komandasy Aziýa saýlama oýunlarynyň (AFC) ikinji tapgyrynda "E" toparynda Eýran, Özbegistan we Gonkong bilen bilelikde çykyş edipdi. Mergen Orazowyň tälimçiligindäki türkmen futbolçylary toparda ilkinji iki orundan birini eýeläp bilmediler, bu bolsa olara indiki tapgyra çykarmaga mümkinçilik bererdi.

Türkmenistanyň milli futbol topary hiç haçan futbol boýunça Dünýä çempionatynyň finalyna gatnaşmandy. Ol FIFA reýtinginde 141-nji orunda durýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanly janköýerleriň biri bu barada öz pikirini şeýle beýan etdi: "Dünýä çempionatyna çykmagyň özi aňsat iş däl, mysal üçin türkmen futbol komandasy häzirki ýagdaýynda 21-nji asyryň dowamynda dünýä çempionatyna gatnaşyp biljekmi diýen sorag döreýär".

Futbol boýunça häzirki Dünýä çempionaty 23-nji gezek geçirilýär. 11-nji iýun we 19-njy iýul aralygynda üç ýurduň Kanadanyň, Meksikanyň we ABŞ-nyň jemi 16 stadionynda geçiriljek oýunlara 48 sany komanda gatnaşar. Çempionatyň birinji oýny 12-nji iýunda Torontonyň stadionynda Kanada we Bosniýa Gersegowina toparlarynyň duşuşygy bilen başlanar.

Futbol boýunça halkara federasiýasy FIFA-nyň websaýtynda görkezilen oýun tertibine görä, Özbegistanyň futbolçylary 17-nji iýunda Kolumbiýa, 23-nji iýunda Portugaliýa we 27-nji iýunda Kongo DR bilen ýaryşar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG