Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň saglyk öýünde geçirilýän barlagyň 'çykdajylary' işgärleriň üstüne ýüklenýär

Saglyk edarasynyň binasy. Türkmenistan (arhiw suraty)
Saglyk edarasynyň binasy. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş edaralarynda işgärleriň haklary dürli görnüşde bozulýar. Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan aşgabatly lukmanlar iş ýüküniň emeli ýagdaýda azaldylyp, aýlyklarynyň kemeldilýändigini aýdýarlar, türkmenabatly lukmanlar edarada barlaglaryň geçirilýändigini we barlagçylara para bermek üçin işgärlerden yzygiderli pul ýygnalýandygyny gürrüň berýärler.

Türkmenabat şäheriniň 2-nji şäher saglyk öýünde bir aýa golaý wagt bäri dowam edýän barlagyň çykdajylary işgärleriň boýnuna ýüklenýär. Ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, barlagçylara bermek üçin diýlip, saglyk işgärlerinden her hepde 20 manatdan 100 manada çenli pul ýygnalýar.

Türkmenabadyň saglygy saklaýyş pudagynda işleýän çeşmeleriň sözlerine görä, ýokary gözegçilik edarasyndan gelen barlagçylar saglyk öýüniň sanitariýa-gigiýena bölüminden başlap, maliýe bölüminiň we işgärleriň resminamalaryny, şeýle-de ýörite gözegçilikde saklanýan neşe täsirli dermanlaryň sanawlaryny hem-de hasabatyny barlaýarlar.

Barlagyň uzaga çekmegi edaranyň işgärleriniň arasynda dartgynlylygy güýçlendirýär diýip, çeşmeleriň biri saglyk öýüniň buhgalteriýa işgärleriniň barlagçylara para bermek üçin diýip, işgärlerden pul ýygnaýandygyny aýtdy.

20 manat, şepagat uýalaryndan 50 manat, lukmanlardan bolsa 100 manat alynýar" diýip çeşme aýtdy.

“Barlag bir aýa golaý wagt bäri gutarmaýar. Her hepde ýene pul ýygnalýar. "Kiçi we tehniki işgärlerden 20 manat, şepagat uýalaryndan 50 manat, lukmanlardan bolsa 100 manat alýarlar. Parahorlukdan ýaňa sistema çüýredi. Alýan aýlygymyz hem özümize siňmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň tutulmazlygyny soran saglyk işgäri aýtdy.

Çeşmäniň sözlerine görä, işgärleriň köpüsi puly näme üçin bermelidigini soramaga ýa-da muňa garşy çykmaga çekinýär we ýolbaşçylaryň basyşyna sezewar bolmakdan we işini ýitirmekden gorkýarlar. Olaryň sözlerine görä, ýygnanýan puluň edarada ýüze çykyp biljek kemçilikleriň üstüni ýapmak maksady üçin toplanýandygy aýdylypdyr.

Şeýle-de, çeşmeler birnäçe ýyl mundan ozal saglyk öýünde işgäriň ýörite gözegçilikde saklanýan derman serişdelerini gizlin satmakda aýyplanyp, tussag edilmegi bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykandygyny ýatlap, şol wakadan soň neşe täsirli dermanlaryň hasabatyna aýratyn üns berilýändigini gürrüň berdiler.

"Ýolbaşçylar barlagçylaryň haýsydyr bir kemçiligi tapmagyndan gorkýar. Şonuň üçin ähli zady pul bilen ýapmaga synanyşýan bolmaly" diýip, çeşme çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosy Türkmenabadyň 2-nji saglyk öýüniň wekillerinden, şeýle-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden resmi teswir alyp bilmedi. Bu edaralara eden jaňlarymyza jogap berilmedi.

Aşgabatly lukmanlar iş şertlerinden zeýrenýär

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän Aýal saglygynyň patologiýalaryny bejeriş merkezinde işgärleriň iş ýüküniň emeli ýagdaýda azaldylýandygy, döredilen boş iş orunlaryna para esasynda täze adamlaryň kabul edilýändigi habar berilýär.

Saglyk ulgamynda işleýän paýtagtly çeşmeler Aýal saglygynyň patologiýalaryny bejeriş merkezinde 1,5 stawka işleýän işgärlerden ýazmaça razylyk hatlarynyň alynýandygyny we olaryň iş ýüküniň 0,75 möçbere çenli azaldylýandygyny aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, işgärleriň azaldylan iş sagatlary diňe kagyz ýüzünde kemeldilýär.

Çeşme emeli ýagdaýda döredilen bu boş iş orunlaryna para beren täze işgärleriň kabul edilýändigini öňe sürýär.

“Adam 1,5 iş möçberi boýunça işläp ýör. Ondan arza ýazdyrýarlar-da, işini 0,75 möçbere çenli azaldýarlar. Soňra boşan ýere pul beren başga birini işe alýarlar. Işgär öňki işiniň ýarysyny we girdejisiniň bir bölegini ýitirýär, ýolbaşçylar bolsa täze adamdan pul alýar” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu saglyk edarasyna hatda tehniki işgär hökmünde işe ýerleşmek üçin talap edilýän para 6 müň manada ýetýär. (Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça 1714 amerikan dollaryndan gowrak-red.)

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, ýolbaşçylaryň talaplaryna garşy çykýan ýa-da para bermekden boýun gaçyrýan işgärlere basyş edilýär we şeýle işgärleriň işinden dürli kemçilikler gözlenýär.

"Ownuk säwlikler, işe gijä galmak ýa-da resminamalardaky ýetmezçilikler bahanalap, işgärler işden çykarmak bilen gorkuzylýar. Soňra olardan işini saklap galmak üçin pul talap edilýär" diýip, çeşmeleriň biri şeýle gürrüň berdi: “Işgärden pul almak isleseler, onuň işinden hökman bir kemçilik tapýarlar. Soňra ‘işden çykaryp bileris’ diýip gorkuzýarlar. Adamyň maşgalasy, çagalary bar. Başga iş tapmagyň hem kyndygyny bilýär. Şonuň üçin sesini çykarman pul berýär” diýip, çeşme aýtdy.

Merkezdäki saglyk işgärlerine edilýän basyş diňe para talaplary bilen çäklenmeýär. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, gijeki nobatda işlän işgärler iş wagty tamamlanandan soň hem öýlerine goýberilmeýär. Olar dynç almagyň ýerine döwlet tarapyndan gurnalýan köpçülikleýin çärelere iberilýär.

'Maşklar işden beter ýadadýar'

Saglyk işgärleri iş wagtyndan soň mejbury ýagdaýda köpçülikleýin dabaralara, ýörişlere we beýleki çärelere ugradylýar.

“Gijeki nobatdan çykyp, dynç almagyň deregine, bizi hökümetiň guraýan çärelerine ugradýarlar. Çärä gitmejek bolsaň, azyndan 50 manat para bermeli” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň sözlerine görä, gijeki nobatdan soň dynç alyp bilmeýän işgärler ýadaw ýagdaýda ýene işe dolanýandygyny aýdýar. Ol bu ýagdaýyň diňe işgärleriň saglygyna däl, näsaglara edilýän hyzmatyň hiline hem ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini belleýär.

Türkmenistanyň saglyk resmileri medisina edaralaryndaky kemçilikleri resmi derejede komentirlemeýärler, ýurduň döwlet mediasynda hem problemalar gozgalmaýar.

Bu aralykda medisina hyzmatlarynyň hiliniň pesligi we bahasynyň gymmatlygy zerarly gitdigiçe has köp türkmenistanlynyň esasy medisina kömeginden mahrum bolýandygy, maddy mümkinçiligi bolan raýatlaryň bolsa, daşary ýurtlara gidip, saglygyny bejermegi saýlaýandygy habar berilýär. Munuň bilen bir wagtda türkmen lukmanlarynyň işinden çykyp, gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän halatlary köpelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG