Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň käbir hassahanalarynda lukmanlaryň hasabyna gyssagly abatlaýyş işleri geçirildi


Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty. Hassahana koridory
Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty. Hassahana koridory

27 – 28-nji fewral günleri ýerli saglyk işgärleriniň mejbury maliýe goşantlary bilen Lebap welaýatynyň hassahanalarynda gyssagly abatlaýyş işleri geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Maglumata görä, abatlaýyş işleri ýokary wezipeli bir ýerli resminiň hassahanalara edýän saparynyň öň ýanyna gabat geldi.

Habarçynyň sözlerine görä, geçen şenbe we ýekşenbe günleri Lebabyň inçekesel hem-de ruhy keseller hassahanalarynda, şeýle-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hassahanasynda gyssagly suwag we boýag işleri geçirildi. “Lukmanlar öz hasabyna remont etdirdiler” diýip, bir saglyk işgäri abatlaýyş işleri üçin zerur bolan goşmaça çykdajylaryň lukmanlaryň üstüne ýüklenendigini gürrüň berdi.

Bu aralykda, lukmanlardan remont üçin goşmaça çykdajy talap edilýän mahaly, olaryň ençemesi aýlyk haklarynyň azalýandygyny aýdýarlar. “Aýlyk hakymyz azaldy. Indi, hassahananyň remontyny hem özümiz etmeli” diýip, bir lukman anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. “Alýan aýlygymyzy şu hassahanada goýup gitmeli bolduk” diýip, ol şikaýat bildirdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, gyssagly abatlaýyş işleri Lebap welaýatynyň häkiminiň täze bellenen orunbasarynyň hassahanalara edýän saparynyň öň ýanyna gabat geldi. Munuň bilen bir hatarda, ýerli resminiň saparynyň öň ýany bir barlagçy topar hassahanalary barlady. Azatlyk Radiosy barlagçy toparyň düzümini we onuň haýsy gözegçilik edarasyndan ugradylandygyny anyklap bilmedi.

“Häkim orunbasarynyň hassahanalara edýän sapary keselhana ýolbaşçylaryny alada goýdy” diýip, bir saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Saparyň öň ýany barlagçy topar hassahanalarda arassaçylygy barlady. “Barlagçy komissiýanyň gözüne düşýän diňe palatalaryň içiniň arassaçylygy we remonty bolup durýar. Başga kemçilige seredilenok, meselem, komissiýa derman ýetmezçiligi ýa-da lukmanlaryň aýlyk haky bilen gyzyklanmady” diýip, bir lukman gürrüň berdi.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda ýerleşýän edara-kärhanalarda soňky aýlarda barlagçy aladalary artýar. Ýatlasak, fewralyň başlarynda Mary welaýatynyň döwlet dükanlary Aşgabatdan barjak barlaga garaşdy, has ozal Lebap welaýatynyň önümçilik kärhanalarynda kanun goraýjy edaralar barlag geçirdi. Geçirilýän barlaglaryň döwletiň anyk haýsy gözegçilik edarasy tarapyndan amala aşyrylýandygy, hem-de bu barlaglaryň jikme-jikligi, olaryň halkyň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar bermeýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Lebapda has ozal welaýat häkiminiň täze orunbasary täze hassahanalara baryp gördi.

Ýatlasak, 11-nji fewralda Lebap welaýatynyň häkimine täze orunbasar bellenildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Maral Durdyýewa başga işe geçmegi sebäpli bu wezipeden boşadylyp, onuň ornuna Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jennet Geldymamedowa bellenildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG