Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: inçekeselli öňki tussaglar keselhana kabul edilmeýändigini aýdýarlar

Keselhananyň girelgesinde ýerleşdirilen döwlet şygary. Türkmenistan(arhiw suraty)
Keselhananyň girelgesinde ýerleşdirilen döwlet şygary. Türkmenistan(arhiw suraty)

Türkmenabat şäherinde ýaşaýan inçekeselli raýatlar medisina kömegini almakda kynçylyk çekýärler diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy öňki tussaglaryň ýagdaýy barada habar berdi. Onuň maglumatyna görä, türmede oturyp çykan adamlarda inçekesel anyklanýar we olara ýerli hassahanalarda kömek bermekden ýüz öwrülýär.

"Öňki bendileriň käbiri inçekeselden ejir çekýändigine we ýagdaýlarynyň agyrlaşýandygyna garamazdan, welaýat ýokanç keseller hassahanasyna kabul edilmeýärler" diýip, habarçymyz ýerli lukmanlara, öňki bendilere we olaryň hossarlaryna salgylanyp aýdýar.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gepleşen türkmenabatlylaryň maglumatyna görä, käbir hassalar türmeden çykanda eýýäm inçekeselli bolan bolsa, beýlekilerde hassalyk soň anyklanýar.

"Soňky üç ýylda türmeden boşap gelenleriň aglabasynda inçekesel ýüze çykýar" diýip, Türkmenabat şäheriniň saglyk öýlerindäki çeşmeleriň birnäçesi öz gözegçiligindäki öňki bendileriň arasynda bu keseliň örän köp duş gelýändigini gürrüň berdiler.

"Meniň uçastogymda öňki bendileriň 18-si bar. Olaryň ählisi soňky iki-üç ýylda türmeden boşap gelen adamlar. Olaryň hemmesinde inçekesel bar" diýip, maşgala lukmany aýtdy.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan öňki bendileriň biri öz ýagdaýyny gürrüň berip, dört ýyl türmede oturandygyny we 2025-nji ýylda günä geçişlik esasynda azatlyga çykandygyny aýtdy. Ol inçekesele türmede ýolugandygyny aýdýar.

"Öýümiň şertleri türmedäkiden gowy. Öýde bejergi alsam, halym biraz gowulaşar öýtdüm. Şonuň üçin başda hassahana gitmedim, maşgala lukmanymyň kömegi bilen bejergi alýardym. Emma ýagdaýym has-da agyrlaşdy" diýip, ol türmede bolan döwründe netijeli bejergi almaga mümkinçiligiň bolmandygyny aýtdy.

Ýagdaýy ýaramazlaşandan soň, ol täze welaýat ýokanç keseller hassahanasyna ýollanma alandygyny, ýöne ol ýere baranda kabul edilmändigini gürrüň berdi: "Maňa aç-açan: 'Bize öňki bendileri kabul etmek gadagan edildi' diýip jogap berdiler".

Türkmenabatly söhbetdeşiň sözlerine görä, hassahanadaky lukmanlar bu görkezme Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýatdaky edarasyndan geldi" diýip, aýdypdyrlar.

Öňki bendi öz ýagdaýyndan başga-da, türmeden boşap gelen goňşusynyň hem agyr haldadygyny gürrüň berdi: "Goňşym häzir ölüm ýassygynda, agzyndan gan gelip ýatyr. Maşgala lukmany oňa antibiotik berip saklaýar".

"Men ölmelimi? Meniň ýaşamaga hakym ýokmy? Diýmek öňki bendi bolsaň, bizi hasapdan çykarmalymy?" diýip türkmenabatly ýaşaýjy özüni alada goýýan sowallary orta atdy.

Onuň sözlerine görä, kesel diňe bir özüniň saglygy baradaky aladany däl, eýsem maşgalasynyň geljegi baradaky gorkyny hem güýçlendirýär. Ol aýalynyň we çagalarynyň saglyk öýünde inçekesel boýunça yzygiderli barlagdan geçýändigini aýdýar.

Inçekesele ýolugan adamyň medisina kömeginden mahrum edilmegi onuň hem öz saglygynyň howp astyna düşýändigini, hem-de onuň töwerek daşynyň bu ýokanç kesele garşy goragsyz galýandygyny aňladýar. Azatlyk Radiosyna ýüzlenen türkmenabatlylaryň ençemesi bu ýagdaýa häkimiýetleriň ünsüni çekmek we medisina kömegine mätäç adamlara hassahanalarda zerur bejergi berilmegini isleýändiklerini bellediler.

"Adamlar indi özlerinde-de kesel ýüze çyksa, hassahana kabul etmezler öýdüp gorkýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň ýene biri aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlary resmi taýdan tassyklatmak we düşündiriş soramak üçin Lebap welaýatynyň ýokanç keseller hassahanasy we Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Edaralaryň elýeterli telefon belgilerine edilen jaňlara jogap bolmady.

Türkmen türmelerinde inçekeseliň ýaýramagy halkara guramalarynyň alada bildirip gelýän meseleleriň biridir.

Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşme Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde türmelerde inçekeseliň ýaýramagynyň we bendilere zerur bejergi berilmezliginiň täze ýagdaý däldigini, emma hassalar azatlyga çykandan soň hassahanalara kabul edilip, keselden gutulmak üçin mümkinçilige eýe bolandygyny belledi. Çeşme häzirki çäklendirmäniň öň bolmadyk bir ýagdaý diýip atlandyrdy.

Türkmen türmeleri iňňän ýaramaz şertleri bilen tanalýar we dünýäde tussaghanalaryndaky bendileriň aşa köplügi bilen tapawutlanýan ýurtlaryň hataryna girýär.

Statistika näme diýýär?

Türkmenistanda inçekesel boýunça resmi statistika köpçülige elýeterli däl. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň websaýtynda ýurtda inçekesele ýoluganlaryň, bejerilenleriň we ölenleriň sany görkezilmändir.

BSG-niň hasabatlarynda Türkmenistana degişli duş gelýän sanlara görä, 2020-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli ýurtda inçekesel bilen kesellänleriň sanynyň 8900 adamdan 3000 ýetendigi aýdylýar.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň BSG bilen bilelikde inçekesele gözegçilik etmek boýunça Milli strategiýa planynyň işlenip düzülýändigi habar berildi. 2026-2030 ýyllara gönükdirilen bu planyň jikme-jiklikleri resmi habarlarda agzalmady.

BMG-niň global ösüş agentligi (UNDP) inçekesele garşy göreşde Türkmenistany dermanlara çydamly inçekeseliň köp bolany üçin, BSG-niň Ýewropa sebitinde inçekesel boýunça ileri tutulýan ýurt bolmagynda galýan ýurtlaryň arasynda agzady.

Global derejede inçekeseliň jemgyýetçilik saglygy üçin howply bolmagyna galýandygy aýdylýar.

BSG-nyň 2025-nji ýyl boýunça hasabatyna görä, inçekesel öňüni alyp bolýan we köplenç bejerip bolýan keseldir. Şeýle-de bolsa, her ýyl 10 milliondan gowrak adam keselleýär we 1 milliondan gowrak adam bu kesel sebäpli aradan çykýar. Bu bolsa, ony dünýäde ölüm howpuny döredýän ýokançlyklaryň we köp duş gelýän keselleriň onlugyna goşýar. Şeýle-de, maglumatda 2030-njy ýyla çenli dünýäde inçekesel epidemiýasyny aradan aýyrmak üçin gyssagly çäre görülmeginiň Birleşen Milletler Guramasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ähli agza döwletleri tarapyndan makullanandygy bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG