Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda inçekesel bilen kesellän hassalar itiň ýagyndan we etinden dermanlyk hökmünde peýdalanýar


Illýustrasiýa suraty. Tagtabazaryň inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi

Lebap welaýatynyň Inçekesel hassahanasynda hasapda duranlar hem-de inçekesel bilen kesellän adamlar dermanlaryň bahalarynyň gymmatdygy ýa-da olaryň tapdyrmaýandygy sebäpli bejergide itiň ýagyny we etini ulanýar diýip, Türkmenistanyň hronikasy 24-nji dekabrda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, “dermanlyk” it etini we ýagyny Türkmenabadyň “demirýolçylar” etrapçasynda hassahana golaý ýerleşýän jaýlaryň ýaşaýjylary satýar. Eredilen it ýagy 100 gramlyk stakanda 900 manatdan, it eti 3 litrlik bankada 150 manatdan satylýar.

Inçekesel Türkmenistanda iň howply keselleriň biri bolup durýar. Ozalky ýyllaryň hasabatlarynda, 2015-nji ýylda Türkmenistan inçekeselden ölýän adamlaryň sany boýunça Ýewropada we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýaramaz birinji orny eýeledi. Bu hasabaty Profilaktika we keselçilige gözegçilik boýunça Ýewropa merkezi Bütindünýä Saglyk guramasy bilen bilelikde ýaýradypdy.

Bütindünýä saglyk guramasynyň sanlaryna görä, 2015-nji ýylda Türkmenistanda 3 müň 800 adam, 2016-njy ýylda 2 müň 232 adam inçekesel bilen hasaba alyndy. Guramanyň soňky sanlaryna görä, 2018-nji ýylda Türkmenistanda jemi 2 müň 700 adam inçekesel bilen bagly hasaba alyndy, olardan inçekeseliň derman serişdelerine durnukly görnüşi (MDR-TB) bilen kesellän 1 müň 98 adam saglyk bejergisine başlapdyr. Bütindünýä saglyk guramasyna görä, Türkmenistanda 2018-nji ýylda hasaba alnan inçekeselli erkek adamlaryň sany bu kesele ýolugan aýallaryň sanyndan köpdür. Gurama bu sanlary resmi görkezijileriň esasynda taýýarlaýar. Synçylar Türkmenistanda resmi statistikanyň hakykaty açyp görkezmeýändigini aýdýarlar.

AIDS, inçekesel we gyzzyrma keselleriniň garşysyna göreşmek üçin Global gazna 2010 – 2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistana 23 million dollardan gowrak maliýe hemaýatyny berdi. 2016-njy ýylda Bütindünýä banky Türkmenistany ortadan ýokary girdejili ýurtlaryň sanawyna goşandan soň, Türkmenistan inçekesele garşy global gaznanyň hemaýat mümkinçiliginden mahrum boldy. Gaznanyň Türkmenistana degişli maliýe kömegini kabul ediji we ýerine ýetiriji gurama BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky ofisidir. Türkmenistan 2018 – 2021-nji ýyllar aralygy üçin inçekesele garşy global gaznanyň 4 million dollar töweregi wagtlaýyn maliýe hemaýatyna ýüz tutdy. Ýüztutmanyň nusgasyny gaznanyň resmi websaýtyndan indirmek mümkin.

Türkmenistanyň saglyk resmileri Lebapda ýerli ýaşaýjylaryň it etinden we itiň ýagyndan dermanlyk hökmünde peýdalanmagy bilen baglylykda resmi düşündiriş bilen çykyş etmeýär.

Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllar üçin Inçekesele garşy milli maksatnama hereket edýär. Ýöne milli maksatnamanyň jikme-jikligi, onuň çäginde inçekeselli raýatlara berlen kömekler, halas edilen ömürler barada maglumat berilmeýär.

Soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurt ykdysadyýetiniň gowşamagy bilen, ýurtdaky derman gytçylygy we dermanlaryň bahalarynyň gymmatçylygy mümkinçiligi bolmadyk hassa raýatlary tebiplerden we tebipçilikden em gözlemäge iterdi.

Ýöne beýleki tarapdan, Türkmenistanyň resmi döwlet media we metbugat serişdelerinde-de halk tebipçiligi, sagdyn durmuş üçin dermanlyk ösümliklerden peýdalanmak bilen bagly çykyşlar berilýär.

Ýatlasak, dekabryň başynda türkmen weterinarlary Türkmenistanyň “Altyn Asyr” döwlet telewideniýesinde eden çykyşlarynda iri we ownuk şahly mallarda döreýän keselleri bejermek üçin prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümliklere bagyşlap ýazan kitabyndaky dermanlyk ösümliklerden peýdalanmagy maslahat berdiler.

Ondan ozal, geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi sagdyn durmuş üçin prezidentiň kitabyndaky dermanlyk ösümlikleri içmegi maslahat berip, metbugat maglumatyny ýaýratdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG