Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda dümew we koronawirus keseline garşy giň gerimli sanjym kampaniýalary alnyp barylýar


Saglyk hünärmenleri güýz-bahar aralygynda dümew wirusynyň işjeňleşýändigini, ýokanjyň köpelýändigini aýdýarlar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Saglyk hünärmenleri güýz-bahar aralygynda dümew wirusynyň işjeňleşýändigini, ýokanjyň köpelýändigini aýdýarlar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýetginjekleriň hem-de uly ýaşly adamlaryň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç kesellerine garşy giň gerimli sanjym kampaniýalary alnyp barylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli saglyk işgärlerine salgylanyp, 6-njy noýabrda habar berdi.

Lukmanlar güýz paslynyň dowam edýän günlerinde sanjym kampaniýalarynyň esasan dümew hem-de koronawirus keseline garşy gönükdirilýändigini aýdýarlar.

“Gyş paslynda koronawirus keseliniň möwjemek ähtimallygy bilen bagly aladalaryň arasynda mekdep okuwçylaryna sanjym edip ýetişmesek agyr netijeler bilen göreşmeli bolarys” diýip, bir saglyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sanjym işleri 5-nji synpdan ýokary mekdep okuwçylarynyň arasynda hem-de býujet işgärleriniň arasynda giň gerime eýe bolýar.

Lukmanlar waksinalaryň möwsümleýin ýiti respirator kesellerine garşy immuniteti güýçlendirýändigini aýdýarlar, ýöne şol bir wagtda, hroniki keseli bolan adamlary sanjym almaga höweslendirmeýärler.

Saglyk nokatlary özlerine berkidilen edara-kärhanalarda we mekdeplerde sanjym işlerini alyp barýarlar. Olara bellenen möhletde sanjym işlerini tamamlamak tabşyrylypdyr.

“35-nji saglyk nokadyna 6-njy noýabra çenli sanjym işlerini doly tamamlamak tabşyrylypdyr. Şepagat uýalary ýekşenbe güni hem saglyk nokatlarynda adamlara sanjym etdiler” diýip, bir ýerli lukman 5-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Global koronawirus pandemiýasy döwründe öz çäginde hiç hili kesel hadysasyny hasaba almadyk türkmen hökümeti öz raýatlaryndan koronawirus sanjymyny kabul etmegi hökmany talap hökmünde girizipdi.

Dowam edýän sanjym kampaniýalarynyň arasynda mekdepler ýene-de antiseptik serişdeler bilen üpjün edilip başlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Şol bir wagtda, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri ýene-de edara-kärhanalara aýlanyp, zyýansyzlaşdyryjy serişdeleri talap edip başlady.

“Zyýansyzlaşdyryjy serişdesi bolmadyk edara-kärhanalara jerime ýazylýar” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasy döwründe berk karantin düzgünlerini berjaý etdi, şol bir wagtda wirus hadysalaryny inkär etdi. Bütindünýä banky koronawirus keseline garşy göreş tagallalarynyň çäklerinde Türkmenistana 20 million dollar möçberinde maliýe serişdesini bölüp berdi.

Türkmenistanyň hökümeti Russiýadan, Hytaýdan we beýleki käbir daşary ýurt döwletlerinden koronawirus sanjymlaryny aldy.

Saglyk hünärmenleri güýz-bahar aralygynda dümew wirusynyň işjeňleşýändigini, ýokanjyň köpelýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda ýiti respirator kesellerine garşy öňüni alyş sanjym kampaniýalary ýurduň Saglyk ministrligi tarapyndan guramalaşdyrylýar.

Türkmenistanda möwsümleýin kesellere garşy sanjym kampaniýalary bilen bir hatarda, öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibi hereket edýär. Bu tertibe laýyklykda, ýurtda jemi 14 sany kesele garşy waksinalar arkaly öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Ýurduň saglyk ministrligi dünýäde wagtal-wagtal peýda bolýan global pandemiýalary we epidemiýalary köplenç erjellik bilen inkär edýär.

Şol bir wagtda, ýurduň saglyk pudagyndaky ‘nogsanlyklaryň’ arasynda mümkinçiligi bolan türkmenistanlylar Eýran we Hindistan ýaly daşary ýurt döwletlerinde saglyk bejergilerini almagy makul hasaplaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG