Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmençilik näme ýa-da däp-dessurlar nädip propagandanyň esasy guralyna öwrüldi?


Ak gyňaçly aýallar ulaga un sepip, ýüzärlik tütedip, köne däplere täze mazmun berýän hökümet propagandasyna gatnaşýarlar.
Ak gyňaçly aýallar ulaga un sepip, ýüzärlik tütedip, köne däplere täze mazmun berýän hökümet propagandasyna gatnaşýarlar.

ABŞ-da ýasaýan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowa golaýda, Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde türkmençiligi adamlar tarapyndan gurlan özboluşly türmä deňedi. Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, türkmençilik şu günki günde 'türmeçilige öwrülene' meňzeýär. Şol bir wagtda, türkmençilik türkmen halkyna mahsus däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň, durmuş, ahlak gymmatlyklarynyň toplumy bolup, asyrlaryň dowamynda emele gelen 'halk medeniýeti, ýöne döwlet propagandasy ony gülkä öwürdi' diýýänler hem bar.

Käbirleri türkmençiligi ýazylmadyk kanun atlandyrsa, beýleki birleri ony garym-gatym dürüşde hökmünde häsiýetlendirýär. Ýöne soňky döwürde türkmençilige döwlet propagandasynyň bir bölegi, ýoýlan, islendik tarapa çekip bolýan ýasama däpler, ilatyň uly böleginiň görülmeýän görgülerini has-da ýaşyrmagyň bir guraly hökmünde garaýanlar hem köpelýän ýaly.

"Türkmençilik näme? Ol diňe däpmi, ýa türkmençilik yslam dinini, ýa yslamdan öňki dinleri hem öz içine alýarmy? Ýa bu dogrudanam halky gözegçilikde, gepletmän, yzagalak saklamagyň guralymy?" diýip, Azatlygyň bir diňleýjisi sorady we bu mesele barada ýörite söhbet, pikir alyşma guralsa gowy boljakdygyny belledi.

Şu ýagdaýlar bilen baglylykda, Azatlygyň habarçysy "türkmençilik näme, ol sowetlerden öň nähili bolupdyr, sowet döwründe nähili boldy, häzir nähili?" diýen ýaly soraglar bilen dürli ýaşdaky adamlara ýüzlendi.

Adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly diňleýjimiziň pikirine görä, sowet döwründe kommunistler 'könäniň zyýanly galyndylary' diýilýänlere garşy göreşdiler, netijede türkmençilik öňküliginden üýtgedi, aýal-gyzlar, erkekler başgaça, döwre görä geýinmäge ýykgyn etdi, sowet jemgyýetiniň bir agzasyna öwrüldi, emma Garaşsyzlyk döwründe yza gaýdyldy, türkmençilige degişli zatlar, haly, milli lybaslar, at, it... döwlet propagandasynyň esasy bölegine öwrüldi, ýagny, köneden gelýän däp-dessurlar halk durmuşyndan alnyp, syýasatlaşdyryldy.

Türkmençilik, däpler ters matlap bilen ulanylýarmy?

"Türkmençilik, gyzyl halylar, aýal-gyzlaryň el işleri, beýlekiler azat-erkin ýaşaýyşa, dünýä gatylyp-garylmaga edil göni bolmasa-da, gytaklaýyn garşy goýuldy, toý-dabara sahnalary gurnalyp, halky bagtly, durmuşdan razy, häkimiýetlerden nägile bolmaýan, el çarpyp, aýdym aýdyp, tans edip ýören adamlar edip görkezdiler. Meniň pikirimçe, türkmençilik, däpler ters matlap bilen ulanyldy we ulanylýar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Döwlet guşy" romanynda ýazmagyna görä, olaryň öýlerinde “türkmençilik berk saklanypdyr”.

«Türkmençilik öýde berk saklanýardy. Mälikguly ýedi ýaşdan kulhuallany, elhemi, tebärek çykmagy öwrenipdi» diýip, türkmen metbugaty bu kitapdan sitata getirýär.

Ýöne türkmençilik sözüni bir kemçilikli, düşündirmesi kyn ýagdaýy, logikasyz, mantyksyz hereketleri aňlatmak üçin ulanýanlar hem bar. Azatlygyň söhbetdeşleriniň biri "biziň häzirki bolup ýörşümiz, durmuşymyz, nebit-gaza baý ýurtda çekýän maddy kançylyklarymyz, maşynymyzyň ak reňkli bolmagy, şunça ýylda guramaçykly, güýçli oppozisiýa partiýalaryny gurup bilmezligimiz, bir sözde aýdylanda, türkmençilik bolýar" diýdi.

Käbir pikirlere görä, türkmençilik agzalalyk sözüni hem aňladýar.

"Türkmençilik diýlende, soňky asyrlarda adamlaryň birek-birege ynanmazlygy göz öňüne gelýär. Türkmenler eýýäm birnäçe asyrdan bäri agzybir bolup, bir hakykat ugrunda goreşmeýän halk diýen pikir bar" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen bir ýaşaýjy aýtdy.

Bu hili pikiri aýratynlykda gürleşilen ýene bir söhbetdeşimiz gaýtalady.

"Türkmen halky sowetlerden öň hem, XV asyrdan XIX asyra çenli dagynyk ýagdaýynda ýaşapdyr, agzybirlik bolmandyr. Türkmen hanlary Hywa, Buhara hanlaryna hyzmat edip, garyp halky kösäp gelipdir. Halkyň içinde hanlara doly tabyn bolman, gozgalaň turzan merdana ýigitleriň sany az bolupdyr, olar uly bir üstünlik gazanyp bilmändir. Bu türkmençilikde öňem agzybirligiň bolmandygyny görkezýär. Soň biziň topraklarymyzy rus patyşasy basyp alýar we ol hanlar soň rus patyşasyna gulluk edýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi öz pikirini aýtdy.

Aýratynlykda gürleşilen başga bir ýaşaýjy türkmençilige diňe däp-dessur manysynda düşünilýändigini, ýöne onuň adamlary gürletmezlik, dymdyrmak üçin hem ulanylýandygyny öňe sürdi.

"Eger-de daşary ýurt adamlarynyň edýän hereketlerini etseň ýa-da öz pikiriňi aýdyp başlasaň, türkmençilige gelşenok diýip, agzyňy ýumdurýarlar. ...türkmençilikden çykylýar diýip, adamlara basyş edilýär. Türkmençilikde agzybirlik ýok, hakykat ýok. Welaýatlaryň arasynda hem milletparazçylygy ösdürýärler. Her welaýat bir-biriniň halkyna at dakyp, milletparazçylyk edýärler. Edil şu wagt türkmençilik şu ýagdaýda" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi öz pikirini aýtdy.

Türkmençilik dürüşdemi?

Başga bir söhbetdeşimiz "türkmençilik däp-dessur diýseňem bolýar, ýöne soňky ýyllarda bolýan wakalara seretseň, ol düşürüşde" diýdi. Ol özüniň analitik Aýnabat Ýaýlymowanyň pikiri bilen ylalaşýandygyny aýtdy.

"ABŞ-da ýaşaýan türkmen dogry pikir beripdir, sebabi adamlar bir uly kapasanyň içinde saklanýar. Köp adamlar şol kapasadan çykmaga gorkýar. Şol kapasadan çykan halk yzyna gaýdyp gelmek islemeýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmençilik baradaky sorag ýaşy bir çene baran adamlar bilen 50 ýaşdan bärdäki adamlaryň pikir-düşünjelerinde belli bir derejede üýtgeşikligiň saklanýandygyny yşarat edýär.

"Garry adamlary diňleseň, öz ýurduňdan başga ýerde hiç bir gowulyk ýok erbetlik bar ýaly. Muňa subutnama hökmünde nakyl hem getirýärler. "Ýat illerde şa bolandan, öz iliňde geda bol“ diýýärler. Belki-de ýurtdan gidýänleri saklamak üçin, soňky ýyllarda mekdeplerde ýaş okuwçylara daşary ýurtlary ýigrenji edip görkezjek bolmak tendensiýasy köpeldi. Mugallymlar çagalara "daşary ýurt azgynçylyk, ol ýerde siziň päliňizi azdyrarlar" diýen ýaly sözleri aýdýarlar. Iň ýamany, şol sözleri aýdýan mugallymlaryň öz çagalary ýa daşary ýurtda okap gelen, ýa-da okap ýören bolup çykýar" diýip, Azatlygyň bir ýaş söhbetdeşi aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen başga bir ýaşaýjy sowet döwründen öň türkmençiligiň esasan dini düşünjelere daýanandygyny, adamlary Allanyň, diniň adyndan gorkuzandyklaryny, din wekilleriniň halka kanagatly bolmagy ündändiklerini belledi.

"Türkmen ähli zada çydamly halk, sabyrly halk. Olaryň arasynda "Alla sabyrly bolan bendäni halaýar" diýen ýaly gürrüňlere gulak asýan kän" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

"Sowet dowründe öňki hanlar, molla-şanlar ýok edildi, adamlaryň aňyna Lenin propagandasyny guýdular. Garaşsyzlyk döwründe hem şu hili güýçli propaganda ýöredildi. Ýöne Lenine derek Türkmenbaşy, Arkadag, Arkadagly Serdar propogandasy ýöredilýär" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran raýat türkmençiligiň her ýolbaşçynyň öz gowy görýän zatlaryna baglylykda üýtgedilýändigini belledi.

Şu günki türkmençilik 'hökümet diýmegi' aňladýar

"Kim baştutan bolsa, şonuň halaýan hereketleri, halaýan däp-dessurlary türkmençilge salynýar we ýasama däp döredilýär. [Bu zatlar] adamlaryň aňynyň ösmegine uly böwet bolýar. Täze häkimiýetleriň çyzan çyzygyndan çykmazlyk türkmençilige öwrüldi. Edil şu günki günde türkmençilik hökümet diýmegi aňladýar. Hökümetde bolsa, [köp mesele] para bilen çözülýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Biri-birinden habarsyz söhbetdeşlerimiz şu günrki türkmençilige "adam hukuklary, söz azatlygy ýaly zatlaryň girmeýändigini" aýtdylar.

"Metbugat, söz hökümetiň elinde, bu ýerde diňe propaganda ýöredilýär... Adamlar açyk gürleşmäge gorkýarlar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz häzirki türkmençiligiň korrupsiýa 'gowy garaýandygyny' aýdýarlar.

"Häzirki türkmeniçilikde parahorluk häkimiýetlerden başlanýar. Ol ýerde adamyň hukugy ýa-da nämä hakynyň bardygy hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Häkimlik ýalançylyk bilen satyn alynýar. ...Korrupsiýany görmezlige salýarlar, bu ýalňyş, emma hiç hili çäre görmeýärler. Parahorluk türkmençiligiň bir bölegine öwrüldi, däp-dessur boldy" diýip, korrupsiýa we türkmençilik baradaky soraga jogap beren ýaşaýjy aýtdy.

"Çärelere çagyrylýan, öňe çykyp gürleýän ýaşuly adamlar, aýallar saýlanyp alynýar. Olara gürlejek gürrüňleri taýýarlanyp, agzyna salnyp berilýär. Başga zat gürlemek beýlede durdun, çala bir hereketiň ýaramasa, MHM tarapyndan soraga çekip, adamlary gorkuda saklaýarlar" diýip, çäreler we türkmençilik baradaky soraga jogap beren ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, adamlar häzirki telewideniýede ýa metbugatda öňe sürülýän türkmençiligi ilaty doly kontrollukda saklamagyň bir guraly hasaplaýarlar.

"Ýöne, gynansak-da, adamlar gürlemekden gorkýar. Türkmençilik dogry sözlülik, rehimdarlyk, ejizi goldamak, ol adamkärçilik, her adamda bolmaly häsiýetleri öz içine alýar. Emma hakyky türkmenlere mahsus gylyklar häzirki türkmençilige düýbünden gabat gelmeýär. Häzirki türklmençilik halky ezmek, parahor häkimiýete işlemek diýmekdir" diýip, anonimlik şertinde gürleşen türkmen raýaty aýtdy.

Milli eşikleriň aşa wagyz edilmeginiň olara bolan islege ýetirýän täsiri baradaky soraga jogap beren ýaşaýjy munuň 'tersine işleýändigini' öňe sürdi.

"Hökümetiň propaganda edýän eşiklerinden adamlar bizar. Ýaşlar öz eşiklerini özboluşly bezemäge çalyşýar. Mekdep okuwçylary öz egin-eşikleriniň dürli bolmagyny isleýärler, olar öz isleglerine laýyk, öz stillerinde geýinmek isleýärler. Emma bu islegiň garşysyna, türkmençilige gelişmeýän eşik geýmeli däl diýip, eşik mejburlygyny ulanýarlar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, döwlet eýeçilgindäki metbugatyň ýazmagyna görä, "türkmençilik" düşünjesini ýaş nesilleriň aňynda ynsanyýetiň ajaýyp nusgasyny şöhlelendirýän gymmatlyk hökmünde ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi."

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG