Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilatyň metjitlere we öwlüýälere berýän sadakalarynyň aglabasy "ýokardaky emeldarlara iberilýär"


Aşgabadyň "Ärtogrul gazy" metjidi. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň "Ärtogrul gazy" metjidi. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda parahorluk ilat arasynda iň mukaddes hasaplanýan ýerlere - metjitlere we Ak işanjan, Hojaýusup baba hem-de Şyh Mansur ýaly öwlüýälere - hem baryp ýetdi. Adam pahyr nireden kömek tapjagyny bilmän, öwlüýälere we metjitlere doga-dileg etmäge barýar. Bu ýerlerde adamlaryň sadaka diýip berýän pullarynyň we mal-garalarynyň aglabasy döwlet emeldarlaryna para hökmünde geçirilýär diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky döwürde şeýle gürrüňleri türkmenistanlylaryň arasynda ýygy-ýygydan eşitse bolýar.

"Adamlar metjitlere we öwlüýälere zyýarat edip, ölen dogan-garyndaşlarynyň hatyrasyna aýat, töwwir okaýarlar, doga-dileg edýärler. Olar sadaka hökmünde pul goýýarlar, aýdylan mal we çörek ýaly iýmitleri hem şol ýerlere tabşyrýarlar. Olar bularyň garyp-gasarlara sadaka hökmünde paýlanmagyny umyt edýärler. Ýöne şol berilýän sadakalaryň ujypsyzja bölegi göz üçin paýlanýar, galan uly bölegi ýokardaky resmilere tabşyrylýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçylarymyz ykdysady kynçylyklaryň arasynda, metjitlere we öwlüýälere zyýarata baryp, bu ýerlerden haraý tapmaga synanyşýan adamlaryň köpelýändigini görse bolýandygyny hem aýdýarlar.

Karantin çäklendirmeleriniň gowşadylyp, metjitleriň we öwlüýäleriň gaýtadan açylmagy bilen, şu günler bu ýerlere zyýarata barýan adamlaryň her biri sadaka hökmünde azyndan 5-10 manat, käte ondan hem köp serişde goýup gaýdýar. Käbir hojalyklar sadaka diýip, goýun, geçi we sygyr ýaly mallary tabşyrýarlar.

"Şol mallaryň köpüsi ýokary wezipelerde işleýän adamlaryň mal sürülerine goşulýar" diýip, ýaşaýjy öwlüýälerde işleýän işgärleriň, şol sanda ymamlaryň gysga wagtyň dowamynda gurplanýandygyny, şol sanda gymmat bahaly ulagly, jaýly bolýandygyny hem belleýär.

Ýagdaýdan habarly başga bir türkmenistanly etrapdyr şäherlerdäki metjitlerden we öwlüýälerden ýygnalan pullaryň welaýatlaryň merkezindäki uly metjitleriň ymamlaryna tabşyrylýandygyny aýdýar.

"Ýurduň ähli metjitlerinde we öwlüýälerinde haýyr-sahawat üçin demirden ýörite sandyklar goýlandyr. Metjitleriň ymamlary we öwlüýäleriň şyhlary bu sandyklara üýşen pul serişdelerini Aşgabada ugradýarlar. Pul ýygnamak işi her hepde juma namazyndan soňra bolup geçýär. Her hepde 10 müň manat çemesi pul üýşýär. Din ýoly halal bolmaly, ýöne gynansakda, bu mukaddes ýerlerde hem uly biznes gurnalyp, parahorluk giňden ýaýrady" diýip, ol sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň dini işler boýunça edarasy bilen habarlaşyp, kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda korrupsiýanyň tas ähli pudakda giňden ýaýrandygy, bäbekhanadan başlap, tä merhumyň jynazasyny gurnamak işlerine çenli baryp ýetýändigi barada Azatlygyň habarçylary, türkmenistanlylar we garaşsyz neşirler yzygiderli habar berip gelýärler.

Mart aýynda lebaply ene-atalaryň ençemesi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde parahorlugyň dini däp-dessurlar esasynda amal edilýän hirurgiki çärä-de ornaşandygyny gürrüň berdiler. Şonda ene-atalar çagalaryny sünnet etdirmek üçin 5 müň manada çenli para bermeli bolýandyklaryny aýdypdylar.

Türkmen häkimiýetleri para-berim ýagdaýlary baradaky maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Hökümet mejlislerinde ýurtda "korrupsiýa garşy alnyp barylýan giň gerimli göreş" barada wagtal-wagtal gürrüň edilýär. Ýöne synçylar korrupsiýanyň ýokardan başlanýandygyny aýdyp, bu çykyşlaryň meseläni düýpli çözmäge däl-de, "halkyň gözüni boýamaga gönükdirilendigini" aýdýarlar.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG