Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki sany ýaş gelin 'türkmene gelişmejek geýim' geýmekde aýyplanyp, polisiýa bölümine alnyp gidildi


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Marynyň “Maru-şahu jahan” bazarynyň golaýynda 23-nji maýda iki sany ýaş gelin polisiýa tarapyndan “türkmene gelişmejek geýim” geýmekde aýyplanyp saklandy we şäher polisiýa bölümine alnyp gidildi. Polisiýa merkezinde birnäçe sagada çeken sorag edişlikden soň, zenanlar “köpçülik ýerlerinde özlerini ýeňil alyp barmazlyk” tabşyryklary bilen boşadyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Türkmen gyz-gelinlerine “mahsus ýa-da mahsus däl” egin-eşikleriň kanunda kesgitlenen sanawy ýok, galyberse-de aýal-gyzlaryň köpçülik ýerlerinde “özlerini alyp barmagyna” degişli kanuny kesgitlemeler ýok, ýöne muňa garamazdan, Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralary “türkmençilik” bahanalaryna esaslanyp, wagtal-wagtal aýal-gyzlary çäklendirmek çärelerini güýçlendirýärler

Efirde atlary etiki ýagdaýlar sebäpli üýtgedilip, Dursun we Şemşat diýlip tutulýan iki ýaş zenan sişenbe güni ir bilen Mary şäheriniň merkezi bazaryna baranlarynda, özlerine garaşýan geň wakadan heniz habarsyzdy.

Iki jora bazar gezelenjini tamamlap, Mollenepes köçesiniň ugrundaky ýanýoda bilen assa-ýuwaşdan ýöräp ýola düşenlerinde, özlerine tarap süýşüp gelýän polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alynýarlar.

Polisiýa işgärleri, garaşylmadyk ýagdaýda, ýaş zenanlary saklap, özleri bilen polisiýa bölümine gitmegi talap edýär. Zenanlar aljyraýar, polisiýa bölümine gitmegiň sebäbine düşünmeýär.

“Siz türkmene gelişmejek geýim geýipsiňiz, köýnegiňize serediň, göwsüňiziň ýarysy daşynda” diýip, wakanyň şaýatlary polisiýanyň ýaş zenanlara aýdan sözlerini getirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan käbir bazar satyjylary özleriniň ýaş gelinleri tanaýandyklaryny, olaryň tas hepdede bir gezek Marynyň bazaryna gelip, söwda bilen meşgullanýandyklaryny, hepdäniň galan günlerini Aşgabatda geçirýändiklerini aýdýarlar.

Tussag etmä şaýat bolan adamlaryň hem-de käbir bazarçylaryň sözlerinden çen tutulsa, zenanlar göwüs bölegi sähel açyk bolan uzyn köýnek geýipdirler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, polisiýa merkezinde ýaş zenanlaryň uniformaly işgärler tarapyndan hem-de güýç edaralarynyň raýat eşikli işgärleri tarapyndan soraga çekilendiklerini habar berýär.

Polisiýa işgärleri ýaş gelinlerden açyk geýinmezligi, köpçülik ýerlerinde özlerini “türkmençilige mahsus alyp barmagy” talap edýärler. Gürrüňdeşligiň dowamynda polisiýa işgärleriniň ýaş gelinlere paýyş sözleri aýdyp, azgarylan pursatlary hem bolupdyr.

Ýaş zenanlar polisiýa işgärlerinden özlerini kemsitmezligi talap edipdirler, şeýle-de bazarda başga-da açyk geýnüwli zenanlaryň bolandygyny aýdypdyrlar.

“Olaryň milleti türkmen däldir. Bize diňe türkmen gelinlerini terbiýelemäge rugsat berildi” diýip, tussag edilen zenanlar polisiýanyň özlerine aýdan sözlerini getirýär.

“Indi ele düşseňiz, ýa-da köpçülik ýerlerinde özüňizi ýeňil alyp barsaňyz, 15 gün tussag ederis diýip, boşadyp goýberdiler. Hany bärde adalat? Kelläňde ýaglyk ýa-da öýme bolmasa, ýeňil bolýaňmy? Meniň başym boş, islänimi ederin” diýip, polisiýa bölüminden boşadylan ýaş gelin aýdýar.

Dursun we Şemşat polisiýanyň öz mertebelerini kemsitmeginden nägile bolýarlar.

Türkmenistanda prezident wezipesi 2022-nji ýylyň martynda ata Gurbanguly Berdimuhamedowdan ogul Serdar Berdimuhamedowa geçirilenden soňra, geçen ýylyň ýaz aýlarynda, ýurt boýunça aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçilik güýçlendi. Býujet edaralarynda aýal-gyzlardan “türkmençilige mahsus” geýinmeklik, dar we gysyp duran köýnek geýmezlik, jinsi geýmezlik, dyrnak ösdürmezlik, ýasama gaş-kirpik dakdyrmazlyk we dodak çişirtmezlik talap edilip başlandy.

Polisiýa tarapyndan tussag edilip, gürrüňdeşlik geçilen zenanlaryň sözlerine görä, hukuk goraýjylar türkmen aýal-gyzlarynyň daş keşbine gözegçilik bilen bagly tabşyryklaryň kanun goraýjy edaralara prezident tarapyndan berilýändigini aýdýarlar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ynsan hukuklaryny depelemekde, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny kemsitmekde tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG