Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» kanunyna laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar şu ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gullukdan boşadylar we çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlar şu ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrylar.
Habarda bu kararyň resmi çap edilen gününden güýje girýändigi bellenilýär.
Türkmen resmileri milli goşunda bolýan bidüzgünçilikler, korrupsiýa, esgerleriň azyk üpjünçiligindäki kemçilikler, agalyk, goragsyz esgerleriň urlup-ýenjilmegi, maýyp bolýan ýa öldürilýän, özüni öldürmäge mejbur bolýan esgerler barada syzyp çykýan habarlara hiç bir düşündiriş bermeýärler.
Türkmen metbugaty, şol sanda goşundaky ýagdaýlar barada habar berýän ýörite neşirler, metbugatda saklanyp galýan berk döwlet senzurasy sebäpli, türkmen goşunyndaky kynçylyklar barada hiç bir maglumat bermeýär.