Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda köpaýallylyk ornaşýar, zähmet migrasiýasyndaky zenanlar jebir çekýär

Toý dabarasy. Türkmenistan (arhiw suraty).
Toý dabarasy. Türkmenistan (arhiw suraty).

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaýbaňlanýan köpaýallylyk daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýän zenanlara täsir ýetirýär. Azatlyk Radiosyna türkmenistanly birnäçe zenanyň ýagdaýy mälim boldy. Öz durmuşy barada gürrüň beren zenanlar özleriniň daşary ýurtlarda agyr işlerde işläp ýurt içinde galan maşgalasyny ekläp ýören wagty ärleriniň üstüne başga aýal alandygyny aýtdylar.

Faraply 48 ýaşly Nasiba köp aýallylykdan jebir çeken türkmenistanly zenanlaryň biri. Ol 2009 ýylda iki sany kiçi ýaşly çagasynyň gelejegi üçin, ýaşap oturan jaýynyň timarlanyşy we kapital remonty üçin pul ýygnamak maksady bilen ujypsyzja aýlykly mekdepde tam süpürijisi işinden çykyp, Türkiýä zähmet migrasiýasyna gidýär.

"Türkiýede 2009-2019-njy ýyllar aralygynda agyr öý hyzmatkäri, ýarawsyz ýatan hassalara serediji işlerinde işläp, her aý ärime we onuň bilen galan iki çagama yzygiderli pul iberip durdum. Ärim on ýylyň içinde jaýymyzyň kapital remontyny we bejeriş işlerini ussalara etdirdi, özüne täze maşyn aldy" diýip, zenan çeken zähmeti bilen maşgalasynyň maddy ýagdaýyny gowulandyrmagy başarandygyny aýtdy.

Ýurtda ýiti ykdysady krizisiň fonunda daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýän raýatlaryň, şol sanda aýallaryň sany artýar. Hususan-da, Türkiýä gidýän türkmen zenanlary garrylara seretmek, keselbentlere garaşyk etmek, arassaçylyk işleri, aşhanalarda gap-çanak ýuwmak we söwda etmek ýaly işlerde işleýär.

Nasiba 2019-njy ýylda saglyk ýagdaýy we pasport meselesi bilen Türkmenistana dolanypdyr. Emma ol saglyk meselelerini bitirip, täze biometriki pasporty alanyndan soň adamsy ony ýene-de Türkiýä gitmäge ündäpdir.

"Ejesi, ýene 3-4 ýyl işläp gelseň, gyzlaryň okuw puluny, seniň özüň üçin hem maşyn puluňy toplap goýaryn" diýip, ärim hernäçe gep bilen meni gaýtadan Türkiýä işe iberdi" diýip, zenan çagalarymyň gelejegi üçin ikinji gezek Türkiýä gidendigini gürrüň berýär.

Bu, koronawirus pandemiýasynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda bolup, Türkiýä baransoň Nasiba 6 aýlap işsiz galypdyr. "Şonda ilkinji gezek ärim bilen hakyky dawa ýüze çykdy" diýip, zenan gürrüň berýär: "Men ondan maňa iş tapýançam pul ibermegini haýyş etsem, ol 'Türkiýede iş köp, belli bolmasa ten sat' diýdi. Meniň şol wagt dünýäm çatlan ýaly boldy. Soňra ol men bilen bahana edip, gürleşmegi bes etdi".

Nasiba Türkiýede 2019-2023 ýyllarda agyr zähmet migrasiýasynda uly kynçylyklary başdan geçirendigini aýtdy. Ol gan basyşy aşa göterilip, agyr işe ýarawsyz galypdyr we 2023-nji ýylda yzyna Faraba gaýdypdyr.

'Keselbent aýalyň geregi ýok'

"Yzyma öýe gaýdyp baranymda öňki mähirli, söýgüli ýanýoldaşymdan nam-nyşan hem galmandyr. Ol meni öýüň daşynda garşy alyp: 'Nireden gelen bolsaň şol ýere gaýdyp bar! Seniň ýaly keselbent heleýiň maňa geregi ýok' diýdi. Ol 'meniň 8 ýyldan bäri söýgüli aýalym bar bärde. Ony bu öýe getirjek, sen ertir gelip, hemme goş-golamyňy, kiçi gyzyňy hem alyp, öýümden gümüňi çek' diýip, meni öz öýümden çykaryp kowdy" diýip, zenan gürrüň berdi.

Ol muny 'hyýanatçylyk' diýip, atlandyrdy we özüne örän agyr degendigini aýtdy.

"Uly gyzym eýýäm iki ýyldan bäri Buharada institutda okaýardy, kiçi gyzym hem 1 ýyldan mekdep okuwyny tamamlaýardy. Şeýle jogapkärli pursatda ärim meni köçede galdyryp, başga aýal bilen ýaşamagy 14 ýyllap Türkiýede çeken zähmetimi, ýitiren saglygymy, ýaş ömrümi küle öwürdi" diýip, Nasiba aýdýar.

Nasiba indi 3 ýyldan bäri öýsüz we işsiz zordan gün görýär. Ol äriniň ikinji aýal edinmeginden şikaýat edip, häkimiýet edaralaryna hem ýüz tutupdyr, emma kanun esasynda goldaw tapyp bilmändir.

"Kazyýete, polisiýa ýüz tutanymda, 'jaý seniň äriň adynda, seniň ol öýe goşan goşandyňy resmi taýdan tassyklaýan resminamalar barmy? Ýok! Kiçi gyzyňa 18 ýaşyna çenli 4 aý aliment töläpdir. Indi galanyny özüni bil' diýip, meniň kiçi gyzym bilen köçede galanyma hiç hili kömek bermediler" diýip, zenan gürrüň berýär.

Häzir Nasiba onuň uly gyzy kömek berýär. Ol Buharada iki işde işläp, agyr zähmet şertlerinde işläp, okuw tölegini töläpdir we ýokary bilimini alypdyr. Ol ejesine we jigisine ujypsyzja bolsa-da kömek edýär.

Kanun bar-da gorag ýok

Nasibanyň düşen halyna meňzeş ýagdaýlar Türkmenistanda az däl.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda köpaýallylyk bikanun bolsa-da, onuň häkimiýetler we jemgyýet üçin syr däldigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, köp halatlarda resmi hasaba alynmazdan, dini nika bilen maşgala gurulýar.

Diňe bir gurply ýa-da wezipeli adamlar däl, eýsem ilatyň beýleki gatlaklarynda hem köpaýallylyk barha ýaýbaňlanýar, olaryň hatarynda zähmet migrasiýasyna çykan aýallar hem bar. Türkmenistanda galan ärleri olaryň üstüne ikinji aýal alýarlar we işläp pul ugradýan aýallarynyň gazanjyny ulanýarlar, emma olar maddy girdeji getirmese olardan soň ýüz öwürýärler diýip, habarçylar belleýär.

Türkmenistanda köpaýallylyk kanun taýdan gadagan edilýär, munuň bilen bagly düzgünler we termin 2018-nji ýylda Türkmenistanyň maşgala kodeksine girizildi.

Emma ýerli häkimiýetler bu meselede migrant zenanlara kömek berip bilmeýärler. Türkmenistanly synçy ýurtdaky ykdysady we maliýe şertleriň adamlaryň kanuny hukuklaryndan peýdalanmagyna päsgel döredýändigine ünsi çekýär.

"Bankyň üsti bilen pul geçirip bolmaýar, geçiren ýagdaýynda hem walýutanyň resmi kursy hakyky bazar kursundan 6 esse az. Şol sebäpli hem adamlar pullaryny elden iberip, netijede hiç hili resminamasyz galýar, şol sanda öz jaýynyň gurluşygyna goşan goşandyny hem subut edip bilmeýär".

Näme sebäp bolýar?

Köpaýallylygyň ýaýramagynyň sebäplerini ilkinji nobatda ykdysady kynçylyklar bilen baglanyşdyrýarlar. Synçylar ony "syýasy basyşyň netijesinde ýüze çykýan sosial problema" diýip hem häsiýetlendirýärler.

"Sebäbi, ýurtda işsizligiň derejesi örän ýokary, jaý meselesi çözmesi kyn problema bolup galýar, ýurtdaky ählumumy korrupsiýa we eden-etdilik netijesinde ilat üçin hiç hili sosial ýeňillikler ýa maksatnamalar galmady. Iň bärkisi, zähmet migrasiýasyna çykan raýatlara hem hiç hili kanuny kömek berilmeýär" diýip, synçy aýdýar.

Ol agyr durmuş reallyklaryny dolulygyna inkär edip gelýän döwlet syýasatynyň adamlaryň agyr psihologik, är-aýal gatnaşyklary, maşgala ýagdaýlary boýunça ýüze çykýan meselelerine hiç hili duýgudaşlyk bildirip bilmeýändigini we çözgüt tapmakda kömek etmeýändigini belleýär.

"Adamlar özlerini gynaýan, duýguly soraglaryna hiç hili jogap alyp bilmeýärler. Köp aýallylyk, hyýanat, maşgala gymmatlyklary barada aç-açan, adamlara ýakyn we düşnükli dilde, bar bolan kynçylyklary boýun almak terzde hereket edilmeýär we bu meseleler türkmen jemgyýetini içinden çüýredýär" diýip türkmenistanly intelligensiýa wekili öz pikirini paýlaşdy.

Anonimlik şertinde pikirini aýdan synçynyň sözlerine görä, beýleki bir tarapdan, ikinji aýal bolmaga razy bolýan aýallaryň kynçylyklary barada hem jemgyýetde ýeterlik diskussiýa edilmeýär. Ol ikinji aýal roluna, köplenç, garyp maşgalalaryň gyzlary, ärden aýrylan aýallar, hatda student gyzlar razy bolýarlar diýip, olaryň hem şu ýola hut ýeter-ýetmezçilikden, garyplykdan, bilimsizlikden düşýändiginiň boýun alynmaýandygyna ünsi çekýär.

Azatlygyň habarçylary zenanlaryň arasynda biriniň ikinji, üçünji aýaly bolmaga höwesiň artýandygyny mundan öň birnäçe gezek habar beripdi. "Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, agyr durmuş köp gyzlary we dul galan gelinleri biriniň 2-nji, ýa-da 3-nji aýaly bolmaga mejbur edýär” diýlip, habarçylaryň maglumatlarynda bellenipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG