Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diego Maradona aradan çykdy


Argentinanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany we baş tälimçisi Diego Maradona aradan çykdy, diýip Argentinanyň Clarin neşiri habar berýär. Meşhur futbolçy 60 ýaşyndady.

Noýabr aýynyň başynda Maradona beýnisine gan urup, keselhana ýerleşdirildi. Futbolçy subdural gematoma sebäpli operasiýa edildi we 11-nji noýabrda keselhanadan çykdy. Şu gün irden onuň ýüregi durup, agyr ýagdaýda keselhana äkidilendigi habar berildi.

Maradona, futbolçy hökmünde Argentinanyň we Ispaniýanyň futbol klublarynyň, esasanam "Barselona" we "Sewilýanyň" abraýyny gorady we karýerasynyň iň üstünlikli bölegini "Napolide" geçirdi. Argentinanyň milli ýygyndysynda futbolçy 91 oýun oýnady, 34 pökgi urdy we 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda altyn, 1990-njy ýylda dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy. 1994-nji ýyldaky dünýä çempionatynda synagda onuň bikanun derman serişdelerini ulanandygy anyklandy we ol 15 aýlap diskwalifikasiýa edildi.

Futbolçy hökmünde çykyş edenden soň, Maradona birnäçe gezek tälimçilik karýerasyna başlady. 2008-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli Argentinanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etdi we 2019-njy ýyldan "La Plata" şäherinden "Himnasiýa" kluby bilen işledi.

Diego Maradona iň soňky gezek 30-njy oktýabrda, Argentinanyň çempionatynyň 1-nji tapgyrynda "Himnaziýa we Esgrima" komandasynyň "Patronato" bilen geçiren oýunda köpçülige göründi. Bu oýun Maradonanyň 60 ýaşyna bagyşlanypdy. Ýaryşdan öň futbolça ýadygärlik tagtasy gowşuryldy. Diego saglyk ýagdaýynyň erbetdigini aýdyp, oýuna tomaşa etmek üçin galmady. Soňra onuň Buenos Aýresden bir sagat uzaklykda ýerleşýän La Plata şäherindäki Ipensa klinikasyna äkidilendigi habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG