Barak Obama 2008-nji ýylyň 4-nji noýabrynda saýlawda ýeňiş gazanyp, Bireleşen Ştatlaryň 44-nji prezidenti boldy. Illinoýs statyndan bolan demokrat senatoryň ilkinji garaýagyz kandidat hökmünde prezidentligi gazanmagy taryhy waka bolup, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Obama özünden öňki prezident Jorj Buşdan kynçylykly problemlar miras galdy: ýaramaz ykdysadyýet, Yrak we Owganystanda barýan uruşlar. Galyberse-de, “terrora garşy uruş” sebäpli Birleşen Ştatlaryň abraýyna halkara derejesinde zyýan ýetipdi. Ine, Obamanyň prezidentlik döwrüniň iň möhüm pursatlaryndan suratlar:
Obamanyň prezidentligi suratlarda
5
2009-njy ýylyň 25-nji sentýabry, Obama G20-niň Pittsburg, Pensilwaniýada geçen sammitinde podiumy Fransiýanyň prezidenti Nikola Sarkoza geçirýär, Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Brown hem gapdalda dur. Liderler bu sammitde Eýranyň ozal gizlin bolan ýadro desgalary hakda çykyş edip, Eýrandan ýadro işleriniň alnyp barylýan ýerleriniň barlanmagy üçin halkara inskepktorlary bilen hyzmatdaşlyk etmegi talap etdiler.
6
Obama 2009-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berleninden soňra Owal ofisde telefonda gürleşýär. Bu sylag oňa wezipe başyna geleninden dokuz aý soňra berildi, dünýä liderleri ony global parahatçylygy ösdürmekde öz wadalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdylar.
7
Prezident 2010-njy ýylyň 30-njy martynda saglygy goraýyş we magaryf üpjünçilgi baradaky kanuna gol çekeninden az wagt soňra Aleksandriada, öz tarapdarlarynyň biri we onuň çagasy bilen salamlaşýar. “Obamacare” diýip tanalýan saglyk kanuny ozal ätiýaçlandyryş mümkinçiligi bolmadyk takmynan 20 million adamy öz içine alýar.
8
2010-njy ýylyň 28-nji maýy, BP-niň “Deepwatar Horizon” buraw desgasynda bolan we Amerikanyň taryhynda iň ýaramza nebit heläkçiligine getiren partlamadan soňra Obama Port Forçon plýažyna aýlandy.