Barak Obama 2008-nji ýylyň 4-nji noýabrynda saýlawda ýeňiş gazanyp, Bireleşen Ştatlaryň 44-nji prezidenti boldy. Illinoýs statyndan bolan demokrat senatoryň ilkinji garaýagyz kandidat hökmünde prezidentligi gazanmagy taryhy waka bolup, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Obama özünden öňki prezident Jorj Buşdan kynçylykly problemlar miras galdy: ýaramaz ykdysadyýet, Yrak we Owganystanda barýan uruşlar. Galyberse-de, “terrora garşy uruş” sebäpli Birleşen Ştatlaryň abraýyna halkara derejesinde zyýan ýetipdi. Ine, Obamanyň prezidentlik döwrüniň iň möhüm pursatlaryndan suratlar:
Obamanyň prezidentligi suratlarda
9
Prezident bilen onuň milli howpsuzlyk topary Ak tamda birinji maýda Pakistanyň Abbottabad şäherinde Osama bin Ladeniň bolýan ýerine edilen hüjümi wideo üsti bilen yzarlaýarlar. Bu hüjümde Al-Kaýdanyň liderinden başga dört adam öldürildi.
10
2012-nji ýylyň 1-nji ýanwary, Obama Gawaýda, Kaneohe aýlagynda suwa düşýär. Ol Amerikanyň Gawaýda doglan ilkinji prezidenti, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň 48 kontinental ştatyndan daşarda doglan ilkinji prezidenitidir.2012-nji ýylyň 1-nji ýanwary, Obama Gawaýda, Kaneohe aýlagynda suwa düşýär. Ol Amerikanyň Gawaýda doglan ilkinji prezidenti, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň 48 kontinental ştatyndan daşarda doglan ilkinji prezidenitidir.
11
Obama 2012-nji ýylyň 6-njy noýabrynda ikinji gezek prezidentlige saýlananyndan soňra gazanylan ýeňiş mynasybetli Çikagoda söz sözlände konfetti seçilýär.
12
Obama 2012-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Newtown şäheriniň (Konnektikut) Sandy Hook başlangyç mekdebinde bolan ok atyşykda pida bolanlara “çuň gynanç” bildirdi. Bir adam mekdebiň okuwçylaryny we işgärlerini oka tutup, 18 çagany we ýene 8 adamy öldürdi.