Barak Obama 2008-nji ýylyň 4-nji noýabrynda saýlawda ýeňiş gazanyp, Bireleşen Ştatlaryň 44-nji prezidenti boldy. Illinoýs statyndan bolan demokrat senatoryň ilkinji garaýagyz kandidat hökmünde prezidentligi gazanmagy taryhy waka bolup, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Obama özünden öňki prezident Jorj Buşdan kynçylykly problemlar miras galdy: ýaramaz ykdysadyýet, Yrak we Owganystanda barýan uruşlar. Galyberse-de, “terrora garşy uruş” sebäpli Birleşen Ştatlaryň abraýyna halkara derejesinde zyýan ýetipdi. Ine, Obamanyň prezidentlik döwrüniň iň möhüm pursatlaryndan suratlar:
Obamanyň prezidentligi suratlarda
13
2014-nji ýylyň 1-nji marty, Obama ukrain krizisiniň barha güýjemegi sebäpli Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşýär. Bu krizis amerikan-ors gatanyşklaryny has-da dartgynlaşdyrdy. 18-nji martda Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdirdi.
14
2014-nji ýylyň 15-nji dekabry, prezident Wrightstowndaky (Nýu Jersi) habry bazada eden hyzmatlary üçin esgerlere minnetdarlyk bildirýär. Obama 28-nji dekabrda Amerikanyň Owganystandaky harby missiýasynyň tamamlanandygyny yglan edeninden soňra bu baza bardy.
15
2015-nji ýylyň 8-nji iýuny, G7-niň Germaniýanyň Garmiş-Patenkirhen şäheriniň golaýynda geçen sammitinden soňra german kansleri Angela Merkel Obama bilen gürleşýär.
16
2015-nji ýylyň 15-nji iýuly, Obama Waşingtonda ondan bir gün ozal Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy barada soraglara jogap berýär. Dünýäniň güýçli döwletleri sanksiýalary ýeňledip, Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça Eýran bilen ylalaşdylar.